| |

Sary bägül / hekaýa

Sary bägül / hekaýa SARY BÄGÜL

Sary bägül / hekaýa

Ol bosagadan ätländen beýnisine dolan ýakymly ysdan ýaňa başy aýlanyp gitdi. Sarygül özüni dürsemek üçin gapdalynda duran tekjä elini ýerirdi. Paşyrdap duran ter ýapraklara eli degen badyna ol aýňalan ýaly boldy. Tekjelerde rejelenip goýlan  gülleriň biri beýlekisinden owadandy. Olaryň  hoşboý ysy garyşyp, dükanyň içinde ajaýyp bir dünýäni döredýärdi. Sarygül bu üýtgeşik  dünýäniň ömür-ha aşygydy. Şonuň üçinem ol wagt tapdygy gül satylýan dükana gelerdi-de, onuň owadan dünýäsiniň bihuş ediji ysyndan lezzet alardy. Sarygülüň häsiýetine belet satyjy gyzlar oňa dükana täze getirilen gülleri görkezerdiler. Sarygül her gezegem iň owadan  çemeni satyn alardy. Özem köplenç sap-sary bägülleri saýlardy.  Bu gezegem ol dükanyň tekjesini bezäp duran ullakan çemeniň ýanynda aýak çekdi. Sap-sary mahal bägüller edil ýaňyja tändirilen ýaly terjediler. Olaryň ysy beýniň iň uşajyk damarlaryna çenli yzarlap  gidýärdi. Ol bu ysa maýyl bolup, näçe mahallap duranynam unutdy. Hatda satyjy gyzyň gapdalyna geleninem, özüne sorag bereninem duýmady.  Satyjy gyz soragyny ikinji gezek gaýtalady:
— Sizden bir zat sorasam bolarmyka?
— Elbetde, soraberiň.
— Siz diňe sary bägülleri halaýaňyzmy?
-Men sary gülleri, onda-da mahmal bägülleri juda gowy görýän. Onsoňam  gülleriň her haýsynyň öz dili, dünýäsi bar. Meň üçin-ä sary bägülleriň dünýäsem, dilem has ýakyn ýaly. Şoň üçin sary gülleri juda gowy görýän bolaýmasam. Onuň altyn öwsüp duran perleri maňa gaty köp zatlary gürrüň berýär.
Satyjy gyzyň güller barada has köpräk bilesi geldi:
-Gyrmyzy güller söýgiň nyşany, ýüregiň  söýgi hakdaky aýdymyny aýdýar diýýäler. Sary güller weli, aýralygyň nyşany  hökmünde görülýär. Siz muny şeýle hasaplaňzokmy? 
—    Aslynda, haýsy reňkdediginiň, nähili güldüginiň tapawudy ýok, islendik gül  gözellik. Gözellik bolsa, ynsana ýakymly duýgulary, lezzetli dünýäni peşgeş berýär. Şonuň üçinem halkymyzda bir ýörünli söz bar: “Ýagşyny görmek-jennet” diýilýär. Menem şol jenneti görmek isläp, siziň dükanyňyza ýygy-ýygydan geýän-dä. Gülleriň ysyndanam, lezzetindenem  ganma ýok. Ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, her gülüň dünýäsine girmegi, oňa düşünmegi başarmaly. Munuň üçinem olara çyn ýürekden aşyk bolmaly. 
—    Siz meni bagyşlaň, ýene bir zat sorasam, wagtyňyzy alyp durmaryn-da hernä.
—    Ýok, arkaýyn soraberiň. Entejik wagtym bar. Onsoňam men  gülleri synlamak, olaryň ysyndan ganmak üçin wagtymy birjik-de gysganamok..
—    Ýöne siziň sary güllere söýgiňiziň bir syry barmy,  ýa-da  adyňyz Sarygül bolany üçinmi?
—    Adymyň dahyly ýok bu ýerde. Onuň aýratyn syram ýok. Ýöne   tylla Günüň altyn kuýaşyndan reňk alýan sary güllerde aýratyn bir gudrat bar ýaly. Ýaňky aýdyşym ýaly, güller kalba nur bolup dolýar-da, rahatlyk eçilýär. Elbetde, gülleriň hemmesiniňem şeýledigine şübhäm ýok. Belki, gyrmyzy, melewşe, ak güllerem şeýledir.Ýöne ony kalbyň bilen duýmak gerek. Sary bägüller weli, onda-da mahmal bägüller  duýgyňy duýup, süňňüňi elendirýär, tutuş dünýäňi jadylaýar. Men siziň dükanyňyza süňňümde döreýän şol jadyny duýmak üçin ýörite gelýän.  
—     Men şü dükanda esli mahal bäri işlesemem, güller bararda, onda-da mahmal bägüller barada hiç zat bilemok ekenim. Ýogsa menem gülleri gowy görýän,  mahmal bägüller-ä öler janym. Şoň üçinem şü dükana satyjy bolup işe başladym. 
Aňyrdan gelen ýaş ýigit gyzlaryň söhbetini böldi:
—    Bagyşlaň, siziň güller hakdaky söhbetiňiz juda täsin eken weli, sözüňizi böläýdim. Men bir  gyza çemen sowgat etjek bolýan weli, haýsy güller meniň duýgymy oňa äşgär edip bilerkä?
Satyjy gyz Sarygüle seretdi. Sarygül  perlerinde nur ýaly bulduraýan      damjalaryny güjeňläp duran mahmal bägüllere elini uzadanda, satyjy gyz enaýy ýylgyrdy. Ýigit satyja üns bermän, Sarygüle ýüzlendi:
—    Sary güller aýralygyň alamaty dälmi näme? Men bolsa, güller arkaly ol gyza ýüregimiň gürsüldisini, yşk heseriniň mukamyny esitdiresim gelýär.
—    Ana, menem şoň üçin sary bägüllerden baglanan çemeni salgy berýän-dä. Sary güller birek-birege  ymtylyşy, ýüregiň iň inçe hem näzik duýgularynyň owazyny janlandyyryp bilýär diýýäler. Bu alymlar tarapyndan eýýäm subut edilen hakykat. Şoň üçinem ikirjiňläp durmaň-da, şü çemeni arkaýyn alaýyň. Az wagtdan sary bägülleriň  jadysyny özüňizem duýarsyňyz. Çünki güller öz hoşnut ysy bilen ýürekde iň inçe duýgulary döredip bilýär. 
Ýigit satyjy gyza ýüzlendi:
—    Onda  sary bägüllere gaýra dur diýýän näzenin gyzyň salgy berşi ýaly, maňa şü mahmal bägülleriň iň  owadanyndan desse çemen baglaň. Özem çemende  ýigrimi bir bägül bolsun. 
Gyzlaryň ikisem birden ýigide soragly bakdy.
—    Siziň sary bägülleriň jadysyna ynanyşyňyz ýaly, menem ýedilik sana juda ynanýan. Halk içinde  “Başga sany bilmeseň, ýç ýedini ýatda sakla” diýilýar. Muny maňa enem häli-şindi gaýtalaýar.  Çünki ýedilik san iň şowly hasaplanýar, türkmençilikde bolsa, aýyň ýedisi iň sähetli gün. Diýmek, ýç ýedi hasam şowly bolmaly.  “Ýara ýaraşar ýç müçe” diýilýän bolsa, men ony ýara ýaraşar ýç ýedi diýip, ony ýütgedesim gelýär.       
—     Siz-ä duranja şahyr ekeniňiz.
—    Hawa-da, Kerim şahyryň ”Tas şahyr bolupdym çuwalgyz wagtyň” diýşi ýaly, siz gyzlar, ýigitleri şahyram etjek.
—    Goýaweriň,  söýgi ummanynda ýüzüp bilmejek bolsaňyz, onda onuň ýanyp duran ataşyna golaýlaşmaly däl ekeniiňiz. Onsoňam söýginiň ynsany tüweleý ýaly pyrlandyrýandygyny bileňzokmy näme?
—    Ýok, heniz söýübem göremok, o kesgitlemänem eşidemok.  Ýöne fransuzlar söýgini orslaryň oýlap tapan zady diýip hasaplaýar. Bu belki,şeýledir.
Gyzlar hezil edip güldüler. Ýigit weli, çyny bilen  janykdy:
—    Dogrymy aýdaýyn, ony men oýlap tapamok. Bir alymyň sözlerini dile getirdim. Ýöne fransuzlaryň pikiriniň ýalňyşdygyny subut edip biljek. Söýginiň nähili tüweleý bolup pyrlandyrýandygyny  heniz-ä bilemok. Ýöne bir gözele söz aýtmakçy bolup, meniň bolup durşymy görüň-ä. Bagtymy barlap görmek üçin  gül almaga geldim wewli, size gözüm düşenden, başga dünýä aralaşaýdym öýdýän. Siziň sesiňiz bahar paslynda owunjaklap ýagýan  ýagmyryň ýere düşende döredýän mylaýym şybyrdysyna meňzäp, şirinden-şirin owaz  bilen kalbyma guýlup dur. 
Sarygül ýigidiň sözlerine üns bermän, satyjy bilen hasaplaşyp, bu ýerden tizräk ara açanyny kem görmedi. Ýigidem Sarygülden galmady. Ol desse çemeni gujaklap, dükandan atylyp çykdy.   
— Ýogsa-da wagtyňyz bolsa, kyn görmeseňiz, birsalym gümür-ýamyr edeliň.  Men siziň güller baradaky gürrüňleriňizden ganyp bilmedim. Sesiňizem edil sary bägülleriň yşkyna düşen bilbiliňki ýaly mylaýym. 
— Men bolsa, siziň samahyllyňyzdan ýadadym.      
Sarygülüň nätanyş ýigit bilen tirkeşip gidesi gelmedi. Ýöne ýigidem öz diýeninden el çekmedi:
—    Ýörseňizläň,  näme ýaýdanýaňyz, men siziň çak edişiňiz ýaly ýaňra däl. Ýöne şu wagt özüme nä döw çalanyny bilemok. Sizi gördüm-de, dilim açylaýdy. Näme meň bilen tirkeşip barsaňyz,  söýgüli ýigidiňiz gabanar öýdýäňizmi?
— Ýok-la, gep onda däl. Men-ä sizi tanamok, sizem meni, onsoň näme hakda gürleşip bileris. 
— Güller hakda, diňe güller hakda. Tötänden gabat gelen,  mahmal bägüller ýaly ajaýyp hem näzik periniň ýanyndan abýrylasym gelenok. Görýäňizmi,  ikimizem gülleri gowy görýän ekenik. Diýmek, ikimiziňem ýüregimiz şol bir dünýäni küýseýär.  
Sarygül ýigide geň galyp seretdi. Daşyndan göräýmäge, sypaýy hem  salyhatly görünýän ýigidiň “ikimizem” diýip durmasyny  birhiliräk görse-de, iň bolmanda, duralga çenli onuň bilen bile gitmelidi. 
Olar iki gyrasy gül bilen jäheklenen  ýanýoda düşenlerinden Sarygül aýak çekdi:
—    Bagyşlaň, men ynha, şü ýerden çepe sowulmaly. Sag boluň.
Ýiigit gyssanmaç gürledi.
—    Iň bolmanda tanşyp bir galalyň. Men Döwran,  siziň adyňyz näme? 
Sarygül öz diýenini tutdy:
—    Men  bir ýere gyssagly barmaly. Onsoňam meň adym siz üçin hiç zady aňlatmaz. 
—    Siz gaty ýalňyşýaňyz. Men ýaňy satyjy gyzdan adyňyzy eşitdim. Sarygül, ýörüň, gowusy, men size ýoldaş bolaýyn.
—    Ýok, ýok, sag boluň, men gitdim.
Döwranyň Sarygülden galasy gelenokdy. Sarygül ädimini çaltlandyrdygyça, Döwranam gapdalyndan galmady. Sarygül Döwranyň  aňsatlyk bilen galmajakdygyny duýdy-da, onuň  ugrundan gopdy:
—    Ýeri, onsoň, meň bilen şeýdip egin deňäp barýanyňy halaýan gyzyňyz göräýse näme diýjek. 
-Çynymy aýdaýjak. 
Sarygül  näme diýjegini bilmedi.
—    Hawa, hawa, çynymy aýtjak.  Men sary bägüllere meňzäp duran Sarygüle bir bakyşda aşyk boldum. Ol meniň erkimi -durkumy eýeledi,  ýüregimi ogurlady, indem alaçsyz ýüregimiň yzyna  düşüp ýörün diýjek. Onsoňam henize çenli men o gyza ýüregimi açamok.  Dogrymy aýtsam, yşk ataşynyň nämedigini edil hut şu pursat, size sataşan pilläm  duýdum.
Sarygül ýigide geň galyp bakanda, nazarlar çaknyşdy. Ýigidiň gözünden ot bolup syçraýan mähri görenden, ol elheder aldy. Şol dem onuň beýnisinde dürli oýlar at çapdy. “Edil ýap-ýaňja tanşan gyzyňa  şeýdip ýüregiňi açmak bolarmy? Özem halaýan gyzyna sowgat eltip barýar. Bu ýeňilkellelikmikä ýa-da ol meni saldarlap görýärmikä? Ony diýseňem-ä gözünde uç-gyraksyz mähir bar. Belki, ol  şeýdip gyzlary aldawyna salyp ýören bir bigänedir. Ýöne  özüni alyp barşy hiç hili şübhe döredenok, allanäme”. Gapma-garşylykly pikirler beýnä agram salanda ol aýgytly karara geldi.
