| |

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -3: Watan teswiri

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -3: Watan teswiri

3. Watan teswiri

«Ene hüwdüsi ýaly mylaýym, ene gujagy ýaly ýyly zat barmy?» diýseler, «Watan!» diýip jogap bererdim.
Saparmyrat Türkmenbaşy,
"Ruhnama".

Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasynyň ikinji kitabynyň «Watançylyk ruhy» atly bölümi – Watan hakdaky deňsiz-taýsyz ajaýyp aýdymdyr. Bu aýdymy okadygyňça okasyň gelýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň her bir sözi pähim, her bir sözi nakyl. «Edebiň ýagşysy Watany söýmekdir», «Biz edil Hudaýa sežde edişimiz ýaly, Watana sežde etmelidiris».
«Watan – Allanyň başymyza geýdiren täjidir».
«Her bir adam Watanyny hem enesini söýşi ýaly söýmelidir!»
Watan – geografiki däl, ruhy düşünjedir.
Türkmeniň Watany – türkmen ady dakylanyň ruhy mekany hem ruhy ojagydyr. Belli bir ýurtda mekan tutunan ata-babalarymyz ruhy dünýäni, ruhy gymmatlyklar ulgamyny döredipdirler. Şol hem biziň Watanymyzdyr.
Watan pelsepesi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň esasy binýatlarynyň birini düzýär. Türkmen halky Türkmenistan diýilýän ýurtda millet bolup döredi, ösdi hem kemala geldi. Bu ýurduň tebigy şertleri, maddy mümkinçilikleri biziň milli häsiýetimizi terbiýeledi, ahlaky hem ruhy gymmatlyklarymyzy kemala getirdi. Şonuň üçinem Watan biziň her birimiz üçin esasy we hemmämiz üçin umumy gymmatlykdyr. Maşgalanyň daýanjy ojak bolsa, milletiň daýanjy Watandyr.
Watan – türkmeniň ojagydyr. Watan – türkmen üçin mukaddeslikdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda Watanyň birligine hem ýeke-täkligine aýratyn ähmiýet berilýär.
Watan biziň ruhlarymyzy birleşdirýän daýanç nokadydyr. Watan adamy ýekesiremekden, ýalňyzlykdan hem ýadyrgamadan halas edýär. Bu bäş günlük dünýäde Watan adamy arkaly hem buýsançly edýär. Eger Watany bolmadyk bolsa, adamyň ömrüniňem manysy bolmazdy. Türkmenlerde ogulsyz-gyzsyz, maşgalasyz adam betbagt hasap edilipdir, bu häzirem şeýle hasaplanýar. Näme üçin? Sebäbi, ilki bilen-ä, şeýle adam kimdigine, baýlygyna, wezipesine, gaýry artykmaçlyklaryna garamazdan, ýalňyzdyr. Galyberse-de, onuň yzy, ömrüniň soňy ýokdur. Onuň ölümi bilen ruhy ömri-de tamamlanjak. Watansyz adamyň betbagtçylygy-da şonuňka barabardyr. Watan – bizi ötegçilikden, yzsyzlykdan halas edýär. Eger Watanyň beýikligine, onuň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna goşant goşup bilseň, onda seniň ömrüň kesilmeýär. Adamyň bir jany, birem Watany bar. Galan zatlaryň öwezi bolýar. Diňe Watan bilen janyň öwezini tutýan zat ýok.
Emma bu ikisiniň özara gatnaşygynda-da ýene Watan ileridir. Çünki jan diňe meniňkidir, Watan bolsa hem meniňki, hem hemmämiziňkidir. Şonuň üçinem türkmenler bu ikisiniň birinden geçmeli bolsa, hemişe diňe janlaryndan geçipdirler. Çünki Watan ýeke-täkdir, oňa janymyzy gurban etmek bile, biziň her birimiz öz ruhumyzy aman saklaýarys.
Jan baky däl, ruh bakydyr.
Ruh – Watan ummanynyň bir damjasydyr.
Damjajyk ekenim diýip kemsinme, göwnüm! Göwün tapawudynyň öwezini hil deňligi, hil meňzeşligi dolýar. Içki manysy, gymmaty boýunça, içine sygdyryp bilýän many köpdürlüligi, çuňlugy hem giňligi babatda umman hem bir, damja-da bir, Watanam bir, ruh hem bir.
Damja – ummanyň bölegi däl, onuň içki barabarlygydyr.
Aýratyn alnan türkmen Watanyň diňe bir bölejigi däl, onuň ähli sypatlarynyň hil taýdan bir şahsyýetde jemlenmesidir. Şahsyýet bilen Watanyň, ömür bile Watanyň hersini hakykat terezisiniň bir tarapynda goýanyňda, Watanyň agyr gelýänligi mukdaryň däl, hiliň meselesidir.
Emma diňe kämil şahsyýet bu hiliň ruhy hem many agramyna akyl ýetirip bilýändir. Çünki diňe kämil kişiniň göwni dünýä nämälimliginiň tüni içre ýakylan çyraga meňzeýändir. Watan bolsa barlyk nämälimliginiň bir künjüniň mälimlige öwrülmesidir, ömür manysyzlygynyň mana gelmesidir. Diňe Watan düşünjesi arkaly biz özümiziň ýaşaýşymyza adamçylyk manysyny berip bilýäris. Eger Watan düşünjesi, Watan duýgusy bolmadyk bolsa, onda ol adamyň şu dünýäden ýüz dönderäýen bolmagy-da ahmal. Hut şeýle ähmiýetliligi bilen Watan biziň üçin mukaddeslik derejesine ýetýändir…
Daşarda ak ýagyş ýagýar. Ak ýagyşlar dünýäniň ruhuny täzeleýär. Ýeriň astyndan gögerip çykýan maýsalar, gyzyl gülälekler, ýaz gelende ukudan oýanýan janly jemende Allanyň yşgynyň kemala gelmesidir. Ak ýagyş basgyn bolan ruhuma aralaşýar, sergin howasy kalbymy giňeldýär, ak damjalaryň el bile döredilmedik, el gatylmadyk owazlary hakydamy ümmülmez türkmen sähralaryna alyp gidýär. Onsoň kalbymda tenekar ak nuruň astynda meýmireýän giň meýdanlaryň, ol nury jana noş edip, ruhuňa siňdirýän alaňlaryň bu ak ýagyşlar bile özüne dirilik dowamatynyň gaýdyp gelendigini kanagat bile syzyp oturan daglaryň, asmandan inýän ýagmyr bile öz synasynyň artjakdygyna düşünip ýatan Jeýhunyň – mahlasy, külli türkmen topragynyň ruhy janlanýar. Meniň ruhum bularyň baryny – bu äpet barlygy içine sygdyrmaga ukyply närse, ummana barabar damja, ummana goşulyp, ummana öwrülip bilýän damja bolup durýar.
Damja – köp, umman bolsa – ýeke-täkdir.
Emma ummana öwrülmek – ýitip gitmek däldir. Watanyň arzysy, gudraty hem mukaddesligi-de şundadyr.
Ýeriň göwsünden güberçekläp çykan daglar,
Göwnüm kibi giň,
Mertebäm kibi uly şäherler,
Olara jan berip ýatan mele suwly derýalar,
Mahmal düşek ak alaňlar,
Oba ujundaky depede bir gysym gum bolup ýatan ata-babalarymyň mazarystanlyklary – 
Ine, biziň Watan diýýänimiz. Şonuň üçinem her gezek bular göz öňüme gelende, gözüme ýaş aýlanýar.
Watan duýgusy kimin süýji hem lezzetli, inçe hem näzik, göwün gopduryjy hem heserli duýgy bolmaz ekeni. Dabanyň bile ak takyrlaryň mährini, süňňüň bile tylla Günüň nuruny, endamyň bile Watan şemalynyň serginligini özüňe siňdiresiň gelýär, jan gözi bilen Watan jemalyny görüp, jan gulagy bilen Watan owazlaryny eşidesiň gelýär. Saý-sebäp bilen ömürlik ýa-da wagtlaýyn Watandan aýra düşen kalbyň sesi köşegini ýitiren maýanyň bozlamasyny, owlagyn aldyran jereniň mäleýşini, gyzyl lälesini gideren bilbiliň hasratyny ýada salýar. Watan diňe jemgyýetçilik düşünjesi däldir, Watan adamyň içki, pynhan duýgusyna öwrülip bilýän ýeke-täk jemgyýetçilik gymmatlygy. Onuň üýtgeşik mukaddesligi-de şu ýerden gelip çykýar.
Bary-ýogy dört setir, emma munda türkmeniň Watan duýgusy iň belent perdede ýaňlanyp dur. Belent perdäniň owazy köňül taryna kakyp, adam gözüne ýaş aýlanýar. Watan öz goýnuna ata-babalarymyzyň ömürleriniň siňenligi, öz goýnunda ata-babalarymyzyň ruhlaryny hem süňklerini saklaýanlygy üçin mukaddesligiň aňrybaşydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky Watan ýeke-täkligi hem mukaddesligi baradaky pikirleri öz täsirliligi bilen kalbymda şu duýgulary oýarýar. Döwlet bilen Watanyň arasynda içki janly baglanyşyk bar, bularyň hersi ruhumyzyň iki sany agyrlyk merkezidir.
Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazdy:

«Döwlet – düşünjedir, pikir gymmatlygydyr.
Watan – duýgudyr, kalbyň gymmatlygydyr.
Pikir bilen duýgy bolsa ruhy mazmunyň ýüze çykýan esasy iki pursadydyr». Hut şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynda bu ikisi özara baglanyşykda göz öňüne getirilýär. «Her daban ýeri atalarymyzyň ganyna boýalan ýurdumyz biz üçin iň uly mukaddeslik, iň uly buýsanç. Biz öz ata-baba ýurdumyzda bina edilýän döwletimiziň her bir tutumynda şu mukaddeslikden, şu buýsançdan ugur alýarys».

Bu topraga biziň örkümiz bagly. Üns berseňiz, türkmen dilinde «toprak» sözi XX asyrda Watan manysyny berip başlandyr. Çünki biz ýigriminji asyrda gaty dünýewileşdik. Nusgawy pelsepämizde hem nusgawy dünýäni duýşumyzda biz, köplenç, asmana ymtylýardyk. Emma iň uly mukaddeslik şu toprak ekeni. Biziň ähli ýeňişlerimiz, şatlyk-hasratymyz, gowgaly hem parahat geçmişimiz, bar buýsanjymyz hem mukaddesligimiz şu topragyň goýnunda eken.
Käwagt türkmen topragynda öň baryp görmedik obalaryňa, ýerleriňe baranyňda täsin bir duýgyny başdan geçirýärsiň! Hamana, edil şu ýerde öňem bir gezek bolan ýaly! Şonda öz-özüňe şeýle diýýärsiň: men bolup göremok, emma meniň ruhumda şu ýerde öň bolup gören ata-babalarymyň hakydasy ýatyr, şol oýanýandyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda Watan düşünjesi hem duýgusy çuňňur hem hertaraplaýyn beýan bolandyr. Onuň ähli taraplaryny doly agzaman, diňe üç sany pursady belläp geçmek bilen çäklenmekçi bolýaryn. Olaryň üçüsi-de Watanyň mukaddesligi bilen baglanyşyklydyr. Birinjisi – Watany başyň täjine deňemek.
«Prezidentden başlap, uludan-kiçä hemmämiz agzybirlikde Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekmelidiris, öz Watanymyzy başymyza täç etmelidiris». Şu deňeşdirmäniň özünden many beýikligi görünýär. Çünki türkmen özi üçin iň arzyly hem mukaddes zatlary başynyň täjine deňeýär. Gözüň göreji hem başyň täji. Bu iki aňlatma, köplenç, bilelikde ulanylýar. Emma manysy boýunça bu ikisiniň arasynda tapawut bar. Gözüň göreji – zerurlygy, gymmatlygy has köp nygtaýar, çünki göz adamyň durmuşy zerurlygy bilen baglanyşykly. Başyň täji bolsa – il içinde abraýlyk hem mertebelilik bilen has köp baglanyşykly. Magtymgulyda Watan gözüň görejine deňelýärdi. Sebäbi şol taryhy döwürde Watan, döwlet juda uly zerurlykdy, amal bolmaly hajatdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamanynda ol amal bolan zerurlyk mertebe, abraý derejesine göterilmelidi. Göz tebigy agza, täç bolsa göreş hem zähmet bilen gazanylýar. Diýmek, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu deňeşdirmesini mantykly pikirleriň diline geçirsek, Watanyň abraýy hem mertebesi ugrunda hemmämiziň zähmet çekmelidigimiz baradaky pikir gelip çykýar. Täçli baş – buýsançly, arkaly hem özüni ile ykrar etdiren adamyň başydyr.
Bu sözüň içki ruhy manysyny beýleki tarapdan külterläniňde, başyň täji – iň eziz zat. Geçmişde türkmenler başy açyklygy kän halamandyrlar. Muny «başy açyk, aýak ýalaň» diýen aňlatmadan hem görüp bolýar. Başyň täçli bolmagy bolsa, şahsy mertebäniň iň ýokary derejesidir. Çünki täç – döwletiň nyşany bolup, ol mertebeden başga ygtyýarlygy hem aňladýandyr.
Watan – biziň ygtyýarlyklarymyzyň hem hukuklarymyzyň jemidir. Watany başyňa täç etmek hem türkmeniň baky bagtyýarlyga, erkinlige we ygtyýarlylyga ýetendigini alamatlandyrýan nyşandyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyndaky ruhy taglymatynda Watanyň enä deňelýän pursatlary-da bar. Bu-da mukaddeslik baglanyşygynyň bir özboluşly halkasydyr. Perzent enäniň öňünde baky bergidardyr. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýýär: 

«Türkmen her näçe kynçylyk görse-de, horluk çekse-de, ene sözüne uly hormat goýýar. Biz hut enäni söýşümiz ýaly, Watany söýmelidiris». 

Bu pelsepäniň çuňňur milli hem düýpli many gatlaklary we öwüşginleri bar. Mähir meselesinde ata garanyňda ene has eziz bolýar, çünki mähir-söýgi duýgy hadysasydyr.
Gadym zamanlarda bir adamyň endamyna erbet ýara düşüpdir. Nähili melhem etse-de, hiç aýrylmaýarmyş. Onsoň ol dünýäde iň güýçli diýilýän tebibiň ýanyna barypdyr. Tebip oňa:
– Sen öz eneňi ynjydypsyň, şonuň üçinem şu hili derde uçrapsyň. Ýöne munuň emi bar. Eneňi kyrk günläp egniňde göter, ezizle. Kyrk günden soň eneň göwsüne süýt iner. Şol süýdi dag çeçegine garyp, ýaraňa ýapsaň, gutularsyň!
Soň şol tebibiň aýdyşy ýaly bolupdyr. Şu rowaýat, megerem, «Gorkut atanyň» Bugaç han hakyndaky boýunyň bir görnüşi bolmaly, çünki şol ýerde-de Bugajyň enesi ogluny şu hili ýol bilen ölümden alyp galýar.
Şu täsin rowaýat Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky pikiri bilen owazlaşyp, üýtgeşik bir manyny berýär. Watanyň özi-de bir melhemdir, onuň barlygy-da bir melhemdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Watany enä deňemesiniň ikinji bir täsin tarapy-da bar. Sowet aňyýeti Watan düşünjesini aşa howaýylaşdyrdy hem syýasylaşdyrdy, ony her bir şahsyýetden, şahsy gymmatlyklardan hem şahsy ynançdan üzňe, başga bir zat hökmünde göz öňüne getirjek boldy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky taglymatynyň şu meseledäki artykmaçlygy hem beýikligi – ol Watany islendik adamyň şahsy ynançlarynyň hem gymmatlyklarynyň hataryndaky duýgy-düşünje hökmünde göz öňüne getirdi. Şahsyýet üçin, aňy, ýüregi ýerindäki adam üçin eneden eziz näme bolup biler?! Enäni peýdalylygy ýa bähbitliligi üçin däl, enäni diňe eneligi üçin biz söýýäris. Edil şu hili gatnaşyk Watan babatda-da amal bolmalydyr. Watany peýdasyna ýa ýene bir zadyna garap däl, diňe onuň Watan bolany üçin söýmelidiris.
Watanyň üçünji bir zada – Hudaýa deňelmeginiň aňyrsynda-da şu hili gymmatlykly garaýyş ýatýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tymsal şekilli şu pikiri aýdypdy: «Garyp günde bir döwüm çörek tapman ýörenem Allany çagyrýar. Gurply ýaşaýan baý kişi hem Alla diýip ýatyp-turýar. Güzerany kyn pukara kişi hem hiç mahal «Hudaý maňa gargady. Şonuň üçin men Hudaýa ynanjak däl» diýmeýär. Agyr gününde hem Hudaý diýip gaýtalap otyr. Şunuň manysyna düşünýäňizmi, ýaşlar?! Watan hem edil şunuň ýaly bolmalydyr».
Munuň özi sözüň hakyky manysynda ajaýyp pikirdir. Ol diňe Watanyň ähmiýetini hem bu duýgynyň tebigatyny däl, eýsem diniň ýaşaýyş güýjüni we dini serhalyň düýp tebigatyny-da düşündirýär. Din diňe bir jemgyýetçilik hadysasy bolman, eýsem her adamyň şahsy ömrüniň ynanç esaslary bilen baglanyşykly hadysadyr. Dini duýgy hem düşünje adamyň tas biologiki ýasawyndan gelip çykýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, Watan duýgusy we düşünjesi şonuň ýalydyr, şonuň ýaly bolmalydyr hem. Eger Watan gymmatlygy adamyň öz şahsy ynanç gymmatlygyna öwrülse, onda adam mertebesiniň ýokary göterildigidir.
Şeýle duýgy Türkmenistan Watanymyzda kemala geldi.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle