|

Saýyl hakda

Saýyl hakda SAÝYL HAKDA

Saýyl hakda

Gürrüñ berjek Saýyl hakda,
Baryp ýatan haýyn hakda.

Şol gazaply otuz ýedi,
Durar öýtdi ol ebedi.

Ýalan-ýaşryk şyltak atdy,
Köpleriñ başyna ýetdi.

Uruş döwri haýyn boldy,
Näme diýseñ taýyn boldy.

Guma gaçdy urşa gitmän
Medal aldy bir ok atman.

Durgunlykdan şan gözledi,
Zähmet çekmän, nan gözledi.
Lomaý-lomaý para alyp,
Gyzyl-kümüş kän gözledi.

Onuñ «şa» günleri ötdi,
Adamlardan müýn agtardy.

Däp-dessurdan, yrym-ýomdan,
Herki zatdan din agtardy.

Ol özünden hoşal. Diýýär:
«Hiç haçanam utulmadym.
Zähmet çekdim döwre görä
Hem betlikde tutulmadym».

Gygyryp ýör il hatary:
«Üýtgedip guramak gerek».

Diliñ üýtgedeniñ bilen,
Üýtgärmikä gara ýürek.

Bu gün öz hukugyn alýar
Owal bar zada kaýyllar.
Ah, näçeräk näçe burka
Il içinde bu saýyllar!?

Kaýum TAÑRYGULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle