|

Sazlaşyksyz setirler

Sazlaşyksyz setirler SAZLAŞYKSYZ SETIRLER

Ýazygym ýüregme juda
yza berýär…
Beýnimde düşlän duýgular
Gyzyberýär.
Käte beýik
ynsap bilen gurup darkaş.
Bilmen, göwnüme bolmasa,
Gowy dek muny bilmesem.
Ýok, diňe öz-özüm bilen
Ýüzleşip gürleşmek gerek!
Ah, şonda-da…
Ah, şonda-da…
Bu durmuşdan hem özümden
Gaçasym gelýär baş alyp,
Uçasym gelýär guş olup,
Ýöne näçe gaçsam-da men,
Ýöne näçe uçsam-da men,
Ýene şonça golaýlaşýan,
Hem özüme, hem durmuşa
Ah, bulaň bary biderek.
Ýok, diňe hatalam bilen
Ýüzleşip gürleşmek gerek!
Oňa derek!

Mert bolup, batyrgaý bolup,
Illeň goýberen ýalňyşyn,
Mydam bagyşlamak gerek!
Özüňe ýetende gezek,
Ahlagy aldan günäňi,
Hiç bagyşlamazlyk gerek!
(Emma welin , hatalaram
Köp zady öwredýän eken.
Ynsaba kän yza berip,
Wyždany owradýan eken).
Ýöne bilip goýgun, nebis
Duzagňa düşäýsem,birden,
Oýandyryp ynsabymy,
Oýandyryp wyždanymy,
Göreşerin soňuna çen.
Günäm bilen, nebsim bilen
Hergiz elim senden çekmen!
Şeýtan leşgerin salsa-da,
Elimden erkim alsa-da,
Mydam ýagşy ýoldan ýöräp,
Ejizlemen, dyza çökmen!

Nury SAKÇYÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle