Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň Apbasly, Wizantiýa we beýleki käbir döwletler bilen aragatnaşyklary
Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň Apbasly, Wizantiýa we beýleki käbir döwletler bilen aragatnaşyklary

SALAHADDIN BILEN APBASLY HALYPASYNYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR
Yslam dünýäsinde Apbasly halypasynyň adyna hutba okalan ülkelerde hakyky hökümdar halypa hasaplanýardy, hökümdar we Soltanlar bolsa onuň adyndan häkimýet hukugyny ýerine ýetirýärdiler. Halypalygyň ykrar edilen ülkelerinde hökümdaryň häkimiýetiniň kanuny bolmagy üçin halypa tarapyndan onuň hökümdardygyny tassyklanýandygyna degişli mülkiýetnama berilmelidi. Bu mülkiýetnamanyň halkyň hökümdara tabyn bolmagynda uly täsiri bardy. Şonuň üçin hökümdarlar halypa bilen aragatnaşyklaryna uly ähmiýet bererdiler, özlerini halypanyň hyzmatkäri hasaplaýardylar. Şu sebäpli Salahaddin halypa iberen hatlarynyň hemmesinde özi üçin: «Siziň hyzmatkäriňiz» diýen sözleri ulanypdyr.
Salahaddin Nureddin dirikä, Apbasly halypasy bilen gatnaşyklaryny onuň adyn-dan ýöredýärdi. Sebäbi Salahaddin Nured-diniň Müsürdäki naýybydy. Fatymy haly-palygy agdarylansoň, Apbasly halypasy Mustagzy özüniň ilçisi Ymadeddin Sandaldan Nureddiniň Şama we Müsüre häkimýetini ykrar edýän mülkiýetnama bilen hökümdarlyk nyşanlaryny iberdi. Salahaddine hem Nureddiniňki ýaly halatlar we hökümdarlyk nyşanlaryny iberdi. Salahad-dine iberilen halatlar 1172-nji ýylyň 8-nji martynda Kaire gelip gowuşdy.
Nureddiniň ölüminden soňra onuň ogly Mälik Salyha tabyndygy üçin, Salahaddin derrew Apbasly halypasy bilen gönüden-göni gatnaşyklara girişmedi. Haçanda Mälik Salyh we onuň töweregindäkiler bilen ylalaşyk umydyny üzensoň, 1175-nji ýylyň aprelinde ilçisi Şemseddin bin Abulmezany halypa Mustagza iberip, Nureddiniň mirasdüşeri hökmünde ykrar etmegini isledi. Halypa onuň haýyşyny kanagatlandyrdy. Bu ilçi bilen oňa Nureddiniň golastyndaky topraklaryň mülkiýetnamasy bilen hökümdarlyk nyşanyny iberdi. Bu topar 1175-nji ýylyň 6-njy maýynda Hamada gezip ýören Salahaddiniň ýanyna geldi. Netijede, Salahaddin resmi taýdan Nureddiniň mirasdüşeri hökmünde ykrar edildi. Bu ilçi topary Nasyreddin Muhammet bin Şirkuha hem ikinji derejeli halat-serpaý getirdi. 1178-nji ýylyň aprel aýynda halypanyň weziri Zahyreddin bin Attar tarapyndan Damaskda gezip ýören Soltana ilçi topary iberildi. Şol wagt Şemseddin bin Abulmaza ýogalypdy we onuň ýerine ilçilik wezipesini Zyýaýeddin bin Şährizury bellenildi. Soň-soňlar hem Soltan bilen halypanyň arasyndaky ilçilik wezipesini bu kişi ýerine ýetirdi. Şeýle hem 1179-njy ýylda Damaska Fazyl Hadem ilçi hökmünde iberildi.
1180-nji ýylyň martynda halypa Mustagzy ýogaldy. Onuň ýerine ogly Nasyr Apbasly halypasy boldy. Nasyr kakasy ýaly ugurtapyjy we pespäl däldi. Ýönekeý bir hökümdardy. Ol ilçi hökmünde uly abraýa eýe bolan Bagdadyň şyhyl-şuýuhy (şyhlaryň şyhy) Sadreddin Abdyrahym bilen Şyha-beddin Beşir Hassy belledi. Bu iki ilçi 1180-nji ýylyň noýabr-dekabr aralygynda täze halypadan Soltana mülkiýetnama we hökümdarlyk nyşanlaryny getirdiler. Hatda şyhyl-şuýuh Soltan bilen Müsüre hem gitdi.
Şyhyl-şuýuh 1182-1184-nji ýyllarda mosullylar bilen Soltanyň arasyndaky düşünişmezliklerde araçy wezipesini ýerine ýetirdi. Ol birinji Mosul gabawy wag-tynda Soltan bilen mosullylaryň arasyny düzetmäge synanyşsa-da, oňaýly netije bermedi. Şyhyl-şuýuh bilen Beşir Hazym 1184-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda we soň hem şol ýylyň aýaklarynda iki gezek Damaska ilçilik wezipesi bilen geldiler. Birinji gezek gelenlerinde esasy maksatlary Soltan bilen mosullylaryň arasyny ýaraşdyrmakdy. Emma ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, hiç hili netije gazanyp bilmändiler. Olar ikinji gezek gelişlerinde bolsa Soltana we onuň emirlerine sowgat-serpaýlar getiripdiler. Bu sowgatlaryň arasynda Soltanyňkydan soňra ikinji derejede onuň dogany Mälik Adyla getirilen sowgatlar bardy. Nasyreddin Muhammet bin Şirkuha gelen sowgatlar bolsa üçünji derejededi. Bulardan soňra, tä, Kudusyň ýeňşine çenli halypa tarapyndan Soltana ilçi iberilendigi barada hiç hili maglumatymyz ýok. Diňe 1185-nji ýylyň sentýabr aýynda Soltana Myýafarykynyň mülkiýetnamasynyň iberilendigini bilýäris.
Hyttyn ýeňşinden we Kudusy eýeländen soňra Halypa Nasyr bilen Soltanyň arasyndaky gatnaşyklar ýitileşdi. Çeşmele-riň güwä geçmegine görä, bu ýitileşmegiň açyk sebäbi Bagdada Hyttyn ýeňşiniň ýeňişnamasyny Reşit bin Buşenji ýaly ikinji derejeli ilçiniň getirmegi bolupdyr. Emma hakyky sebäp bolsa halypa bilen daş-töweregindäkilerden bir toparyň Soltanyň bu üstünliklerine bahylçylyk etmegidi. Salahaddine garşy bolanlar onuň halypa ähmiýet bermeýändigini, onuň dogany Togteginiň Hyjaz halkyna ýowuz daraýandygyny we halypanyň lakamy bolan Nasyr lakamyny göterýändigini öňe sürüp, halypany we töweregindäkileri öjükdirýärdiler. Haçlylaryň başyna uly zarbalar inderen we Kudusy basyp alan Soltan bolsa özüniň bu hyzmatlary üçin halypadan tarypnama garaşýardy. Ahyrsoňy Soltanyň Bagdatdaky garşydaşlarynyň sözlerine gidilip saraýagasy (ussatdar) Kywameddin bin Zyýat tarapyndan Soltana ýowuz bir hat ýazyldy. Halypalyk hem Soltan bilen arasyny doly açmazlyk üçin Ymadeddin Kätibiň dogany Täjeddin Abu Bekr Hamydy ilçi edip iberdi. Halypanyň ilçi toparynyň öňünde Bagdatdan gaýdyp gelen Soltanyň ilçisi Ibn Buşenji özüne sylag goýulmandygyny Soltana aýtdy. Salahaddin Sur şäherini gabap ýörkä, halypanyň ilçisi geldi. Halypanyň hatyndaky tankytlary we özüniň edýän işleriniň taryp edilmeýändgini gören Soltan gaty gynandy. Şeýle hem şol wagtlar halypanyň haj emiri Daşteginiň Arafatda Soltanyň haj emiri Şemseddin bin Mukaddemi şehit etmegi iki tarap arasyndaky gatnaşyklary has-da ýitileşdirdi. Mälik Adyl we Muzafereddin Gökböri ýaly emirler halypa hem özüniňki ýaly ýowuz äheňde jogap ýazylmagyny maslahat berdiler. Emma Ymadeddin Kätip ýaly ýumşak kişileriň maslahaty bilen Soltan makul bir jogap ýazdy we iki tarapyň arsyndaky gatnaşyklaryň has-da ýitileşmeginiň öňüni aldy.
Bu hatdan soň halypa bilen Soltanyň arasyndaky gatnaşyklar gowulaşdy. 1189-njy ýylyň 1-nji aprelinde halypanyň ilçisi Abdylwahhap bin Sekine Damaska geldi. Halypa özüniň iberen hatynda ogly Uddeteddin Abu Nasr Muhammedi mirasdüşer şazada diýipyglan edendigini habar ber-ýärdi. Soltan bu ilçi toparyny kabul edip, täze şazadanyň adyna hutba okatmaga başlady. III haçly ýörişi mahalynda Soltan özüniň ilçisi Zyýaýeddin bin Şährizury bilen Ibn Şetdady Bagdada iberip, halypadan kömek sorady. Ýöne halypadan uly kömek gelmedi. Emma onda-da Soltanyň ýazan «feth kussi» atly hatlaryndan söweşiň gidişi barada halypa maglumat berip durandygyny bilýäris.
1191-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda halypa tarapyndan Soltana iberilen bir hatda Takyýeddiniň Gündogar ýörişi, Gökböriniň Hasan bin Gypjagy tussag etmegi tankyt edilýärdi we käbir meseleleri çözmek üçin Soltanyň weziri Kazy Fadyly Bagdada ibermegi isleýärdi. Salahaddin bu hata ýazan jogabynda Takyýeddiniň özünden rugsat alman hereket edendigini, Hasan bin Gypjagyň azgynlyklary üçin tussag edilendigini, Kazy Fadylyň bolsa syrkawdygyny we döwlet işlerini ýerine ýetirmek bilen meşgullanýandygyny habar berdi. 1192-nji ýylyň remezan aýynda halypanyň diwany ýene-de bir ilçi iberip, ilçileriniň gijä galýandygy üçin Soltany tankyt etdi we ýene-de Kazy Fadylyň Bagdada iberilmegini isledi. Soltan hem onuň ýerine ilçi Zyýaýeddin bin Şährizuryny iberdi. 1193-nji ýylyň fewral aýynda Soltan wepat bolansoň, onuň ogly Mälik Adyl Soltanyň atyny, sowudyny, tuwulgasyny, gylyjyny, gürzüsini we söweş mahaly ýanynda göterýän ähli zatlaryny halypa iberdi. Gysgaça aýdylanda, agzalan birnäçe wakadan başga halypa bilen Soltanyň arasyndaky gatnaşyklar elmydama gowy bolup geçdi.
• SALAHADDIN BILEN WIZANTIÝALYLARYŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR
Ýokarda Salahaddiniň 1175-nji ýylda Şama ýöriş etmänkä Müsüre gelen Wizantiýa imperatorynyň ilçileri bilen baglaşylan şertnamalara degip geçipdik. Şol wagt Sisiliýa flotunyň gelýändigine degişli käbir habarlary Soltan wizantiýalylaryň üsti bilen alypdy. Mirýe Kefelon ýeňlişiniň gaýgy-aladasyndan ölen Manuýeliň ýerine Wizantiýa tagtyna geçen imperator Andronikos gündogar tarapdarly syýasat ýöretmäge başlady. Ol Kairde bolan Soltana ilçi iberip, şertnamany täzeledi we golastyndaky ähli musulman ýesirleri azat etdi. 1185-nji ýylyň tomsunda täze imperator Isakios ülkesiniň bähbidine laýyk gelýän bir şertnamany öz ilçisi arkaly Soltana hödürledi. Ýöne Soltan bu şertnama gol çekmedi, diňe eger Kudusy basyp alsa, ol ýerdäki katolik kiliselerini ortodoks kiliselerine öwürjekdigini aýtdy. Onuň bu wadasy Wizantiýa tarapyny begendirdi. Imperator soň dogany Aleksiosy Soltana iberdi. Ýöne Trablusyň golaýyndan geçip barýarka, haçlylar Aleksiosy tussag etdiler. Imperator hem Soltana hat ýazyp, doganynyň halas edilmegini haýyş etdi.
1188-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kudusyň eýelenmeginden soňra Akkada gezip ýörkä, elmydama Soltanyň ýanyna Wizantiýa ilçi topary geldi. Bu topar haçly dünýäsinde III haçly ýörişe görülýän taýýar-lyklary hem habar berdi. Kudusdaky öňki ortodoks kiliselerini Wizantiýalylara berenliginiň öwezine, imperator emewiler döwründe Stambulda gurlan metjitde Soltanyň we halypanyň adyna hutba okatmagy teklip etdi. Soltan imperatoryň teklibini kabul etdi. 1189-njy ýylda Soltan impe-ratoryň ilçisi bilen birlikde gämiler bilen Stambula ilçi iberdi. Şeýle hem ol ilçiniň gapdaly bilen ol ýerdäki metjide münber, wagyzçy, azançy we din alymlaryny iberdi. Bular Stambulda imperator, musul-man jemagatlar we yslam ülkelerinden gelen täjirler tarapyndan garşy alyndy. Musulman täjirleriň we musulman jemagatyň ýygnanan juma namazynda halypanyň we Soltanyň adyna hutba okaldy. Soltanyň ilçisi imperatoryň iberen ilçisi bilen 1189-njy ýylyň sentýabrynda Merji-Uýun karargähinde bolan soltanyň ýanyna gaýdyp geldi. Isaakosyň ilçisi Soltana bir hat hem getirdi. Bu ilçi Soltanyň ýanyndaka wepat boldy. Imperator 1190-njy ýylda täze ilçiden ýene bir hat iberdi. Bu hat dostlukly hatdy. Onda Stambuldaky metjitde Soltanyň adyna hutba okalmaga başlandygy we Frederik Barbarossyň haçly ýörişi barada habar berilýärdi. Ibn Şetdat ilçiniň tejribeli kişidigini, arap, rum, latyn dillerini gowy bilýändigini aýdýar. Imperator hatynda german haçlylarynyň aýdylyşy ýaly, şeýle derejede howply däldiklerini habar berýärdi. Imperator 1192-nji ýylda ýene bir ilçi iberdi. Bu gezek imperator Kipriň üstüne bilelikde ýöriş etmegi teklip edýärdi. Şeýle hem Kemama kilisesiniň, Kudusdaky beýleki kiliseleriň ortodoks poplaryna berilmegini we hakyky haçyň özüne berilmegini isleýärdi. Imperatoryň ilçisi 1192-nji ýylyň 17-nji maýynda Soltan tarapyndan kabul edildi. Soltan imperatoryň Kipriň üstüne bilelikdäki ýörişden galan tekliplerini kabul etmedi. Wizantiýa ilçisi iki günden soňra Soltanyň jogap ilçisi Ibn Bezzaz bilen deňiz ýoly arkaly Stambula gitdi. Kazy Fadyl şu ýagdaý mynasybetli Soltana ýazan maslahatynda imperatoryň kömek edip biljek ýagdaýynyň ýokdugyny aýtdy. Içinde Salahaddin tarapyndan iberilen ilçi we sowgatlar bolan gämi, iki haçly (Genuýaly we Pizaly) garakçy gämisi tarapyndan ýesir alyndy.
• SALAHADDINIŇ BEÝLEKI KÄBIR DÖWLETLER BILEN BOLAN GATNAŞYKLARY
Soltanyň Azerbaýjan atabeglerinden Pälwan bilen bolan gatnaşyklary barada ýokarda Mosulyň gabawa alnan wagty gürrüň edipdik. Şeýle hem Hemedan hökümdary Gyzyl Arslan birinji Mosul gabawy mahalynda ýakyn adamlaryndan Hasan Jandary mosullylara köüek etmegi üçin Soltana ilçi hökmünde iberildi. Gyzyl Arslan 1185-nji ýylda mosullylara kömek etmek üçin Erbile garşy 3000 atly iberdi. Bu goşun daş-töweregi talap, ogulolja, gyz ýesir etdiler. Erbil hökümdary Zeýneddin Ýusup Soltandan kömek isledi we Mosul-Hemedan güýçlerini ýeňdi. 1187-nji ýylda Kudusyň ýeňşi mynasybetli Soltany gutlamak üçin Gylyç Arslan özüniň ýakyn adamlaryndan Yzzeddin Talybyny ilçi edip iberdi. Soltan hem oňa Ymadeddin Kätibiň ýegeni Ibn Abdekuýadan sowgat iberdi. Şol mahallar Reýiň häkimi Gutly Ynanç bin Pälwan hem ilçi iberip, Soltany gutlady. 1189-njy ýylda haçlylara garşy Soltanyň kömek islän hökümdarlarynyň arasynda Gyzyl Arslanyň hem ady agzalýar. Şol wagtlar Togrul II hem bir ilçi iberip Gyzyl Arslana garşy Soltandan kömek isledi. Soltan iki hökümdaryň gatnaşygyny sazlamak üçin Ibn Abdekuýany emin belledi. Ýöne Ibn Abdekuýa olary ýaraşdyrmagy başaryp belledi. Bu düşünişmezlik 1191-nji ýylda Gyzyl Arslanyň wepaty bilen gutardy.
Salahaddiniň italýan şäher döwletleri bolan Wenesiýa, Piza, Genuýa, Amalfi bilen aragatnaşyklary III haçly ýörişine çenli diňe söwda taýdan boldy. Soltan Müsürdäki häkimýetini ornaşdyransoň, bu döwletler bilen söwda şertnamalaryny baglaşdy. Olara Müsüriň Ortaýer deňziniň kenaryndaky şäherlerinde söwda merkezlerini döretmek üçin mümkinçilik berdi. Şeýle hem olara bu rugsadynyň öwezine Müsürde gyt bolan demir, smola (gara sakgyç) we agaç ýaly gämi gurluşygy üçin gerekli maddalardan zerur möçberini üpjün etmeklerini şert edip goýdy. Papalaryň buthanadan aýyrmak haýbatlaryny piňine hem almadyk bu döwletler Salahaddin bilen her haýsy aýratynlykda şertnama baglaşdylar. 1173-nji ýylda Aldebrandus atly bir Piza ilçisi bilen, şeýle hem ýene şol ýyl Müsüre gelen Genuýa we Wenesiýa ilçileri bilen söwda şertnamalaryny baglaşdy. 1176-1180-nji ýyllarda üç sany Piza ilçisi musulmanlaryň elinde ýesir bolan pizalylary halas etmek we täze söwda şertnamalaryny baglaşmak üçin Müsüre geldiler. Soltanyň naýyby Mälik Adyl olar bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnamalaryň käbiri III haçly ýörişi mahalynda hem öz güýjüni ýitirmedi.
Şol wagtlar Ýakyn Gündogaryň iň güýçli döwletleriniň biri hem gürjülerdi. Olaryň eýýuplylar bilen araçäginiň ýokdugy üçin aralarynda harby hadysa bolmandy. Diňe 1192-nji ýylyň awgustynda Gürji koroly Soltana ilçi iberip, Kudusdaky hristianlar üçin mukaddes hasaplanan ýerleriň goralmagyny we hakyky haçyň özüne berilmegini haýyş etdi. Emma Soltan onuň islegini kabul etmedi.
_________________________
Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 52-56 s.
Bu ýerde agzalýan metjit Emewiler döwründe Mesleme bin Abdylmälik tarapyndan Stambulyň gabawy mahalynda gurlan metjitdir. Soňky döwürlerde bu metjitde hutba okalmagy ýatyrylypdy. Bu ýerde hem aýdylyşy ýaly, Soltan bu metjidi täzeden işe girizdi. Bu metjidiň şu wagt Galata tarapynda penşenbe bazarynda bolan Arap metjidi bolmagy mümkindir. Şol üýaşap geçen meşhur syýahaty Abulhasan Herewi Stambuldan gürrüň gozganda şeýle diýýär: Stambulyň galalarynyň ýanynda Pygamberimiziň sahabalaryndan Abu Eýýup Ensarynyň gubury bar. Onuň ady Halyt bin Zeýtdir. Ol şehit bolansoň musulmanlar ony bu ýerde jaýlap, rumlylara: «Bu pygamberimiziň iň uly Sahabalarynyň biridir. Eger onuň guburyna degseňiz, hiç haçan arap diýaryndan jaň sesi eşidilmez» diýdiler. Şeýle hem bu şäherde Meslime bin Abdylmäligiň we tabygynlaryň guran metjidi bar. Bu metjitde hezreti Hüseýiniň agtyklarynyň biriniň gubury bar (Kitabyl-yşarat ilä magryfetil-zyýara. Janine Sourdel Thomine. Damask, 1953. 56 s.)
Salahaddiniň döwründe Eýýuplylaryň döwleti, 59-61 s.
Şol eser, 58-59 s.
Şol eser, 61-62 s. Taryhy makalalar