Saryçyrmaşyk
Saryçyrmaşyk
Gör nähili myrtar saryçyrmaşyk,
Ekinleri baýnadanok çyrmaşyp.
Onuñ bar öserni kerep deý örter,
Şeýdip ösjek zadyñ ösüşin kerter.
Meñzär seçek-seçek sary sapaga,
Kesek salan ýaly salyp sapana
Ýerde-ýurtda goýman gaýdyrsañ ony,
Şonda-da günleriñ ýene bir güni
Sen haýran edip ol sary çypar,
Sary içýan bolup alnyñdan çykar.
Ýöne takyr ýere urmaz köküni,
Ösümlik, ekine atar ýüküni.
Onuñ özi üçin össe bolany,
Ekinleriñ saralany-solany
Piñine däl, gitdigiçe ýaýrar ol,
Ekinde-de iñ gowusyn saýlar ol.
Ýap-ýaşyl ýapragam samandyr onsoñ,
Başga ýerden çykar bir ýerden ýolsañ.
Ekiniñ tenine temen dek çümer,
Ýuwaş-ýuwaş şeýdip süññüne sümer.
Galtaşdygy her baldagy ýarar ol.
Ösümligi sülük bolup sorar ol…
Nebsijeñler misli saryçyrmaşyk,
Bizi iýip barýar olar çyrmaşyp…
Sapar ÖRÄÝEW.
«Sowet edebiýaty» žurnaly, 1987 ý. Goşgular