Sary Saltyk baba
Sary Saltyk baba
SARY SALTYK BABA
Sary Saltyk baba (Soltan Sary Saltyk Muhammet Buhary ýa-da Sary Saltyk ata), Balkan ýarym adasynyñ (öñki Ýugoslawiýa ýurtlary) Osmanly döwleti tarapyndan eýelenmezinden öñ günorta Ýewropada jahankeşdelk edip yslam dinini ýaýradan meşhur türkmen derwüşi.
Birnäçe taryhy çeşmeler onuñ Hajy Bekdaş Weliniñ şägirdi Mahmyt Haýranynyñ müridi bolandygyny aýdýarlar we rufaýy tarykatynyñ düýbüni tutujy Ahmet er-Rufaýynyñ ýolunyñ dowam etdirijisi hasaplaýarlar.
■ Sary Saltyk kim bolupdyr?
Legendar şahsyýetligini göz öñünde tutanyñda, onuñ bu ýokary derejä heniz dirikä ýetendigini bilmek bolýar. Sary Saltygyñ ömür beýany bolan "Saltyknama" XIII asyryñ alperenleriniñ gahrymançylykly hekaýatlaryny, görkezen keramatlaryny giñişleýin gürrüñ berýär. Hajy Bekdaş Weliniñ şägirtlerinden bolan Sary Saltygyñ häzirki döwürde birnäçe ýurtda kümmeti bardyr. Bu kümmetlere diñe bir musulmanlar däl-de, ol kümmetleriñ ýerleşen ýerinde ýaşaýan hristiýan ynançly ilat üçin zyýarat edilýän mukaddes ýerlerdir. "Saltyknamada" Sary Saltygyñ 12 mazarynyñ bardygy aýdylýar. Sary Saltyk aradan çykmanka begleriñ we hökümdarlaryñ öz guburyna eýeçilik etmek arzuwlarynyñ bardygyny aýdyp, her höwes edene bermek ücin 12 tabyt ýasadanmyşyn. Iñ köp zyýarat edilýän we meşhur türbesi Türkiýäniñ häzirki Iznik şäherindedir. Aýdylmagyna görä, Sary Saltyk Iznigiñ hristian ilatynyñ yslam dinini köpçülikleýin kabul etmegine sebäp bolan eken.
"Saltyknamada" Sary Saltyk keramaty bilen ýer astyndan şypaly suwlary çykarandygy-da aýdylýar.
Sary Saltygyñ kümmetiniñ ýerleşen ýerlerinden biri bolan Bosniýa-Gersegowina döwletiniñ Blagaý şäherindäki Blagaý kümmetiniñ ýanynda Buna derýasynyñ gözbaşy ýer alýar.
Hakyky guburynyñ Rumyniýanyñ demirgazygyndaky Dobruja raýonynyñ Babadag posýologyndadygy çak edilýär.
■ Sary Saltygyñ gubury hökmünde zyýarat edilýän ýerler:
1. Türkiýäniñ Iznik, Diýarbekir, Tunjeli, Nigde, Stambul (Rumeli Feneri), Babaeski, şäherlerinde, Manisa şäheriniñ Ýeşilýurt posýologynda;
2. Makedoniýanyñ Ohri şäherinde;
3. Albaniýanyñ Akjahisar diýen ýerinde;
4. Bosniýanyñ Blagaý şäherinde;
5. Bolgariýanyñ Kaligra burnunda;
5. Rumyniýanyñ Babadag posýologynda.
■ Sary Saltyk barada habar berýän çeşmeler
Sary Saltygyñ ömür beýanyndan söz açan "Saltyknama" Abulhaýyr Rumy tarapyndan ýedi ýylyñ dowamynda ýazylypdyr we 1480-nji ýylda kitap görnüşinde halka ýetirilipdir.
"Saltyknamanyñ" ýene-de bir ünsüñi çekýän tarapy bar. Bu eserde halkymyzyñ arasynda şorta sözleri bilen meşhurlyk gazanan Nasreddin Ependiniñ şorta sözlerinden ilkinji gezek mysal getirilýär.
Sary Saltyk hakynda maglumat berýän ýene bir gymmatly çeşmäniñ biri bolsa, Öwlüýä Çelebiniñ "Syýahatnamasydyr". Ýazyjyogly Alynyñ "Beýik Seljuklylaryñ taryhy" kitaby hem Sary Saltyk barada köp maglumatlary berýär.
■ Sary Saltygyñ şejeresi
Rowaýat edilmegine görä, Sary Saltygyñ şejeresi Hezreti Pygamberimize (s.a.w) we Hajy Bekdaş Welä uzaýarmyşyn. Onuñ şejeresi barada anyk maglumaty "Nakibül Eşraf" atly kitap berýär. Sary Saltygyñ nebereleri häzirki wagtda Türkiýäniñ Tunjeli welaýatynyñ Hozat etrabynda ýaşaýarlar. Ol ýerde hem Sary Saltygyñ kümmeti bar. Hozatdaky Sarysaltyk, Akdogan, Ýurt, Ýer, Gylyçarslan ýaly uly maşgalalaryñ añyrsy Sary Saltyga uzaýar.
■ Peýdalanmak üçin çeşmeler:
1). Öwlüýä Çelebi "Syýahatnama", 3-nji kitap, 2-nji tom, 474 sah;
2). Şükri Haluk Akalyn "Rumeli'de Sary Saltygyñ yzlary we Ohridäki "Sweti Naum / Sary Saltygyñ zyýaratgähi", Çukurowa uniwersitetiniñ türk dünýäsi ylmy-barlaglar merkezi.
3). Abulhaýyr Rumy "Saltyknama" I-II-III, taýýarlan Şükri Halyk Akalyn, Ankara -Stambul, 1987 — 1988 — 1990;
4). Ýazyjyogly Aly "Beýik Seljuklylaryñ taryhy" (Tewarih-i Al-i Seljuk), Topgapy köşgüniñ kitaphanasynyñ "Rewan köşgi bölümi, no.1391, 233
5). Menakyb-y Hajy Bekdaş-y Weli “Welaýatnama”, Taýýarlan: Abdylbaky Gölpynarly, "İnkılâp" neşirýaty, Stambul-1990.
6). Mehmet Z.Ibrahimgil, "Balkanlarda Sary Saltygyñ türbeleri";
7). Ibn Battuta "Syýahatnama".
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy şahslar