Sarygülüň pikire batmasy Döwrany iňkise goýdy. Şol aralykda Sarygül ylgap uly yola çykdy-da, ýetip gelýän ulaga elini galdyrdy. Ulag säginenden kürsäp giren Sarygül sürüjä maý bermedi:
—    Çaltrak, çaltrak, şü ýerden ugraweriň.
Ulagyň gazyna basyp, bir demde menzil aşan sürüji gyzyň aljyraňlygyny görüp, özüçe many çykadry:
—    Näme  oglan azar berjek boldumy?
—    Ýok-la, men juda howlaýan.
—    Diýseňem-ä…
Näme bolandygyny aňşyryp ýetişmedik Döwran ulagyň  yzyndan ylgajagynam, öz ugruna  gidiberjeginem bilmedi. Esli mahallap serimsal bolup durdy. Elindäki çemeniň  ysy beýnä uranda Sarygülüň mylaýym sesi gulagyna gelen ýaly boldy. Onuň gyýlyp duran gaşlaryny,  balkyldap duran nazaryny  göz öňüne getirdi-de gyzy ynjydandygyna düşündi. Ýöne bir bakyşda  kalbyny eýelän duýga erkini aldyrandygyna ahmyr etmedi. Gaýtä öz-özüni köşeşdirdi. “Bu duşuşyk tötändän däl bolsa gerek, Belki, bu ykbaldyr. Men Zeýnebi halaýandyryn öýdüp ýördüm. Eger men Zeýnebi söýýän bolsam, Sarygüli görenimden, kalbymda gopan harasat nämedikä? Ol söýgümika? Söýgi şeýdip döreýärmikä? Sarygüle, onuň garamyk gözlerine ilkinji gezek bakanymda dörän duýgy, onuň nazaryndaky keşbim salgymmyka?  Näme-de bolsa ol erkimi elimden alyp, dilimi saýradyberdi. Nädip ony söýýänimi boýun alanymam bilemedim, öz-özünden dile geldi o sözler.  Ony diýseňem-ä oglanlar “Halaýan gyzymy göremde dilim tutulýar, diýjek zadymy aýdyp bilemok” diýýäler.  Men näme üçin beýdip, bir demde ýüregimi açyp bildimkäm? Şoň üçinem Sarygüli ynjytdym. Ol meni ýeňilkelle oglandyr güman etdi.  Indi men ony nireden tapaýyn. Haýsy ýerden yzlaýyn?”
…Sarygül esli mahaldan özüni dürsedi. Gaçyp gaýdanyna  ökündi. Ol Döwrana “Bu bolşuň gowulyk däl, sen meni tanaňok, men bolsa seni . Heý-de, bir gezek dükanda göreniňe-de, ýüregmi ogurladyň diýip bolarmy? Bu-la haýasyzlygyňam aňrybaşy bolýar” diýmedigine ökündi.  Şeýdip özüni köşeşdirmek isledi, ýöne Döwranyň  gözlerinden syçrap çykan mähriň ýüreginiň bir ýerlerinde ýelmeşip galandygyny-da derrew duýdy. Oňa ähmiýet bermejek bolup dyrjaşdy. Ýöne pikir etdigiçe, gapma-garşylykly oýlar ony aljyratdy. “Meň beýdip gaçyp gaýtmam bolmady. Dogry durup gepleşýämelidim weli, onam başarmadym. Onuň nazaryndaky mähirden çekindim. Uzak eglensem, ol meni eredermikä öýütdim.  Öz duýgymdan gorkup gaýtdym men, Döwrandan çekinmedim.  Meňki bu gezek hut “Gyz ýetişse, haýa gider” diýenleri boldy.  Tanamadyk, bilmedik ýigidiňe göwnüň gitse, dagy nätjek? Ol-a erkek oglan, göwnündäkini aýdyp biler. Men näme?”  Elindäki çemeniň ysyndan  ýaňa onuň  başy aýlanyp gitdi.  Şol pursat  ol Döwranyň  mähirden doly gözlerini ýatlady. Soňam öz duýgusyndan özi çekindi. “Bu nähili beýle bolýa, bü niçiksi duýgy, nireden peýda boldy? Biriniň hoş söz aýdaýmasy bar eken,hoş söz eşitdigiň eräberjek ekeniň. Özüňe, duýgyňa  erk edeweri, Sarygül. Gaçyp gaýtmany-ha başardyň, duýgyňa erk edip, ony unutmanam başar”.
Sarygýl o wakany unudandyryn öýtse-de, gül satylýan dükana gatnamasyny has ýygjamlatdy. Her gezek baranda-da ogryn umyt bilen  esli mahallap eglendi. Gözleri şol syratly ýigidi gözledi, ýüreginiň gürsüldisinden onuň adyny eşitdi. Şo gezegem ol  sary bägülleriň ýanynda  köp eglendi. Mahmal perleri bir-birden sypap başlan Sarygül satyjy gyzyň ýylgyrjaklap durşundan özüçe many çykardy. 
Sarygül, siziň biri-biriňize yhlasyňyz ýürekden öýdýän. Sen her gezek dükana gelip-gideniňden soň, yz ýanyňdan şol suratly ýigidem  gelýä. Özem saňa gabat gelmeýänine çyny bilen  ahmyr edip, aňyrsyna çykyp bilenok.  Ahyry ol saňa şujagaz namany gowşurmagy menden haýyş etdi. Amanadyňy al, dogan.
Sarygül gürrüňiň kim barada gidýändigini badabat aňdy. Ýöne syr  bermek islemedi:
—    Kim gyz, ol syaratly ýigit? Meni nireden tanaýamyş?
Goýsana gyz, baýakky oglan-la. Dükandan bileje gitmediňizmi näme?
—    Wiý, ýogsa-da oň meň bilen näme işi?
— Ol saňa ýüregi bilen aşyk bolupdyr. Indem seni tapjak bolup, şol soraglap ýör.  
— Dur, hany, ýatlaýyn. Ol  seni soraglap,  Begmyrat  şahyryň goşgusynam ýat tutupdyr. Onuň aýdymyny bagşylaram ürç edip aýdýalar. Döwran goşgyny şeýle bir ýürekden aýtdy weli, özüm sen bolup, ony köşeşdiresim geldi. Diňle, belki, senem ony soraglarsyň. Satyjy gyz eline sary bägülüň birini aldy-da, labyz bilen aýdyp başlady:

Aý jemalyň ak kagyza nagş etdim,
Sen gözele ýüregimi bagş etdim,
Gündiz Güne, gije Aýa ogşatdym,
Ýyldyzlara bakýan,seni soraglap.   
  
Bir dem aýra düşmez nazarym senden, 
Gözledim, soradym, gülden-çemenden,
Gamda galdym, habar almadyň menden,
Sen haçan gelersiň, meni soraglap…

Sarygül näme diýjegini bilmän, bir elindäki bölejik kagyza, bir-de satyjy gyza seretdi.  Soňam  näme üçindir sary bägülleriň ýigrimi bir sanysyndan baglanan desse çemeni goltuklap, dükandan çykdy. Ol haty okamak üçin ýanýodadaky  oturgyja özüni goýberdi. Şobada-da tanyş sese ýüregi ersip gitdi.
— Her gün ýola çykyp, her gün soraglap, ahyr tapdym sary bägülden baglanan çemeni. Indi menden gaçyp gutulmarsyň, Saryja gül.
-Duraweri, oglan, o nähili sen meni soraglaýarmyşyň?  Hany, seniň göwün beren gözeliň, ýa ol eýýäm ýatdan çykdymy?
 -Men senden başga hiç kime göwün beremok, şol gün ýüregimi ogurlan pursatyňdan bäri meň yşk heseriniň oduna ýanyp ýörşüm. Däli-diwana ýaly bolup, diňe seň gözlegiňde, soragyňda gezdim. Ahyry yhlasym ýerine düşdi, seni tapdym. Sen meni söýmeseň, söýme, ýöne menden gaçma.  Meň söýgim ikimize-de ýeter.  Sen maňa diňe öz ýanyňa gelmäge, didaryňdan ganmaga, ajaýyp mukama gaýra dur diýýän sesiňi eşitmäge rugsat berseň bolýar. Maňa  şol bagtam ýeterlik. Çünki saňa şo gezek dükanda sataşan pursatymda çabran ot dünýämi agdar-düňder etdi-de, tutuş süňňümi gaplady. Bu ynsana ömründe bir gezek berilýän  iň ajaýyp peşgeş bolsa gerek. Sebäp şol otdan soň, ýörämde aýagym ýere degmedi,  göwnüm dagyň depesinde pel-pelledi, ýüregim seniň adyň bilen urdy. Şeýdip, meň üçin durmuyşyň, bar barlygyň gyzygy seniň gara gözleriňde jemlendi, ynanmasaň,  aýna bakyp, gözleriňi synla. Ol ýerde diňe meniň keşbimi görersiň…  
Sarygül sap-sary mahmal bägülleri ysgap, Döwranyň göwne ýakymly sözleriniň täsirinden çykyp bilmän oturyşyna  şu pursatyň ömürbaky soňlanmazlygyny isleýärdi…

Ogulgerek Ussaýewa. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle