|

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Soltanyň Kudusy we töwereginiň dolandyryşyny düzgün-tertibe salyp, Damaska gaýdyp gelmegi

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Soltanyň Kudusy we töwereginiň dolandyryşyny düzgün-tertibe salyp, Damaska gaýdyp gelmegi SOLTANYŇ KUDUSY WE TÖWEREGINIŇ DOLANDYRYŞYNY DÜZGÜN-TERTIBE SALYP, DAMASKA GAÝDYP GELMEGI

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Soltanyň Kudusy we töwereginiň dolandyryşyny düzgün-tertibe salyp, Damaska gaýdyp gelmegi

Soltan ýaraşyk şertnamasy güýje girensoň Halypa Nasyra bir hat ýazyp, bolup geçen wakalary we şertnamanyň mazmunyny oňa habar berdi. Mundan soňra edilmeli iň möhüm iş Askalanyň diwarlarynyň we galalarynyň ýykylmagydy. Soltan Askalana Gazza we Daruma Alemeddin Kaýsary häkim belläp, oňa 1192-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda daşçylary we partladyjylary berip, Askalana iberdi. Musulmanlar ýewropalylar bilen bilelikde gysga wagtyň içinde Askalanyň diwarlaryny we galasyny ýykdylar. 9-njy sentýabrda Soltan şertnamanyň doly güýje girendigini görüp, Remleden Natruna gaýtdy. Uzak ýerlerden gelen esgerlere ülkelerine gitmeklerine rugsat berdi. Iki tarapyň esgerleri biri-birlerine garaşyp, baýramçylyk geçirdiler. Musulman täjirleri söwda üçin Ýafa, hristianlar bolsa haç üçin Kudusa bardylar. Şol gije Riçard, Genrih de Şampagne we beýleki haçlylar Akka tarap gitdiler. Riçard 9-njy iýula çenli Akkada bolup, ýanyna musulmanlardan gaçyp, özüniň hyzmatyna giren bir ýüz ýigrimi hyzmatkäri hem alyp, gämi bilen öz ülkesine gitdi. Onuň gämisi ýolda deňizde turan harasat sebäpli gark boldy. Riçard birnäçe kişi bilen zordan halas bolup, gury ýere çykdy. Eşiklerini üýtgedip Awstriýanyň topragyna girdi, soň bolsa Wenadaky bir meýhanada tutuldy. Ony Akkada göwnüne degen, Awstriýa gersogy Leopoldyň ýanyna getirdiler we zyndana saldylar. Ol 1194-nji ýylyň martynda uly möçberde fidýe tölenip, ýesirlikden halas edildi. Ol 1199-njy ýylyň 26-njy martynda galanyň gabawy wagtynda degen ok sebäpli wepat boldy.
Soltan 13-nji sentýabrda, ýekşenbe güni dogany Adyl bilen Kudusa bardy. Şäheriň diwarynyň, garymlarynyň we beýleki gurluşyk işleriniň tiz gutarylmagyna tabşyryk berdi. Şäheriň häkimi Husameddin Saýaruk Türkmeniň häkimligi taşlap, galan ömrüni ybadat we haýyr işleri bilen geçirjekdigini aýdansoň, Soltan onuň ýerine Yzzeddin Jurdigi Kudusyň häkimligine belledi. Şäheriň şihneligine Seýfeddin bin Meştup bellenildi. Patrikler köşgüniň sopular üçin hanaka öwrülmegini tabşyrdy. Şäherdäki haýyr-sahawat guramalaryna wakf ýerlerini berdi. Alameddin Kaýsara Askalanyň we töweregindäki obala-ryň daýhanlaryna kömek berilmegini we sebitde ekerançylygyň ösdürilmegi üçin güýç-gaýratynyň sarp etmegine görkezme berdi.
Soltan ýaraşyk şertnamasyndan soňra, Ibn Şetdadyň maslahaty bilen haja gitmek isledi. Ýöne wezir Kazy Fadyl we beýleki tejribeli, döwlet işgärleri ülkede şunça iş ýatyrka, haja gidip, merkezden uzaklaşmagynyň ýalňyşdygyny, uzaga çeken söweşlerden soňra weýran bolan ülkäniň dolandyrylyşynyň tertip-düzgüne salynmagynyň haj etmekden has ähmiýetlidigini aýtdylar. Soltan hem mundan soňra haja gitmegi goýbolsun edip, ülkäniň dolandyryş işleriniň düzgün-nyzamy bilen meşgullandy. Kazy Fadyl Damaskdan bu mesele bilen baglanyşykly Soltana ýazan hatynda, birnäçe meseleleri agzandan soňra: «Halkyň arz-şikaýatlaryny çözmek ähli ybadatdan möhümdir. Damaskyň oba daýhanlarynyň arz-şikaýatlary, ykta eýeleriniň halka gysyş görkezilmegi ynsaba sygýan zat däldir. Berada jülgesinde elmydama dawa-jenjel bar. Bu meselede çäre görýän ýok. Musulmanlaryň azyga mätäç we dikeldilmegi zerur bolan birnäçe serhetýaka ýerleri bar. Döwlet hazynasynyň boşap galmagy bolsa iň uly howpdur. Guluňyz sizden kömek soramaýar, ol işleri ýöretmäge synanyşýar».
Mälik Adyl 3-nji oktýabrda Soltandan rugsat alyp, Kerek-Şewbekdäki we Belkadaky topraklaryny düzgün-tertibe salmaga gitdi. 8-nji oktýabrda Mälik Zahyr Halaba, 13-nji oktýabrda bolsa Mälik Afdal Damaska gitdiler. Ibn Şetdadyň aýtmagyna görä Zahyr ýanyndan gitjek mahaly kakasy oňa: «Allatagaladan gorkmagyňyzy maslahat berýärin, ähli haýyr işleriň başy şoldur. Gan dökmekden gaça dur! Sebäbi gan uklamaýar. Halkyň göwnüni hoşwagt et we olaryň durmuşy bilen gyzyklan. Emirleriň, döwlet işgärleriniň göwnüni awlamaga synan! Men ähli üstünliklerimi ynsanlaryň göwnüni hoşwagt edip gazandym. Hiç kimden kine saklama. Ynsan haklaryndan daş dur, çünki ynsan haky diňe ynsanlaryň razyçylygyny almak bilen aýrylýandyr. Allatagalanyň haky bolsa, diňe çyn ýürekden toba etmek bilen bagyşlanýandyr».
Soltan serhetýaka galalaryny düzgün-tertibe salansoň, Damaska gitmegi, ol ýerde birnäçe gün bolup, Müsüre gitmegi we bu ýeriň dolandyryş ulgamyny täzeden gözden geçirmegi maksat edinýärdi. Şol maksat bilen ýanyna Nablus häkimi Seýfeddin bin Meştuby alyp, 14-nji oktýabrda Kudusdan çykdy. Ertesi gün Nablusa bardy. Nablus halky şäher häkimi Seýfeddin bin Meş-tubyň salýan salgydyndan nägilediklerini aýtdylar. Soltan onuň artykmaç salgytlaryny aýyrdy, meştuba bolsa halka garaşyk etmegini talap etdi. Soltan 17-nji oktýabrda, sişenbe güni ol ýerden Jinin şäherine tarap gitdi. Ertesi gün Banýasa bardy. Weýran bolan Banýas galasynyň dikeldilmegine buýruk berdi. Soň bu ýerden Köwkebe geçdi. 19-njy oktýabrda Tabaryýa bardy. Şol gün 80 000 dinar fidýe tölenip, ýesirlikden boşadylan Garaguşa uly hormat goýdy. 20-njy oktýabrda Garaguş bilen bile Safada, 21-nji oktýabrda bolsa Tybnine bardy. Safad we Tybnin galalarynyň ýykylan ýerleriniň bejerilmegine buýruk berdi. 22-nji oktýabrda Tybnyndan göçüp, 27-nji oktýabrda Beýruta bardy. Soltan ol ýerdekä, 28-nji oktýabrda Antakyýe patrigi Bohemund dergähine gelip, özüniň tabynlygyny beýan etdi. Soltan Bohemunda we ýanyndakylara halat ýapyp, hormat bildirdi. 29-njy oktýabrda Beýrutdan çykyp, Damaska gaýtdy. 1192-nji ýylyň 2-nji noýabrynda, çarşenbe güni Damaska geldi. Soltan damasklylar tarapyndan uly joşgun bilen garşy alyn-dy. Soltan 1189-njy ýylyň 21-nji aprelinde, Damaskdan iň soňky gezek Şakyfy-Arnun galasyny gabamak üçin çykypdy we şondan bäri üç ýyl ýedi aýlap söweş meýdanynda bolupdy.
__________________________
Feth kussi, 606-609 s.
Rawzateýn, II, 205 s.
Ibn Şetdat, 239 s.
Taryhy makalalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle