| |

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň taryh sahnasyna çykmagy we onuň müsür ýörişleri

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň taryh sahnasyna çykmagy we onuň müsür ýörişleri SALAHADDINIŇ TARYH SAHNASYNA ÇYKMAGY WE ONUŇ MÜSÜR ÝÖRIŞLERI

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň taryh sahnasyna çykmagy we onuň müsür ýörişleri

Damask üçin göreşden puç çykan haçlylar indi Müsüre göz dikdiler. Eger olar baý we giň Müsür topraklaryny basyp alsalar, onda Nureddine garşy strategiki taýdan üstünlik gazanandyklaryny görkezjekdi. Müsür Nureddiniň tarapdarlarynyň golastyna geçäýse, onda iki oduň arasynda galýardylar. Şonuň üçin olar 1153-nji ýylda Askalany eýeläp, Palestinadan Müsüre gidýän öňlerindäki iň soňky böwedi hem aýrypdylar. Müsürdäki syýasy ýagdaý we häkimýet ugrundaky söweşleri hem bu işiň kyn düşjekdigini aňladýardy. Şonuň üçin 1160-njy ýyldaky bulam-bujarlyk sebäpli Boduin Müsüre ýöriş etmäge taýýarlanyp başlady. Onuň ýerine geçen dogany Amaury 1163-nji ýylda fatymylaryň sözlerinde durmandyklaryny bahana edip, Müsüre ýöriş etdi we Bilbis şäherini gabady. Fatymy wezir Dirgam Niliň bentlerini açyp, haçlylary bu gabawy aýyrmaga mejbur etdi.
Ikinjiden bu ýagdaýyň howpludygyna göz ýetiren Nureddin, apbasly halypasy Mustagzy we Müsürdäki sünniler hem Müsüriň haçlylara geçmegini islemeýärdiler. Ýöne bu iş aňsat däldi. Sebäbi aralykda haçlylar bardy. Üç ýüz ýyllap höküm süren Fatymy häkimýeti halka täsir edip bilmändi. Fatymy halypasy Mustanzyryň weziri Bedrul-Jemaly Müsürde halypalaryň abraýyny gaçyrypdy. Ülkäni iş ýüzünde «Soltan» derejesini göterýän wezirler ýöredýärdi. Uly goşunbaşylaryň arasyndan gylyjy ýiti bolan wezirleriň adyna zikge kakylyp, hutbada halypanyň adynyň ýanynda ady okalardy. Bularyň köpüsi ülkäniň halky ýaly sünnüdiler. Iň soňky Fatymy weziri Talaýy bin Ruzzykyň 1161-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda öldürilenden soňra, onuň ýerine geçen ogly Ruzzyk ülkäni dolandyrmagy başarmady. Ýokary Müsürdäki Kus şäheriniň häkimi Şaweriň ýolbaşçylygynda uly gozgalaň boldy. Kaire hüjüm eden Şawer 1163-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Fatymy halypasy Azyt tarapyndan wezir bellenildi. Ülkäniň uly meseleleriniň üstüne Şaweriň açgözlügi bilen, onuň töweregindäkileri äsgermezligi hem goşulansoň, bulam-bujarlyk has-da ýitileşdi. Beýleki wezir Ruzzyk öldürilenden soňra «Hajyp Hujjap» (Hajyplaryň hajyby) Dirgamyň ýolbaşçylygynda ýene-de gozgalaň turdy. Dirgam Şaweri agdaryp onuň ýerine özi wezir boldy. Şawer bolsa Nureddinden kömek soramak üçin Kairden gaçyp gitdi. Ol ilki Şarkydaky dogan-gardaşlarynyň ýanyna baryp, 1163-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda soňra Eýle we Wadyl-Araba ýoly bilen Damaska geldi.

• BIRINJI MÜSÜR ÝÖRIŞI

Nureddin Şaweriň gelmeginiň öňüsyrasynda Trablus graflygyna eden ýörişinde Hysnyl-Ekradyň ýanynda wizantiýalylaryň we haçlylaryň hüjümine duçar bolup, güýçleriniň bir bölegini ýitiripdi. Özi hem bir esgeriň kömegi bilen, onuň atyna münüp gaçypdy. Ony goran esger bolsa şehit edilipdi. Emma onda-da Müsüriň ähmiýetine gowy düşünýän Nureddin Şaweriň haýyşy-ny hökman kanagatlandyrmalydy. Çeşmeler Nureddiniň aralykda haçlylaryň bolandygy üçin Müsür ýaly ýat ülkä harby güýçlerini ibermek islemändigini nygtaýarlar. Biziň pikirimize görä bu meselede Nureddiniň seresaplylygynyň sebäbi, Şawerden müm-kin boldugyça köpräk bähbit gazanmak pikiri bolmaly. Netijede, iki tarapyň arasynda uzaga çeken gepleşiklerden soň, Şaweriň täzeden wezirlik wezipesini alma-gy üçin Nureddiniň iň uly serkerdesi Esededdin Şirkuhyň serkerdeliginde Müsü-re saýlanan harby goşuny ibermegi, munuň öwezine hem Şaweriň bu esgerlere Müsürde yktalar bermegi, Müsüriň salgytlarynyň üçden biriniň Nureddine tölenmegi, ýörişe gatnaşan güýçleriň serkerdeleginiň Müsürde Nureddiniň naýyby bolmagy we Şaweriň gönüden-göni Nureddinden buýruk almagy ýaly şertler bilen ylalaşyk gazanyldy. Soň-soňlar Salahaddin tarapyndan halypa iberilen bir hatdan belli bolşuna görä, Nureddin bilen Eýýuplylar Müsürdäki ýagdaýlara uly üns bilen gözegçilik edipdirler. Bu ýörişiň üstünlikli geçmegi üçin ähli mümkinçiliklerini ulanypdyrlar. Görlen taýýarlyklardan soňra, 1164-nji ýy-lyň 15-nji aprelinde penşenbe güni Şirkuhyň serkerdeligindäki, köpüsi oguzlardan ybarat bolan bir goşun bölümi Şawer bilen bile Müsüre tarap ýörişe ugrady. Ýaňy 27 ýaşyndaky Salahaddin kakasynyň doganyň golastyndaky serkerde-leriň hatarynda bolupdyr. Şirkuhyň serkerdeligindäki bu goşun Eýle, Sadr we Suweýşiň üstünden geçýän günorta ýoly bilen gidip, maý aýynyň 10-na Kairiň gündogaryndaky Bilbis şäherinde garaşyp duran uly Müsür goşunyny ýeňlişe sezewar etdiler. Aýtmaklaryna görä, Şirkuh bu uly goşuny gören wagty, howsala düşüp gorkupdyr. Şawer bolsa oňa: «Bu goşundan gorkma. Olaryň serkerdeleriniň iberen hatlary meniň ýanymda. Bularyň köpüsi tikinçi, daýhan we beýleki senetkärler. Bular surnaý çalsaň ýygnanyşar, gamçy görkezseň gaçarlar» diýipdir.
Şirkuh Bilbisiň öňündäki Müsür goşunyny ýeňenden soňra, Kairi gabady. Şawer 1164-nji ýylyň 25-nji maýynda täzeden Müsür wezirligine geçdi. Ýöne häkimýeti ele alansoň Nureddin bilen baglanyşylan ylalaşygy ýerine ýetirmedi we Şirkuhyň Müsüri terk etmegini isledi. Bu wakadan soň Şirkuh Müsürdäki sünniler bilen ylalaşyp, Bilbisi eýeledi. Salahad-dini Bilbisde birnäçe goşunyň ýolbaşçylygyna goýansoň, Kairi gabady. Şawer hem haçlylardan kömek sorady.
Haçlylar Müsürdäki bolup geçýän waka-lardan gözlerini sypdyrmaýardylar. Şaweriň kömek haýyşyna Korol Amauryň serkerdeliginde bir harby goşun Müsüre kömege geldiler. Şirkuh hem Kairiň gabawyny taşlap, inisi Salahaddini serkerde belläp giden ýeri bolan Bilbise gaýdyp geldi. Biblis şäheri Amaury we Şawer serkerdeligindäki haçly we Müsür esgerleri tarapyndan gabaldy. Şirkuh we onuň golastyndaky güýçler şäheri mertlerçe goradylar. Her gün şäheriň diwarlarynyň öňünde iki tarapyň arasynda çaknyşyklar bolýardy. Bu wakalar gidip durka, Nureddiniň Mosuldan we Artykly begliklerden alan güýçleri bilen Harym atly ýerde wizantiýalylary we haçly güýçlerini ýeňip, birnäçe şazadany we grafy ýesir alandygyny, soň bolsa Harymy eýeläp Banýasa ýöriş edendigini beýan edýän habar geldi. «Haçlylar tüwä diýip Dimýata gidip, öýle-rindäki bugdaýy aldyrypdylar». Ülkesine abanan howpy eşiden Amaury derrew yzyna dönmäge buýruk berdi. Netijede 1164-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Şaweriň Şir-kuha 30000 dinar öwez puluny bermegi, oguzlar bilen haçlylaryň ikisiniň hem Müsüri terk etmekleri we Müsürde Şaweriň häkimýet başynda galmagy şertleri bilen üç tarapyň arasynda ylalaşyk şertnama-syna gol çekildi. Şirkuh bilen Amaury gelen ýollaryndan yzlaryna gitdiler. 1164-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Şirkuh goşuny bilen Damaskda Nureddin tarapyn-dan garşylandy.
Bu ýöriş wagtynda Nureddiniň Wizantiýanyň haçlylara beren kömeklerine gara-mazdan, Harymda gazanylan uly ýeňiş musulmanlara strategik bähbidi üpjün etdi. Harym we Banýas ýaly örän möhüm bolan iki berk gala musulmanlaryň eline geçdi. Şirkuh bolsa Müsüriň eýesizdigini, Şaweriň Nureddin bilen haçlylaryň arasyndaky duşmançylykdan peýdalanyp, häkimýetini gorap saklamak isleýändigine göz ýetirdi. Şeýle hem ol Müsürdäki sünnilerden tarapdar gazandy. Salahaddin hem geljekde ynanyp boljak emirdigini görkezdi. Salahaddin 1165-nji ýylda Nureddin tarapyndan Damask şäheriniň şihneligine (goşunbaşylygyna) bellenildi.

• IKINJI MÜSÜR ÝÖRIŞI

Şirkuh Müsürden gaýdyp gelenden soňra boş durmady. 1165-nji ýylda Damask-Saýda ýolunda ýerleşýän Şakyfy-Tirun galasyny, yz ýanyndan hem Hawran deresini we Şakyfyň berk galalaryny haçlylardan gaýtaryp yzyna aldy. Ýöne bu ýeňişler bu beýik serkerdäni kanagatlandyrmaýardy. Onuň esasy maksady Müsürdi. Ol Müsüriň syýasy ýagdaýyny, baýlyklaryny ülke goşunynyň goramakdan ejizdigini görüpdi. Ol Müsürdekä fatymylara garşy sünni toparlar bilen gatnaşygyny kesmändi. Şeýle hem sözünde durmadyk Şaweriň kezzapçylygyny hem unutmaýardy. Ol Müsüri eýelemek meselesindäki pikirlerini gizlin saklamaýardy. Nureddini Müsüre täze ýöriş geçir-mäge razy etmäge synanyşýardy. Alymlaryň arasyndaky fatymylardan Müsüriň halas edilmegi bilen baglanyşykly ýöredilen wagyz hem oňa uly goldaw berýärdi. Şeýle-likde, Şirkuh 1165-nji ýylda Müsürden gaýdyp gelenden soňra, Müsürde Ýahýa bin Haýýatyň we Dirgamyň tarapdarlary Şawere garşy baş göteripdiler, ýöne üstünlik gazanyp bilmänsoňlar bularyň käbiri Damaska gaçyp gelipdiler.
Şirkuhyň Müsür baradaky pikirlerini we ülkede tarapdarlarynyň köpdüginden habar alan Şawer, ony Amaurydan hem has howply bir duşman hasaplamaga başlady. Ol haçlylar bilen gizlin ylalaşyk baglaşyp-dy. Onuň haçlylar bilen ylalaşygy Nureddini we Şirkuhy howsala düşürdi. Netije-de, Müsüre täze ýöriş etmeklik makullanyldy. Gerekli taýýarlyklar görlensoň, Nureddin 1167-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Şirkuhyň serkerdeligindäki 2000 kişilik saýlama atly goşunyny Damaskdan Müsüre ýollady. Bu goşunda Salahaddin, daýysy Şyhabeddin Mahmyt Harymy ýaly ýörite serkerdeleri bilen Şerefeddin Bozguş, Çawly, Gutlyaba bin Musa, Ibn Bähram ýaly memluk serkerdeleri hem bardy. Şahyr Arkalet Dymaşky bu ýagdaý mynasybetli ýazan kasydasynda Salahaddini we oguzlary wasp edipdir.
Nureddin birinji ýörişinde edişi ýaly, haçlylaryň Şirkuhyň ýoluna böwet boljaklarynyň öňüne geçmek üçin Rasul-Ma karargähinde ýerleşip, Kudus korollygynyň serhetlerini gözegçiligine aldy. Şirkuh haçly we Müsür güýçleriniň öňden geljek bolýandyklaryny eşidensoň, Bilbisiň günortasyndan geçip, 1167-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Kairiň günortasynda ýerleşýän Atfihden çykdy. Ol ýerden Niliň günbatar kenaryna geçip, bir aýdan soňra Jizýede düşledi. Ol ýerde 50 gün töweregi bolup, ülkedäki tarapdarlary bilen duşuşyk geçirdi. Şol wagt Şawer bilen haçlylar hem özara şertnama baglaşypdy. Şertnama görä, haçlylar eltjek kömekçileriniň öwezine Kairde bir bazar edinjekdiler we uly söweş pajyny aljakdylar. Şirkuh bolsa Nejmeddin bin Masalyň ýolbaşçylygynda Isgenderiýe şäheriniň ilaty bilen ylalaşdy we haçlylara garşy Şawer bilen ylalaşyk ýollaryny gözledi.
Şol wagtlar iki tarapyň arasynda kiçiräk möçberde çaknyşyklar bolup geçýärdi. Duşmanyň gämilerden köpri ýasap, Niliň günbatar kenaryna geçendigini eşiden Şirkuh, günorta çekildi. Edilmeli işler barada serkerdeler bilen maslahatlaşdy. Köpçülik ýurtlaryndan uzakda bolan 2000 kişiniň on müňlerçe duşman goşuny bilen söweşmeginiň ýeňliş bilen gutarjakdygyny, iň gowusy yza Damaska dolanma-lydygyny düşündirdiler. Ahyrsoňy söz alan Şerefeddin Bozguş: «Ölmekden, ýara-lanmakdan gorkan kişiler hökümdarlaryň hyzmatynda bolmasynlar. Olar ýa daýhan bolsunlar, ýa-da öýlerinde aýallary bilen otursynlar. Eger ýeňiş gazanmazdan ýa-da ýeterlik hasaplanjak haýsydyr bir sebäp ýok wagty yzymyza gaýtsak, onda Nureddin elimizdäki yktalarymyzy we bize berlen zatlary alar. Şu wagta çenli ulanan ähli mallarymyzy we pullarymyzy yzyna alar. Bize: «Musulmanlaryň mallaryny (pullaryny) iýýärsiňiz, duşmanlarymyzdan gaçýarsyňyz, Müsür ýaly ülkäni kapyrlara berdiňizmi? diýer» diýdi. Esededdin Şirkuh bilen Salahaddin hem şol pikire goşul-ýandyklaryny aýtdylar. Mundan soňra olar duşmanyň üstüne hüjüm etdiler. Iki tarap 1168-nji ýylyň 6-njy aprelinde Merkezi Müsüriň Babeýn diýlen ýerinde duşuşdylar. Şirkuh duşmanyň özüniň ýerleşýän ýerine, merkeze hüjüm etjekdigini aňyp, merkeziň serkerdeligini Salahaddine tabşyrdy. Oňa hüjüm eden wagty duşmany biraz saklanyn-dan soň ýuwaş-ýuwaşdan yza çekilmelidigine görkezme berdi. Özi bolsa saýlama esgerlerini alyp, goşunyň sag ganatynda ýerleşdi. Duşman aýdylşy ýaly, merkeze hüjüm etdi. Salahaddin olar bilen biraz söweşden soň ýuwaş-ýuwaşdan yza çekildi. Duşmanyň bir bölegi oljany talamaga, Amaury serkerdeligindäki bir topar hem Salahaddiniň yzyndan kowmaga başlady. Şirkuh golas-tyndaky goşun bilen hüjüme geçdi, duşmanyň kimsini öldürdi, kimsini bolsa ýesir aldy. Esasy goşun bilen arasy kesilen Amaury yzyna öwrülensoň, Salahaddin we golastyndaky oguzlar hüjüme geçdiler, haçlylaryň kimisini öldürdiler, kimisini bolsa ýesir aldylar. Hatda korol Amaury hem zordan gaçyp halas boldy. Netijede, şeýle az goşun bilen duşmandan üstün çykdylar. Ibn Esir bu ýeňşi: «Iki müň atly goşunyň Müsüriň we kenarýaka haçlylarynyň esgerlerini ýeňmegi taryhda bolup geçen iň uly ýeňişleriň biridir» diýýär. Ýeňlişe sezewar bolan haçly Müsür güýçleri täzeden jemlenmek üçin Kairde ýygnandylar. Golastyndaky güýçleriň gabaw üçin ýeterlik däldigini gören Şirkuh ilki Feýýuma, soň bolsa Nejmeddin bin Masal tarapyndan dolandyrlan Isgenderiýä gitdi. Ol isgenderiýeliler tarapyndan uly şatlyk bilen garşylandy. Şirkuh şäherde gol gowşuryp oturmagy nädogry hasaplap, Sala-haddiniň serkerdeliginde 1000 töweregi atly bilen haçly ýesirlerini taşlap, beýleki esgerleri alyp Ýokary Müsüre gitdi. Ol ýeriň merkezi bolan Kus şäherini basyp aldy. Şol döwre çenli Kairde özlerini düzgün-tertibe salan Şawer bilen Amaury 1167-nji ýylyň aprel aýynyň aýaklarynda Salahad-din tarapyndan goralýan Isgenderiýe şäherini gabadylar. Gabaw iýul aýynyň ahyrla-ryna çenli dowam etdi. Şäherde azyk ýetmezçiligi zerarly Salahaddin agasy (kakasynyň dogany) Şirkuhdan kömek sorady. Ymadeddin al-Kätip Yspyhanlynyň aýtmagyna görä, gabawdakylaryň ýagdaýy teň däldi. Şirkuh ýygnan täze güýçlerini ýanyna alyp, Kaire ýöneldi. Muny eşiden ýaranlar (Müsürleriň we haçlylar) goşunlarynyň bir bölegini Kairi goramak üçin yza iberdiler. Käbir taryhçylaryň aýtmagyna görä, Şirkuhyň kömege gelmegi bilen haçly Müsür güýçleri gabawdan aýrylypdyrlar. Şeýle hem şol wagtlar Amaury ýurdundan gelýän erbet habarlary eşidýärdi. Nureddin hem Mosuldan alan goşmaça güýçleriniň hem gatnaşmagynda Trablus graflygynyň üstüne ýöriş geçirip Halba, Ureýma we Safita galalaryny eýeledi. Ol 1167-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Hunin galasyny weýran edip soňra, Beýruta howp salýar. Şirkuhyň az möçberdäki esgerleri hem uzaga çeken söweşlerden ýadapdylar. Olaryň käbirlerini Şawer altyn-kümüş bilen azdyryp, öz tarapyna çekipdi. Netijede, iki tarapyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra aşakdaky şertler boýunça ylalaşylyp, bir şertnama gol çekildi.

1. Şirkuh we Amaury ikisi hem bir wagtyň içinde Müsürden öz ülkelerine gaýtmalydyrlar, basyp alan ýerlerini Şawere goýmalydyrlar.
2. Haçly ýesirleri yzyna berilmelidir. Munuň öwezine haçlylar Isgenderiýede ýaralanan we hallary teň bolan musulman esgerlerini gämiler bilen Akka alyp gitmeli we olaryň Şama gaýdyp barmaklaryna kömek etmelidir.
3. Isgenderiýe Şawere yzyna gaýtarylyp berilmelidi, ýöne Şawer Şirkuhyň tarapyny tutan ýerlilere jeza bermeli däldir.
4. Şawer Şirkuhdan Müsürde bolan wagtlary ýygnan salgytlaryny yzyna almaly däldir. Şeýle hem Şawer Şirkuha 50000 dinar, Amaura 30000 dinar söweş pajyny bermelidi.

Ylalaşyga gol çekilenden soňra Salahaddin 1167-njy ýylyň 4-nji awgustynda Isgenderiýäni Şawere tabşyryp, esgerleri bilen Bilbisde garaşýan agasynyň ýanyna bardy. 10-njy awgustda bolsa oguzlar bilen haçlylar Müsüri terk etdiler. 1167-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Şirkuh bilen Salahaddin oguzlara serkerde bolup Damaska girdiler.
Bu gezek hem ýene ýeňiş gazanan Şawer bolupdy. Salahaddin bolsa Babeýn söweşinde, Isgenderiýe goragynda, Isgenderiýäniň eteginde Amaury bilen geçiren geple-şiklerinde özüniň ukyply serkerde we ilçidigini görkezipdi. Ýörişden gaýdyp gelensoň Nureddin Rahbanyň we Tedmuryň üstüne goşmaça Humsy Şirkuha, Zerdanany we Medkini Salahaddine ykta berdi. Şol ýyla Damaska gelip, Nureddiniň diwanynda işläp başlan taryhçy Ymadeddin Kätibiň aýtmagyna görä, Salahaddin Nureddiniň iň uly emirleriniň we kömekçileriniň biridir. Nureddin söweş we asudalyk wagtlary ony öz ýanyndan aýyrmaýar eken. Onuň bilen köplenç at üstünde çowgan oýnaýar eken.

• ÜÇÜNJI MÜSÜR ÝÖRIŞI WE MÜSÜRIŇ EÝELENMEGI

Şawer öz häkimýeti üçin Şirkuha iň howply garşydaş hökmünde garap başlady. Şonuň üçin hem Şirkuh yzyna gidenden soňra, ol we onuň inisi Salahaddin bilen bile hereket eden Isgenderiýelileri jeza-landyryp başlady. Isgenderiýäniň diwan ýolbaşçysy bolan Ibn Kylawuzy öldürdi. Isgenderiýelileriň birnäçesi Nejmeddin bin Masalyň ýolbaşçylygynda Şama gaçdylar. Beýleki tarapdan Şawer bilen Amaurynyň arasynda Babeýn söweşinden öň ylalaşylan şertnama güýje girizildi we haçlylar Kairde bazar açdylar. Haçlylar Balian d’ Ibeliniň serkerdeliginde Kairiň goragy üçin Müsürde bir goşun bölümini goýdular. Emma Şaweriň ogly Kämil Şujag Nureddiniň tarapyny tutýardy. Nureddin bilen Şirkuh Müsürdäki bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýardylar, olar bu uly ähmiýeti bolan ülkäniň haçlylara geçmegini islemeýärdiler.
Şol mahallar Müsürde täze wakalar ýüze çykdy. Haçlylaryň öjükdirmegi bilen Ýahýa bin Haýýatyň ýolbaşçylygynda Şawere garşy gozgalaň turdy. Gozgalançylar islän netijelerini gazanyp bilmänsoňlar Kudus, haçly korollygyna gaçdylar. Bu wakadan soň Şawer bilen Nureddiniň arasyndaky gatnaşyklar täzeden ýola goýuldy. Şawer haçlylaryň ynamsyz adamlardygyna göz ýetirdi. Ol Kairdäki haçly goşunyny yzyna iberdi. Olara wada beren salgydyndan boýun towlady.
Bu ýagdaýdan howsala düşen korol Amaury we onuň baronlary Müsüri basyp almak üçin täze ýörişiň guralmagyna karar berdiler. Olar Wizantiýadan we Ýewropadan gelen täze haçly güýçleriniň kömegi bilen bu işi aňsat amala aşyrarys öýdýärdiler. Hatda heniz ýörişe çykmankalar, Amaury-nyň Müsür topraklaryny baronlarynyň arasynda paýlanmalydygy hem aýdylýardy. Wizantiýanyň bu oljadan paý almagyny islemeýän Amaury haçlylaryň we Müsürden gaçyp gelenleriň 1168-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Müsüre tarap ýörişe başlady. Ol ilki Şawere ilçi iberip, özüniň erbet niýetiniň ýokdugyny habar berdi.
Şawer ähli mümkinçiliklerini ulanyp, Bilbisiň goragy üçin ogly Tarynyň serker-deliginde bir goşun iberdi. Amaury 1168-nji 4-nji noýabrynda Bilbisi gabady. Birnäçe günden soň hem şäheri eýeläp, goragçylaryny gylyçdan geçirdi we köp ýesir aldy. Beýleki tarapdan Haçly harby floty Ortaýer deňzindäki Tinnisi basyp alypdy. Amaury bolsa Bilbisi alandan soň 13-nji noýabrda Kairi gabady. Amaurynyň Bilbisdäki gyrgynçylygyny gören Şawer bilen Fatymy halypasy Azyt hernäçe kyn bolsa-da, Kairi goramagy niýet etdiler. Ýigrimi bölekden ybarat haçly harby floty Dimýatdan Nile girmäge synanyşýardy.
Şawer bilen Azyt bir tarapdan çyknyşyk we gepleşik ýollary bilen Amauryny güýmäp, ikinji tarapdan bolsa Nureddine yzly-yzyna ilçi iberip, ondan kömek soradylar. Eger kömek etseler 1164-nji ýylda Nureddin bilen ylalaşylan şertnamany ýerine ýetirjekdiklerini habar berdiler. Iberilýän hatlarda eger tizden-tiz kömek gelmese, Müsüriň elden gitjekdigi aýdylýardy.
Bu wakalardan soň Nureddin bilen Esededdin Şirkuh Müsüre kömege gitmegi karar etdiler. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, haçlylaryň Müsürde edýän işlerini eşi-den Şirkuh bir gijäniň içinde Humsdan Damaska geldi. Ol Nureddine: «Haçlylar Müsüri eýelejek bolup durlar, senden başga müsürlilere kömek etjek ýok. Haçan esger ýygnap, haçlylary Müsürden kowup çykar-jak?» diýdi. Nureddin meseläni beýleki ähli emirleri bilen maslahatlaşdy we Şirkuha üçünji Müsür ýörişi üçin taýýarlanmagyna görkezme berdi. Nureddin Şirkuhyň golastyna 200 000 altyn dinar, gerekli ýaraglary, at, eşik we beýleki esbaplary berdi. Şirkuh türkmenleriň ýaşaýan ýerlerine gidip, olardan esger ýygnady. Taryhçy Ymadeddin bu meselede şeýle diýýär:
«Nureddin Jaber galasyny eýelänsoň Damaskyň günortasyndaky Fewwar karargähine geldik. Mundan birnäçe gün öň Sala-haddin Halapdan agasyna kömege gelipdi. Şirkuh Damaskyň daşynda ýöriş üçin ýygnan esgerleriniň serkerdesidi. Ýöriş uzak we kyn boljakdygy üçin esgerleriniň her haýsynyň aýlygyna 20 altyn goşuldy. Bu karargähde 5000-den hem köpräk atlynyň bardygyny ýüze çykardyk. Nureddin bularyň üstüne 2000 atly goşdy. Bu 2000 atly goşunyň emirleriniň arasynda uly serker-delerden Salahaddin, Aýneddöwle Ýaruky, Nasyheddin Humartegin, Kutbeddöwle Ýynal bin Hassan, Şyhabeddin Mahmyt Harymy, Seýfeddin Aly bin Meştup, Kutbeddin Hysrow bin Telil, memluk emirlerden Yzzedin Jurdik, Şerefeddin Bozguş, Garsed-din Gylyç ýaly meşhur serkerdeler hem bardy» .
Görnüşi ýaly, Şirkuhyň bu ýörişine 7 000-den hem gowrak atly goşun gatnaşýardy. Bularyň arasynda Şirkuhyň özüniň ýörite türkmen goşuny bolan esetliler hem bardy. Esetlileriň serkerdesi Bahaweddin Garaguş Esedidi. Bu esgerleriň köpüsi oguzlardan düzülendigi üçin Ibn Esir bu goşun oguzlaryň goşuny diýip ýazýar. Şirkuhyň serkerdeligindäki bu güýçler 1168-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Müsüre tarap ýola düşdüler. Nureddin bolup geçýän wakalara gözegçilik etmek üçin karargähde galdy. Şirkuh öňki ýoly bilen çalt hereket edip 1169-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Kaire bardy. Ol öňünden özüniň baş ymamy we baş ilçi Fakyh Zyýaýeddin Isany iberip, özüniň gelýändiginiň habaryny ýollady. Onuň gelýändigini eşiden Amaury 2-nji ýanwar güni yza çekilip başlady. Sebäbi onuň bilen bäs edip bilmejekdigini gowy bilýärdi.
Haçlylaryň Müsürden yza çekilmäge başlandygyny habar berýän çaparçy buşlukçylaryň gelmeginden soň, Nureddin daş-töwerege buşluknamalary iberip, ýeňiş habaryny iberdi. Şeýdip, Müsür üçin bu aýylganç söweşde Nureddin ýeňdi we Kudus haçly korollygy iki tarapdan gabalypdy. Müsüriň harby floty we baýlyklary Nureddiniň eline geçipdi. Mundan soňra musulmanlar haçlylara garşy söweşlerin-den harby flotdan hem peýdalanyp bil-jekdiler. 1169-njy ýylyň 10-njy ýanwa-rynda Fatymy halypasy Azyt Şirkuhy köşgüne çagyryp, oňa halat-serpaý ýapdy. Şawer Şirkuh bilen ýanyndakylara ýene-de hile gurmaga synanyşýardy. Olara berilmeli zatlary doly bermeýärdi.
Müsürdäki häkimýet ugrundaky söweşler we ýerli esgerleriň gopbamsylygy halky bizar edipdi. Şonuň üçin halypa bilen halk Şirkuha we onuň esgerlerine halasgär hökmünde garaýardylar. Sebäbi bu esgerler düzgün-tertiplidi. Halk bilen gowy gatnaşyk edýärdiler. Ikiýüzli syýasaty üçin halkyň gözünden düşen Şawer Şirkuha we oguzlara garşy dürli hileleri ulanyp başlady. Ýöne onuň ogly Kämil Şujag kakasynyň bu hileli pirimlerini täsirsiz ýagdaýa getirdi. Bu ýagdaýy we iki ýolbaşçyly häkimýetiň ülke üçin zyýanlydygyna göz ýetiren Salahaddin, Jurdik we Bozguş ýaly ýaş serkerdeler: «Bu iş şeýle ýagdaýda dowam edip bilmez. Ýanymyzda köp esger bar. Şawer diri bolsa, biziň ülkä eýe bolmagymyz mümkin däldir. Üstesine-de bize garşy her hili hileleri ulanyp dursa, hiç zat edip bilmeris» diýdiler. Netijede, Şaweri tussag etmeli diýip karar berdiler. 1169-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Şaweri tussag etdiler we bu ýagdaýy halypa habar berdiler. Halypa Azyt yzly-yzyna birnäçe çapar iberip, Şaweriň öldürilmegini sorady. Netije-de, Şawer öldürilip, kesilen başy halypa iberildi. Ülkede iň güýçli serkerdäniň wezir bellenilmek däbine görä, Halypa Azyt şol gün Şirkuhy köşge çagy-ryp, ony wezir diýip yglan etdi. Şeýdip, Şirkuh Nureddiniň Müsürdäki harby ser-kerdesi hem-de Fatymy halypasynyň weziri boldy. Şirkuhyň adyndan onuň işlerini ýörediji bolsa inisi Salahaddindi. Oňa «diwanyl-inşanyň» ýolbaşçysy Kazy Fadyl, «diwanyl-nazyryň» ýolbaşçysy Esir bin Bunan, Nejmeddin bin Masal we birnäçe ýerli sünni alymlar we serkerdeler kömek berdiler. Şirkuhyň golastyndaky gelen esgerlere hem öň berlen wada görä, yktalar berildi. Şeýdip Müsürdäki harby häkimýet oguzlaryň eline geçdi. Zenji we ermeni milletli esgerler hem bu ýagdaýlara gorky bilen seredip başladylar.
Şirkuh wezir bellenilenden soňra, uzak ýaşamady. Iki aý geçensoň, ýagny 1169-njy ýylyň 23-nji martynda, ýekşenbe güni ýürek agyry sebäpli ýogaldy. Ol iri bedenli, daýaw, esgerler tarapyndan halanýan serkerdedi. Onuň ýeke-täk ogly Nasyreddin Muhammet şol wagtlar Humsda şähere häkimdi. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle