|

Şekspirden terjimeler

Şekspirden terjimeler

Şekspirden terjimeler

• “GITDIŇ” DIÝIP MENI BIWEPA SAÝMA

“Gitdiň” diýip, meni biwepa saýma:
Men senden dönmedim – gidenimde nä?
Ýürek zamun bolup galansoň saňa,
Nädip aýrylaýyn? Gaýdyp geldim-ä.

Her gezegem gaýdyp gelýän ahyry
Seniň penahyňa örtenip-köýüp.
Puşmanlarym misli dirilik suwy –
Yşgymy päkleýär, tegmilin ýuwup.

Ham-hyýallar käte aldy aklymy,
Emma, ynan, beýle pese düşmedim:
Salgymyň ugruna terk eder ýaly
Ylahymyň sunan sen deý peşdeşin.

Meniň üçin salgym bu dünýä-älem:
Hanymanym bir sen – galany ýalan.

• ARMAN ETME MAŇA BEREN JEBRIŇE

Arman etme maňa beren jebriňe –
Toba gelmegimde onuň nepi kän:
Öň ýanyp göremsoň, dostum, zulmuňa,
Bu gün seni ynjydanma ökünýän!

Indi öýke däl-de, müýn meni ýakýan:
Ýara salyp seniň näzik göwnüňe,
Men zalymyň o nähili haky bar
Gyýylmaga senden çeken jebrime?

Öz ynjymy ýatlap, ýatman bu gije
Kemsiz aňdym gaýtam seniň ynjyňy;
Men kine tutmadym. Bagyşla sen-de:
Göwnümiz ýaz bolsun, taşla ünjiňi!

Ne müýnümiz galsyn, ne-de öýkämiz:
Aramyzda halal bolsun hakymyz.

• SENDEN MÄHIR GÖRDÜM – MAŇA HIÇ INDI

Senden mähir gördüm – maňa hiç indi
Iliň garalany, töhmet atany;
Il näme, sen barkaň maňa düşünýän,
Ýagşyma guwanyp, ötüp hatamy?

Meniň artyk ýerim, kem ýerim hakda
Indi diňe seniň diliň sözlesin;
Ýazym-gyşym bolar sözüň ýürekde,
Alga alman iliň gybat-öwgüsin!

Duýguçyl kalbyma sowut geýdirdim –
Kim men hakda näme diýse indemen;
Men başgalar üçin bireýýäm öldüm:
Bir sen üçin ýaşap ýörün şindi men.

Häzir ikimize bu älem dym-dyrs,
Diňe ýüreklermiz sözleşýär gürs-gürs.

• SEN UZAK AGLAMA ŞAHYR ÖLENDE

Sen uzak aglama şahyr ölende:
Ýasyň bes et zaň kakylan dessine –
Gölegçiler meni ýerläp gelende,
Pes dünýäniň öňküdenem pesine.

Okap saňa goýan şu setirlerin,
Ahmyr etme buza dönen elime.
Söýdüm seni! Hasrat bilen örtänden,
Tiz ýadyňdan çykyp gitsem ýeg maňa.

Her haçan il içre okalsa şygrym,
Haýyşymdyr: gözüň ýaşa dolmasyn;
Beýdeniňden gaýtam kalpdaky söýgiň
Soňky demim bilen bile sogrulsyn!

Aglap, syrymyzy berme äleme:
Men sebäpli düşme iliň diline. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle