Sary şemal
Sary şemal

Maşyna mündüň-de, ýeňledi kelläň,
Kelläň öň ýeňildi,
Göwräň ýeňledi.
Ärlidigiňi unutdyň,
Has beterem ruldaky oturan
Inçemik ýigidiň bir gözel gelniň
Äridigni unutdyň,
Çagalarny,
Çagalarňy unutdyň.
Ýeňil maşyn ýaly ýeňlän kelläňem
Duýmady gerdenňe düşýän agramy.
Çagalaň içinde,
Äriň ýanynda
Ýene müýnsüz garşyladyň agşamy.
Keseki göründi öz äriň saňa,
Çagalaryň saňa göründi özge.
Sebäbi başganyň suraty bardy
Şar gara gözde.
Arman ony çagalaryň görmedi,
Bihabar är asla ünsem bermedi.
Düşek ýazdyň,
Siz üç bolup ýatdyňyz
Iki adamlyk düşekde…
…Sary şemal sygyryp ýör üçekde!
Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.