Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -8: Şahsyýet teswiri
Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -8: Şahsyýet teswiri
8. Şahsyýet teswiri
Garaşsyzlyk adam şahsyýetiniň açylmagy hem ösmegi üçin görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döretdi. Ýetmiş ýyllap höküm süren sowet jemgyýetçilik ulgamy şahsyýetiň ukyplarynyň ýüze çykmagyna päsgelçilik baryny berýärdi. Şu ýerde ýekeje delili – hususy eýeçiligiň düýbünden gadagan edilenligini ýatlamak ýeterlikdir. Şeýle gurluşdan düýpli ruhy hem ahlak netijeleri gelip çykýardy. Ol jemgyýet hökmürowan diýilýän jemgyýetiň hilindendi. Munuň özi şahsyýeti aşykça görmeýän, ony bar güýji bilen basýan äpet döwlet aždarhasydy. Şundan gelip çykýan döwlet aňyýeti bolsa şahsyýeti ikinji derejede goýup, äpet býurokratik manyny dabaralandyrmaga gönükdirilendi. Şeýle ýagdaýda adam şahsyýeti gury sana, adam özboluşly sypatlardan mahrum bolan «nurbata» öwrülýärdi. Şol jemgyýetiň uzaga gitmänliginiň esasy sebäpleriniň biri-de şoldy. Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynda öňki sowet jemgyýetiniň şeýle tersin aýratynlygyna gysgadan anyk hem dogry baha berilýär.
«Öňki jemgyýet, bu, obrazly aýdanyňda, ähli durmuş şertleri umumy bolan umumyýaşaýyş jaýydyr. Garaşsyzlyk bolsa, adamyň şahsyýetini gysyp-gowurýan şol umumylygam, ähli adamlary biraýakdan sürmekligem inkär edýär».
Jemgyýetiň durmuşy-ahlak tebigatyna berilýän häsiýetlendirme juda ýerine düşüpdir. Ol sözüň hakyky manysyndaky tymsaldyr. Çünki munda şol jemgyýetiň adam şahsyýetine tersin gatnaşygy juda jaýdar deňeşdirmäniň üsti bilen berilýär, şondan ýerlikli meňzetme tapmak mümkin däl. Şuňa meňzeş tymsal arkaly pikirlenme adamzat taryhynda döredilen özboluşly taglymatlaryň tas hemmesine mahsusdyr. Çünki taglymat – bu pelsepewi mazmunly ruhy hadysa, tymsal – çeper pikirlenmäniň nusgasy. Belli bolşy ýaly, pelsepe sungatyň, şol sanda edebiýatyň süýtdeş doganydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda sowet jemgyýetiniň şahsyýet meselesi babatdaky tersin alamatlaryny ýok etmegiň ýollaryny salgy berdimi? Elbetde. Munuň esasy ugry, ýoly hökmünde Saparmyrat Türkmenbaşy durmuş-ykdysady babatda hususy eýeçiligi ösdürmegi salgy berdi. Çünki hususy eýeçilik – adam şahsyýetiniň ösmegi üçin, adam şahsyýetiniň gadyryny bilýän jemgyýetiň döremegi üçin esasy maddy-ykdysady şertdir. Hut şu ýerden şahsyýetiň maddy esaslary başlanýar. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen ykdysady özgertmeleriniň esasy aýratynlyklary hökmünde «kiçi hem orta telekeçiligi ösdürmegi, telekeçiler synpyny, türkmen baýlaryny döretmegi» görkezdi. Beýle diýmek – ýüz müňlerçe täze kemally, ösen şahsyýetleri döretmeli diýmekdir.
Emma täze nusgadaky şahsyýet ugrundaky göreşler Saparmyrat Türkmenbaşynyň diňe bir ykdysady pikirlerinde däl, eýsem durmuşy-serhal pikir ýöretmelerinde hem aýan edildi. Umuman, ýeri gelende aýtsak, Saparmyrat Türkmenbaşy taglymaty – munuň özi dünýä, jemgyýet, adam baradaky bitewi taglymat bolup, onuň içinde pikirlenmäniň dürli görnüşlerini tapyp bilersiňiz. Bu ýerde pelsepä, ykdysadyýete, jemgyýetşynaslyga, sungatşynaslyga, taryha, garaz, pikirlenmäniň islendik görnüşine hem şekiline degişli nusgalary tapyp bilersiňiz. Munuň özi türkmen ruhundaky hil taýdan täze bir hadysadyr. Ondan owalky taglymatlarda – Oguz hanyň pikirlerinde-de, Gorkut atada, Göroglydyr beýik Magtymgulynyň taglymatynda-da hil taýdan bir äheňlilikmi, birugurlylykmy – dowam edýär. Olar, köplenç, pelsepeçi ýa bolmasa, taryhçydyr, taryhyň pelsepesidir. Emma Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty hil taýdan, aň şekilleri taýdan köpdürlüdir hem köpgyraňlydyr. Munda biz diňe bir taryhyň pelsepesine däl, eýsem jemgyýetiň pelsepesine-de, sungatyň pelsepesine-de, ahlagyň ýa ykdysady durmuşyň pelsepesine-de duş gelýäris. Bu beýik bir hadysa, beýik bir aýratynlykdyr. Ýa-da, ine, biziň häzirki teswirleýän meselämize – şahsyýet meselesine durmuşy-serhal garaýşy görüp geçeliň:
«Sosial psihologiýa düýpli özgerer: sosialistik ideologiýanyň döreden elgaramalyk endiginiň ýerine täze hakykat adamlarda işeňňirligi, başarjaňlygy, çözgütleri kabul etmäge we şol çözgütler üçin doly jogapkärçilik çekmäge taýýarlygy oýarmalydyr».
Bu ýerde hut durmuşy serhalçynyň ýiti nazary hem bahalary görünýär. Öňki jemgyýetiň aýratynlyklary görkezilende «elgaramalyga endik» diýen jümle ulanylýar. Nähili köp manyly, çuňňur manyly kesgitleme! Megerem, şundan anyk serhaly bermek mümkinem däldir. Soňundan bolsa, içki pikirlenmäniň kanunyna laýyklykda täze şahsyýet hiliniň baş serhal görkezijileri-de sanalyp geçilýär. Işeňňirlik, başarjaňlyk, täze, özboluşly çözgütleri kabul etmek hem jogapkärçilik çekmek.
Öňki serhal, ýagny jemgyýetçilik-serhaly hil bilen munuň arasynda ýer bile gök ýaly tapawut bar. Taglymatyň güýji nämede? Taglymatyň güýji çeper hem pelsepewi pikirlenmäniň oňyn utgaşygynda we kesgitlemeleriň, pikir bahalarynyň anyklygynda, durulygynda hem-de düşnükliligindedir. Birinji aýratynlykda taglymatyň köp many öwüşginliligi, çuňňurlygy, many düýpsüzligi, ikinji aýratynlykda bolsa many anyklygy hem many gümürtiksizligi, many durulygy üpjün edilýär. Bular asla-da biri-birine gapma-garşy sypatlar däldir.
Beýle diýmek ylmy dil bilen çeper diliň goşulyşmagy diýmekdir.
Beýle diýmek sag el bile sol eliň birikmegi diýmekdir.
Iki el birigip ýüzi ýuwar,
Iki pikirlenme birigip, täze ruhy giňişligi – taglymaty döreder.
Saparmyrat Türkmenbaşy şahsyýeti belende galdyrmagy öz syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde görkezdi. Bu owalkylar bilen deňeşdirilende onuň bütinleý täze hilli döwlet işgäridigini, syýasatçydygyny, onuň taglymatynyň hem bütinleý täze hilli taglymatdygyny görkezýän aýratynlyklaryň biridir. Şu babatda onuň gyzyldan gymmatly pähimleriniň iki sanysyny getirmegi zerur hem ýerlikli hasaplaýaryn.
«Maňa ynanyň. Türkmenistanda şahsyýet azatlygy hemme zatdan ileridir. Biz ýöne bu hakda çem gelen ýerde aýdyp ýöremzok, sebäbi biz şu azatlygyň hatyrasyna iş bilen meşgul».
«Milli Galkynyş hereketiniň ruhy sütüni ynsan mertebesini belende galdyrmakdan ybaratdyr».
Şahsyýet azatlygy. Ynsan mertebesi.
Şahsyýetiň azatlygy onuň nähili jemgyýetde ýaşaýanlygyna baglydyr. Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan gurlan täze türkmen jemgyýeti erkin jemgyýetdir. Erkin jemgyýet şahsyýet azatlygyny üpjün edýär. Ynsan mertebesi hem şahsyýet azatlygy üçin jemgyýete bagly şertler, ýagny daşky şertler erkin jemgyýetde döredilendir. Bular üçin zerur bolan içki şertler bolsa her bir şahsyýetiň özüne, içki ukyplaryna, aňly-düşünjeliligine hem-de ahlak sypatlaryna baglydyr.
Şahsyýetiň azatlygynyň içki şertleri örän möhümdir. Şonuň üçinem şu mesele Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynda aýratyn şöhlelenýär.
Adamyň ykbalyny, ilkinji nobatda, özi kesgitleýär. Zehini, gylyk-häsiýeti, işe ukyplylygy, serhal ýasawy ýaly birnäçe görkezijiler adamyň şahsyýetini kesgitleýär. Şol emele gelen şahsyýet hiliniň özboluşlylygyna-da onuň azatlygynyň derejesi baglydyr. Biz, elbetde, bu ýerde şahsyýet azatlygynyň durmuşy-ahlak tarapyna agram berýäris. Adam jemgyýet öňündäki borçlaryna nähili düşünýän hem olary ýerine ýetirýän bolsa, şonça-da onuň azatlyk duýgusy kemala gelýär. Şahsyýetiň hukuk azatlygyny, erkinligini jemgyýet kesgitleýär, emma onuň ahlak azatlygyny onuň ynsap kämilligi kesgitleýändir. Adam öz ynsabynyň öňünde özüni erkin duýmasa, oňa berilýän hukuk azatlygyň manysy ýokdur. Emma adam öz wyždanynyň öňünde özüni päk duýsa, onda, elbetde, ol jemgyýet tarapyndan berilýän hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik alýar. Diýmek, ahlak azatlygy şahsyýetiň hut özüne bagly bolup, ol döwlet tarapyn şertlendirilýän hukuk azatlygynyň esasy sütünidir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda şahsyýet meselesiniň iň esasy tarapy – türkmen jemgyýetiniň wekili bolan şahsyýetiň nähili sypatlara eýe bolmalydygy ýeterlik beýanyny tapandyr. Bu hakda onuň aýdan, şeýle hem Ruhnama kitabynda beýan eden dürdäne pikirlerini getirmek isleýärin.
«Hakykat ýolundan ýöreýän adamlar ynsanlaryň buýsanjydyr. Eger halkyň şeýle ogullary näçe köp bolsa, ol halk şonça-da beýikdir we ol Watan, ol döwlet şonça-da kuwwatlydyr».
«Biz indiden beýläk her bir adama onuň Watanyna edýän hyzmaty boýunça baha bereris».
«Diňe öz eden işiňden lezzet alyp, onuň halka bähbitlidigini bileniňde, bütin durkuň bilen oňa guwananyňda, diňe şonda ýurdumyz abat bolar».
«Özi haram adama halky yzyna düşürmek başartmaz».
«Bu gün Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy öz köňlünde ata-babalaryna, olaryň gurmak islän döwletine, özünden soň ogul-gyzynyň ýaşajak ýurduna wepa sütünini galdyrmalydyr».
Ine, Altyn asyrda türkmen şahsyýetine mahsus bolan sypatlaryň birnäçesi şulardan ybaratdyr. Munuň özi Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda türkmen ruhunda ozal bolan taglymatlaryň tebigy suratda jemlenýändigini görkezýär. Türkmen şahsyýetine Göroglynyň hyjuwlylygy, işinden lezzet alşy, Magtymgulynyň halallygy, hakykatçyllygy, Gorkut atanyň watançylygy mahsus bolmalydyr. Ol terkidünýä bolmazdan, jemgyýetiň, Watanyň ähli döreden şertlerinden peýdalanmaga hukuklydyr, şol bir wagtda-da ol Magtymgulynyň Hudaýyň öňündäki borçlaryna yhlas edişi ýaly, Watanynyň öňündäki borçlaryny mydama berjaý edip gezmelidir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň beýikligi – ol täze türkmen durmuşy üçin täze şahsyýet nusgasyny berdi. Saparmyrat Türkmenbaşy bize çyrag berdi. Çyrag mydama öňüňi ýagtyldýar. Ol taryhyň garaňky ýollarynda şahsyýeti hem milleti pikirsizlikden, iňkislerden hem artykmaç hossalardan halas edýär.
Edebi makalalar