|

Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasyndan PÄHIMLER we NAKYLLAR / B

Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasyndan PÄHIMLER we NAKYLLAR / B

– B –

Bag – bakja – seniň howlyň lybasydyr!

* * *
Bagt daşyňda däl, içiňdedir!

* * *
Bagt hemişelik bolanda bagtdyr, döwlet yrylmaz bolanda döwletdir, baýlyk halal bolanda bereketlidir.

* * *
Bagt, ykbal birbada berilýän däldir.

* * *
Bagta zähmet bilen ýetilýändir.

* * *
Bagtyň girewi edepli pikirlere, edepli söz¬lere we edepli hereketlere endik etmek¬dir.

* * *
Bagtyýar ýaşamagyň altyn açary dünýä, ýaşaý¬şa bolan söýgüňdedir!

* * *
Baş döwletiňi tapsaň, baýlyga bakma.

* * *
Başyň gökde bolsa-da, topraga tagzym et!

* * *
Başyňy sallamazlyk üçin ruhuň belent bolmagy gerekdir.

* * *
Batyr – uruşda, dana – gaharda, dost – hor¬lukda tanalýandyr.

* * *
Baý bolmaga-da zehin gerek.

* * *
Baýlygy gazanmakdan saklamak, jaý ýerine sarp etmek kyn.

* * *
Baýlygy gazanmankaň, ony sowmagyň pi¬ki¬rini et, soň giç bolar.

* * *
Baýlygy göterinip bilmedik ýol urduryp, azgyn bolar, garyplygy ýeňen adam bolsa my¬radyna ýeter, adam bolar.

* * *
Baýlygy haýyr işe ulandygyňça, bere¬ke¬ti artar, baýlygy ulanman goýdugyňça, öz-özünden hümmeti gaçar.

* * *
Baýlygy ruha gulluk etdir.

* * *
Baýlygy saklamagy başar.

* * *
Baýlygyň çeşmesi zähmetdir.

* * *
Baýlyk – binýatdyr, rehnet – binadyr.

* * *
Baýlyk – gulçulyga, rysgal-döwlet azat¬ly¬ga getirýär.

* * *
Baýlyk – nebsiň keýpi däldir, iliň peý¬dasydyr.

* * *
Baýlyk sildir, siliň öňünde durup bil¬mer¬siň, ondan bir tarapa sowlup aman galan ýagşydyr.

* * *
Baýlyk, zat – ýoldan çykarar. Döwlet-rys¬gal – ýola salar.

* * *
Bedenini mata gundagy, kalbyny hem aky¬lyny edep gundagy bilen gundagla!

* * *
Berip bilýärkäň bermeseň, almaly günüň hem alyp bilmersiň.

* * *
Bermegi başarsaň – minnetdarlyk görer¬siň.

* * *
Beýiklik – diňe Watandadyr we beýiklik Watan bilendir.

* * *
Bägül bagda gowy, gelin-gyz – öýde. 

* * *
Bikärligiň süýjüligi soňy ajy gutarýan gökje hyýaryňky ýalydyr.

* * *
Bikärlik, nadanlyk we ýaltalyk hiç bir duş¬manyň edip bilmejek zyýanyny eder.

* * *
Bilegi zor birini ýykar, bilimli zor – müňüni.

* * *
Bilim – ilden özüňe almakdyr, sarp et¬mek¬dir. Ylym – özüňden ile bermekdir, dö¬retmekdir.

* * *
Bilim we ylym ýaramaz işiň ähti¬mal¬ly¬gy¬ny juda azaldýandyr.

* * *
Bilimi hem-de ylymy adamzadyň özi ta¬pyp¬dyr.

* * *
Bilmek söýgiňi artdyrar.

* * *
Bir aýaly iki är alyp bilmez. Bir ýurda iki töre sygmaz!

* * *
Bir dogran biler, birem – dogan.

* * *
Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr.

* * *
Biri oda siňe seredip, dünýäniň göz¬ba¬şy¬ny görýär, ýene biri oda siňe seredip dün¬ýäniň gutaryşyny görýär.

* * *
Biri süýde siňe seredip gan görýär, ýene biri gana siňe seredip süýt görýär!

* * *
Biedeplik ynsap gülüni guradar, akyl da¬ragtyny çüýreder.

* * *
Biz şahalar, ata-enemiz bolsa daragtdyr.

* * *
Boljak oglan ýaşlykdan bellidir.

* * *
Boýun egmegiň oňady nebsiň göwne boýun bol¬magydyr.

* * *
Bu dünýä gelmek bagtdyr.

* * *
Bulagyň suwy hapalansa, sakasyndan, çeş¬mäniň suwy kesilse, gözünden gör!

* * *
Buzdan sowuk dünýäde ýüregiň yssysy bol¬masa ýaşamak kyn düşýär.

Toplan: Myrat Çaryýew.

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle