|

Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasyndaky PÄHIMLER we NAKYLLAR / A

Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasyndaky PÄHIMLER we NAKYLLAR / A

SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ RUHNAMASYNDAKY PÄHIMLER WE NAKYLLAR

– A –

Abadançylyk agzybirlikdendir.

* * *
Abraý, ýagşy at – bakydyr.

* * *
Açgözlülik adamçylyk mertebesinden aýrar, ýakynlaryňy duşmana öwrer.

* * *
Adalat ýoly – ynsanlar üçin şamçyragdyr.

* * *
Adam adama myhmandyr.

* * *
Adam akyly bilen adamdyr.

* * *
Adam akyly-da gyzyl güldür.

* * *
Adam – Allatagalanyň wagty syzmak üçin ýasan guralydyr.

* * *
Adam atasynyň bilinden, enesiniň bolsa ýüreginden önýändir.

* * *
Adam – bagdyr, zähmet – bagbandyr.

* * *
Adam baýlygyň däl-de, baýlyk adamyň gullugynda bolmalydyr.

* * *
Adam boljak bolsaň, bigänelikde däl, märekede ulal!

* * *
Adam bolmak – özüň bolmakdyr.

* * *
Adam ogly – gelejege barýar.

* * *
Adam ruhy şahsyýetdir.

* * *
Adam söýgi basgançagyna münüp, Ýagşyzada bolup biler.

* * *
Adam şekilli ýaşamagy zähmet bilme!

* * *
Adam tebigata garylyp, tebigat ýaly päk, owadan bolup biler.

* * *
Adam tebigatyň önümi. Tebigatyň perzendi!

* * *
Adam ýerde ýaşaýar, emma adamyň göwni asmanda perwaz urýar.

* * *
Adama atadan gylyk-häsiýet, eneden bolsa zehin geçýändir.

* * *
Adama ýylgyryp bilmegi, gülüp bilmegi Allatagala bagyş edendir.

* * *
Adamdan ýalňyz bir ýadygärlik galýar, ol hem onuň bitiren işleridir.

* * *
Adamy adam eden ylymdyr.

* * *
Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär.

* * *
Adamy özgä berýän bahasy bilen-de tanap bolar.

* * *
Adamyň akyllysy dil öwrener.

* * *
Adamyň borjy – bilmekdir.

* * *
Adamyň gany atadandyr, süňňi bolsa ene¬dendir.

* * *
Adamyň hakyky keşbi – onuň ata-enesine goýýan hormatyndadyr.

* * *
Adamyň ilkinji Watany-da enedir.

* * *
Adamyň ýaramazy günäni özünden gözlemän, döwrüne we jemgyýetine myjabat ýapýanydyr.

* * *
Adamzadyň islendik işiniň manysy haýyr görmekdir.

* * *
Adamzadyň mazmuny döretmekden, ýaratmakdan, agtarmakdan, gözlemekden, gurmakdan ybarat.

* * *
Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaşap bilmez.

* * *
Adamzat tebigatyň iň kämil närsesidir.

* * *
Aga-arkaň gara dagy. Bibi öýüň söýesidir.

* * *
Agam bar – ne gamym bar.

* * *
Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar.

* * *
Agyr zamananyň hem ýeňil günleri bolýandyr.

* * *
Agzybire – Taňry biýr, agzybire – Taňry birdir.

* * *
Agzybirlik – döwletiň ambary, hazynasydyr.

* * *
Agzybirlik – ebedi türkmen milletiniň baş ýörelgesidir.

* * *
Agzybirlik ojakdyr, agzybirlik saçakdyr.

* * *
Ajaýyp adamlar köpelse, durmuş ajaýyplaşar.

* * *
Akyl – adamzat ýaşaýşynyň uslybydyr.

* * *
Akyl – Allanyň gözüdir, ynsap – halk gözüdir.

* * *
Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir.

* * *
Akyl bagtyň kepili, ynsap kämilligiň güwäçisidir.

* * *
Akyl bile ynsap bolsa – daşda däl, içdedir.

* * *
Akyl – biwepalyk etmeýän dostdur.

* * *
Akyl – çözgütdir.

* * *
Akyl edebiniň manysy ataň-eneň gadyr-gymmatyna, tapylgysyzlygyna akyl ýetir¬mek¬den ybaratdyr.

* * *
Akyl – gutarmaýan baýlykdyr.

* * *
Akyl içinden açylýar.

* * *
Akyl jomartlygy – peýdaly pähimleri ündemekdir.

* * *
Akyl kämilligi danalyk, duýgy kämilligi – ruhanalykdyr.

* * *
Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir.

* * *
Akyl nämäni buýursa, dil şony diýer.

* * *
Akyl – öçmeýän söýgüdir.

* * *
Akyl uly güýçdür.

* * *
Akyl we ylym – Alla ýakynlaşmagyň mümkinçiligidir.

* * *
Akyl ylmyň şinesidir, zehin – tohumydyr.

* * *
Akyl ýaşadykça gurba gelýär.

* * *
Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar.

* * *
Akyl ýok ýerinde adam bolmaz.

* * *
Akyl ýok ýerinde ynam-ynanç ýokdur.

* * *
Akyllylygyň şerti sagdynlykdyr.

* * *
Akylyň bolmasa, Alladan gorkyny bilmersiň, ynsabyň bolmasa, ili sylamagy bilmersiň.

* * *
Akylyň iň ýokary derejesi – parasatdyr.

* * *
Alanyňda – bir eliň bilen al, bereniňde – iki eliň bilen ber.

* * *
Alla bilen adamsyň, il-gün bilen kişisiň.

* * *
Alla her kime, her bir jandara rysgal paý¬laýar.

* * *
Alla saňa baýlygy adamlaryň peýdasyna işlet diýip berendir.

* * *
Alla ýaradandyr – ýaradyjydyr. Ene bolsa, döredijidir.

* * *
Alladan gorkan ölümden gorkmaz, ilden çekinen nebisden gorkar.

* * *
Alladan gorkmadyk ölümden gorkar, ilden çekinmedik ryswalykdan gorkmaz.

* * *
Allany, Allanyň wekilini aldap bolmaýar.

* * *
Allanyň bendesiniň ýagşysyny ýaýyň, ýama¬¬nyny, belki, onuň özi düzeder.

* * *
Allanyň halamajak işini eden imansyz, il-günüň halamajak işini eden ryswa bolar.

* * *
Allanyň öňünde imanyň, milletiň öňünde zähmetiň seniň iň uly güwäňdir.

* * *
Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz.

* * *
Allanyň ýaradan bendesi hiç bolmanda sençe-mençe bardyr.

* * *
Allatagala adama akyl beripdir.

* * *
Allatagala adamy atasyz ýaratsa-da, enesiz döredip bilmändir.

* * *
Allatagala bu dünýäni adamzat üçin ýara¬dypdyr.

* * *
Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn.

* * *
Alym hakykatyň dostudyr, jemgyýetiň hyz¬matkäridir.

* * *
Alym – ylym eýesi, jemgyýet – alym eýesidir.

* * *
Amanady aýa, eýesi başgadyr.

* * *
Anyk ýoly bar millet bagtlydyr.

* * *
Aňy we köňli bilen Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düşmez.

* * *
Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr.

* * *
Asyl ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ulga¬mydyr.

* * *
Ata-babalarymyz Asmanda Allatagala, Zeminde Adama ynanýardylar.

* * *
Ata-babalarymyz öz güýjüne, gaýratyna ynan¬ýardylar.

* * *
Ata bilen enäni bagtyýar etmek perzentleriň borjudyr.

* * *
Ata-eneň – iň oňat dostuň, iň wepaly mäh¬ri¬banlaryňdyr.

* * *
Ata-enäniň gadyr-gymmaty ýaşyň geçdigiçe artýar.

* * *
Ata-enäniň ýüregi perzentdedir.

* * *
Ata haky – Taňrynyň hakydyr.

* * *
Ata kesbi – ogla halal.

* * *
Ata münen atasyny tanamaz.

* * *
Ata öz ýalňyşlyklaryna toba etmese, ol ýalňyşlyklary perzendiň gaýtalajagy ikuçsuzdyr.

* * *
Ata – seniň il öňündäki tutarygyňdyr, güwäçiňdir.

* * *
Ata seniň Alladan soňky ikinji hossaryňdyr.

* * *
Ata Watanyna dönüklik eden kişä biziň aramyzda orun-ojak bolmasyn.

* * *
Atalar ölmeýär, olar öz perzentlerinde ýaşa¬ýarlar.

* * *
Ataň adyny, eneň ojagyny ýitirme!

* * *
Ataň bolmasa, sen hem bolmazdyň, ekmedik bolsa, dünýä gelmezdiň.

* * *
Ataň kimdiginden utanma, «Atasyndanam oňat» diýdir.

* * *
Ataň maly terekä salnar, emma abraýy ähli doganlaryňyza bölünmän, bütewiligine geçer.

* * *
Ataň seniň öňki «meniňdir».

* * *
Ataňa näme ýagşylyk etseň, özüňe ýag¬şy¬lyk edeniňdir.

* * *
Ataňy äsgermezlik – özüňi äsgermezlikdir, ataňy sylamazlyk – özüňi sylamazlykdyr.

* * *
Ataňy sylamak bolsa, Watanyňy sylamakdyr.

* * *
«Atasyça ýok» diýlerinden utan.

* * *
Atasyny sylamadyk – ýurduny sylamaz, enesini söýmedik – topragyny söýmez.

* * *
Atasyzlyk – garnyň açlygydyr. Enesizlik – mähir ýetmezçiligidir.

* * *
Atylan oklar, meňzeş hem bolsa, diňe käbiri nyşana degýär.

* * *
Aý, ýyl tiz geçýär diýýäris, ýok, aý, ýyl haýal geçýär, ömür çalt geçýär.

* * *
Aýal äri üçin ýaşar, är il üçin ýaşar.

* * *
Aýal giden öýden döwlet gider, erkek giden öýden tug gider.

* * *
Aýal – öýüň şasydyr, hojalygyň eýesidir!

* * *
Aýaly – başdan, çagany – ýaşdan.

* * *
Aýalyň – kalbyň, uýaň – süňňüň dowamydyr.

* * *
Aýalyň ýykan öýüni Taňry hem düzedip bilmez.

* * *
Aýawlylyk, tygşytlylyk halallykdan ny¬şandyr.

* * *
Aýrylama – ýüregiňi Watanyňdan aýrylama, türkmen!

* * *
Azapsyz ýeriň ady bolmaz, emgeksiz baýlygyň gadyry bolmaz!

* * *
Azmak-azaşmakdyr, azaşmak bolsa, ýoldan çykmakdyr.

Taýýarlan: Myrat ÇARYÝEW.

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle