| | | | |

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -2: Döwlet teswiri

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -2: Döwlet teswiri

2. Döwlet teswiri

Üýtgedip gurmak diýlip atlandyrylan döwürde mankurtçylyk diýen durmuşy hadysa hakda köp gürrüň edildi. Mankurtçylyk diňe bir milletiň ýaşaýşynda däl-de, eýsem köp halklaryň ýaşaýşynda bolup geçen hadysadyr. Ol halkyň öz aslyndan daşlaşmagyny, halkyň taryhy hakydasynyň ýöntemleşmegini, telperleşmegini, hatda käbir pursatlarda öçmegini-de aňladýardy. Emma şunda bir zady berk bellemeli – mankurtlyk ruhuň däl-de, aňyň keselidir. Ruh halkyň esasyny, gönezligini aňladýar, eger oňa zeper ýetse, halk azmak, üýtgemek bilen bolýar. Aň bolsa halkyň durkunyň iň üstki gatlagy bolup, aň halkyň öz-özüne gatnaşyk aýtymyny alamatlandyrýar.
Biziň öz edebiýatymyzda şu hili aň zeper ýetmelerini Beýik Serdar açdy. Ol «mähelle» sözüne ikinji bir ömür berdi, ýönekeý sözi pelsepewi düşünjä öwürdi.
Mähelle – milletlik sypatyny ýitiren adamlaryň toplumydyr. Ýetmiş ýylyň bet maksatlary tutunan ýowuz aňyýeti hem sowet durmuşy köp adamlarda milli agraslygyň, esaslylygyň, arkalylygyň hem buýsanjyň kemelmegine getirdi.
Mähelle şu hili adam hiliniň aňladylmasydyr hem-de jemidir. Emma «mähellelik» keseli-de ýene ruhuň däl-de, aňyň keselidir. Eger türkmeniň ruhuna düýpli zeper ýeten bolsa, onda biziň Garaşsyz döwleti gurmak esasymyz juda gowşak bolardy. Emma, Hudaýa şükür, geçen döwür biziň döwletimiziň gaty berk ruhy esaslarda gurlandygyny dünýä äşgär etdi. Türkmeniň müňýyllyklarda edinen ruhy esaslaryny ýumurardan ýetmiş ýyl juda ejizdir. Ol özüniň täsirliligi boýunça dümew ýaly bir zatdyr. Şoňa garamazdan, biziň her birimiz öz aňymyzdaky mankurtlyk hem mähellelik galyndylaryny ýok etmek üçin öz-özümizi kämilleşdirmek ugrunda işlemelidigimizi Beýik Serdar öz çykyşlarynda aýratyn nygtaýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky döwlet baradaky taglymatynda esasy pikirleriň biri türkmen döwletiniň tüýs milli ruhyýete esaslanýandygy baradaky düýpli ýörelgedir. Bu hakda ol gaýtalap-gaýtalap aýdýar, her bir dialektiki gaýtalanmanyň aňyrsynda bolsa hemişe düýpli kanunalaýyklyk ýatýar. Saparmyrat Türkmenbaşy milli ruhy gönezligimiziň saklanyp galyşy hem onuň geçiş döwründäki ähmiýeti barada şeýle diýipdi:

«Oýlanyşyklylyk, örän uly sabyrlylyk, alňasamazlyk türkmen halkynyň ganynda bardyr. Şeýle bolmadyk bolsa, ol çölüň şertlerinde diri galyp bilmezdi. Türkmeniň şu sypatlary bolany üçin bize imperiýanyň dargamagynyň kyn döwrüni kän bir ýitgi, horluk çekmezden geçmek başartdy».

Milletiň häsiýeti onuň ruhy aslyýetinden gözbaş alýar. Şonuň üçinem ahlaky häsiýetler, sypatlar tebigatyň ýowuzlygyna döz gelmäge kömek etse, onuň ruhy häsiýetleri taryhy durmuşyň kynçylyklaryndan sag-aman geçmegine ýardam berýär.
Döwlet – milli ruhuň mumyýasydyr hem gaýmagydyr. Hut şol sebäpden milli döwlet millete mahsus ähli ruhy-ahlaky sypatlarynyň amal bolmagyny, syýasy erk arkaly bir ýere jemlenmesini alamatlandyrýar. Hiç mahal döwlet boş ýerden döremeýär, eger döräýende-de, onuň uzaga gitmejegi düşnüklidir. Biziň Garaşsyz döwletimiz milli esaslarynyň berkligi bilen güýçlüdir. Türkmen döwleti türkmeniň ruhy-taryhy tejribesiniň özleşdirilmeginden döredi hem kemala geldi. Ol milletiň ruhy döredijilik mümkinçilikleriniň iň ýokary aýtymlarda – syýasy aňda hem-de syýasy erkde amal bolmasydyr. Täze taryhy pursatda halkyň durmuşy ýörelgeleriniň içki göçme manysy açylyp, ol döredijiligiň täze bir şekiline geçipdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň nakyl, hikmet häsiýetli şu pähimi-de şoňa şaýatlyk edýär:

 «Pederlerimiziň agzybirlik bilen üýşüp, öý dikmek däbi bolupdyr. Dünýewi, demokratik döwletiň binýady gurulýan şu zamanda şol asylly däbe dolanyp gelip, tutuş halk bolup, ägirt uly täze bir öý tutmaga girişdik… Täze türkmen öýüniň gurluşygyna işenňir gatnaşyp, dünýä şugla saçjak şol öýi bezemek, onuň ähli türkmen öýi bolmagy üçin şu günlerden çynlakaý alada etmek ýaşlaryň jana-jan wezipesidir».

Bu ajaýyp, adam aňyna bada-bat täsir edýän, tüýs türkmençe aýdylan pähimde belläp geçmeli birnäçe pursat bar. Birinjiden, täze döwleti gurmak türkmeniň taryhy endikleri bilen, taryhy tejribeleri bilen milletiň öň ulanylmadyk döredijilik ukyplarynyň utgaşygydyr. Biz hem öňküligimizi saklamaly, hem ruhumyzda we aňymyzda gizlenip ýatan  syýasy ukyplary ýüze çykaryp, täze bir millet bolmaly. Ikinjiden, bu ýerden döwlet gurluşygynyň ähli halkyň işidigi baradaky möhüm pikir, eger isleseňiz, jemgyýetçilik ýörelge gelip çykýar. Döwletiň esaslandyrylmagyna we dolandyrylyşyna näçe köp aň, näçe köp ýürek gatnaşsa, ol döwletiň ömri şonça-da uzak bolar. Ylaýta-da, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu taryhy işe ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygy baradaky ýaňzytmasy ünsüňi çekýär. Häzirki ýetişip gelýän ýaşlar ruhy taýdan bütinleý täze nesildir. Çünki olaryň aňynda ýetmiş ýyllyk synpy aňyýetiň täsiri ýokdur.
Emma türkmeniň öňden gelýän ruhy ýörelgelerinde ýaşuly nesli akyl-paýhas meselelerinde öňe tutmak esasy aýratynlyklaryň biridir. Şu aýratynlyk täze gurlan türkmen döwletiniň ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda Garaşsyz Türkmen döwletiniň milli ruhy esaslaryna aýratyn ähmiýet berilendigini biz öňem ýaňzydypdyk. Saparmyrat Türkmenbaşynyň aşakdaky sözleri munuň anyk tassyklanmasydyr: 

«Döwlet gurluşygynda, meniň pikirimçe, iň möhüm zat milli aýratynlyklary, halkyň taryhyny, psihologiýasyny we şuňa meňzeşleri göz öňünde tutmakmyka diýýärin». 

Eger biz döwletiň häzirki dolandyryş usullary bilen gadymy edebiýatymyzdaky çeper-taryhy maglumatlary deňeşdirsek, bu sözleriň hakykatdygyna oňat göz ýetireris. Oguz hanyň geňeşdarlaryny ýada salalyň. Hususanam, Reşideddiniň «Oguznamasyndaky» Ýuşa goja, Gün hanyň weziri edilip görkezilýän Yrkyl goja, Gorkut ata ýaly ýaşulular hemişe türkmen döwletini dolandyrmaga gatnaşypdyrlar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran Garaşsyz hem baky Bitarap döwletini dolandyrmakda Halk maslahatynyň esasy döwleti dolandyryş edaralarynyň biridigi hemmä aýandyr. Halk maslahatlarynda döwletiň iň möhüm meseleleri maslahatlaşylýar hem-de döwlet ähmiýetli kararlar kabul edilýär. Ine, halkyň taryhy döwlet tejribesiniň iş ýüzünde dowam etdirilmegi.
Döwleti dolandyrmak – türkmençe aýdylanda, ýurt soramakdyr. Diýmek, döwlet – ýurdy soraýan merkezdir. Bu kesgitlemeden döwletiň syýasy merkezdigi oňat görünýär. Çünki sözüň, düşünjäniň janly, durmuşy manysynda ýurt soramak häkimligiň iň ýokary derejesini aňladýar, ýurda eýelik etmegi, ähli babatlarda hökümdarlyk etmegi aňladýar. Türkmeniň aňyndaky döwletiň hut şu hili düşünjesinden hem Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet taglymaty, şol taglymatdan bolsa döwlet baradaky syýasaty hem-de amalyýeti gelip çykýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky kesgitlemesine ýene bir gezek aň edip göreliň. Ol döwlet gurluşygynda halkyň milli serhalyndan ugur almaly diýýär. Diýmek, halkyň öňden gelýän aňynda döwlet diýen düşünje näme diýen sowaldan ugur almaly. Türkmeniň aňynda bolsa, döwlet syýasy häkimligiň iň ýokary derejesidir. Halk owaldan öz serhaly boýunça şeýle ýokary häkimliligi ykrar edýär hem-de ol onuň ygtyýarlyklaryna tabyn bolmaga serhaly taýdan taýýardyr. Hut şu hili ýörelgeden ugur alsaň, onda döwlet gurluşygy meselesinde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, oňyn hem-de oňat netijeleri gazanyp boljak eken, ýurdy ýaramaz hadysalardan aman saklamagyň özeni şu ýerde ýatýan ekeni. Biz Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli syýasy öňbaşçy hökmündäki beýikliginiň özenlerini-de şu hili ruhy inçeliklerden gözlemelimikäk diýýärin. Hut şu hili meselelerde-de Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyň türkmen ruhunyň owaldan gelýän ýörelgeleri bilen taryhy arabaglanyşygy hem-de onuň öňkülere garanda bütinleý täzeligi görünýär.  Magtymguly Pyragynyň öňem agzalyp geçilen «Döker bolduk ýaşymyz» atly meşhur goşgusyny ýada salalyň.
Bu goşguda şahyryň pikir ýörediş usulyna üns beriň. Ol hut halkyň döwlete gulluk etmek meselesini goýýar. Munuň özi tüýs türkmençe pikir ýöretmedir. Näme üçin döwlete gulluk etmeli? Çünki, birinjiden, döwlet – milletiň ruhy gaýmagydyr. Milletiň iň oňat, iň beýik ruhy güýçleri we mümkinçilikleri döwletde jem bolýar. Türkmeniň birnäçe asyrlap dowam eden taryhy pajygasy onuň iň oňat ruhy güýçleriniň bir ýere jem bolmanlygyndan ybaratdyr. Diýmek, döwlete gulluk etmek – milletiň özüniň içki kuwwatlyklaryna gulluk etmegidir. Ikinjiden, döwlete arka bermek bilen bütin millet öz şu gününi hem-de gelejegini üpjün edýär.
Milli döwlet – milletiň öz durmuşyny içki taýdan gurnamagynyň taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jem bolýar. Ol bir ýere jem bolubam, milli durmuşy taryhy taýdan rejeleşdirmek hem-de sazlaşdyrmak üçin işe girişýär. Milli döwleti gurnamak ukyplylygy – halkyň taryhy ýaşaýşa ukyplylygy, geljegini amal etmäge ukyplylygydyr.
Şeýlelikde, halkyň döwlete gulluk etmegi – iş ýüzünde onuň öz-özüne gulluk etmegidir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky döwlet taglymatynyň hem-de döwlet pelsepesiniň durmuşa ukyplylygy, janlylygy onuň milli serhala esaslanýandygynda diýdik. Milli döwlet keseki ýurtdan, özge ýerlerden getirilip oturdylan, şu ýurduň suwuna, topragyna laýyk gelmeýändigi üçin gurap galýan daragt däldir. Tersine, ol hut şu topragyň aýratynlyklaryndan ösüp çykan, şonuň üçinem köki çuňluklardan gaýdýan, örän berdaşly daragtdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Biziň öz ýolumyz bar, biz öz ýolumyz bilen gideris!» diýen nazary ýörelgesiniň şeýleräk içki-ruhy manysy bar. Öýkünjeňlik hiç bir işde-de gowy zat däldir weli, döwlet gurluşygy babatda öýkünjeňlik etmegiň howpy has-da uludyr. Çünki bu ýerde tutuş milletiň bähbitleri hem-de geljekki ykbaly ara düşýär. Munda ýalňyşlyk etmek milletiň bähbitlerine uly howp salýar. Muny biz beýleki halklaryň galagoply, hunabaly durmuşyndan görüp bilýäris.
Milli döwleti gurmak işi – halkyň taryhy döredijilik işine meşgul bolmagydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet taglymatynda döwlet gurluşygy döredijilik işi hökmünde göz öňüne getirilýär. Döwlet gurmak – maddy hem ruhy döredijilikdir, milletiň öz-özüni döretmegidir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik hem ruhy babatlarda öň bolmadyk gymmatlyklar döredilýär. Türkmeniň döredijilik gorunyň şeýle işjeň, gyzgalaňly hem-de öndümli amal bolan wagty entek taryhda bolan däldir. Iň täze, göze dürtülip duran ýönekeýje mysal: Türkmenistanda sowet ýyllarynda ýetmiş müň tonna golaý däne alnan bolsa, indi üç million tonnadan agdaryp däne hasyly alynýar. Munuň-da ruhy manysy taryhy döredijiligiň bir görnüşidir. Munuň özi türkmeniň rysgalynyň öndürilmegi hem döredilmegidir. Maddy, hususanam azyk garaşsyzygy ruhy garaşsyzlyga esas goýýar. Ruhy garaşsyzlyk bolsa serhal taýdan, akyl-paýhas taýdan ahlak hem ruhy gymmatlyklar manysyndaky özbaşdaklyk hem-de garaşsyzlykdyr. Muňa türkmençe «öz başyňy özüň çaramak» diýilýär.
Emma taryhy ýaşaýyşda başyňy çaramagyň her hili görnüşleri bolupdy. Görogly zamanyndaky başyňy çaramagyň manysy bütinleý başgaçady ahyryn. Munuň özi taryhy mejburylygyň hem-de galagoplugyň zamanydy, başyňy aman saklamagyň taryhy döwrüdi. Şonuň üçinem ol döwürde milletiň öz-özüni ykrar etmesiniň esasy usuly gylyç hem-de at-ýaragdy. Şol taryhy döwrüň içki manysyna seredeniňde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenler ozal at-ýarag bilen özüni dünýä tanatdylar, indi biz akyl-paýhasymyz bilen tanalmalydyrys» diýen örän düýpli taryhy pelsepesi hakydaňa gelýär.
Göroglynyň erkanalygy taryhy mejburylykdan dörän erkanalykdy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran döwleti milleti erkinlige çykardy.
Türkmen dili baý dil, erkanalyk bilen erkinligiň arasynda düýpli tapawut bar. Erkanalykdan tapawutlylykda erkinlik taryhy döredijilige getirýär. Erkanalyk güýç bile, at-ýarag bilen saklanýar, erkinlik bolsa akyl-paýhasyň önümi hem-de akyl-paýhas serişdesi bolan döwlet tarapyndan goralýar hem amal edilýär. Erkanalyk adamy ruhy meselelerde tas hiç zada borçly etmeýär, çünki ol adamyň hiç bir zat tarapyndan çäklendirilmedik islegleriniň hem duýgularynyň möwç urmasydyr. Erkinlik bolsa şeýle çäksizlikden aýrylan azatlykdyr. Erkinligiň ikinji tarapy borçdur. Döwlet adam şahsyýetindäki erkinlik hem borçlulyk isleglerini sazlaşdyryjy bolup hyzmat edýär. Erkin adam erkanadan tapawutlylykda döwletiň raýatydyr. Raýatlylyk bolsa hukuklylyk bilen bir wagtda borçlulykdyr hem. Raýat döwletiň öňünde, halkyň, Watanyň öňünde tebigy suratda borçludyr. Çünki döwletiň özi-de raýatlary babatda ummasyz köp borçlary öz üstüne alýar. Görogly zamanynda erkana kişiniň öňünde şeýle borçlary üstüne alan döwlet bolmansoň, erkana kişiniňem borçlulyk duýgusy ösen däldir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet taglymaty şu meselede ajaýyp sazlaşdyryjy uşlyby özünde saklaýar.
Döwletiň hukugy raýatlaryň borçlaryna esaslanýar, döwletiň borçlary bolsa raýatlaryň hukuklaryndan ugur alýar. Munuň özi taryhy taýdan täze milli ýaşaýşy kemala getirýär. Munuň özi ýüzlerçe ýyllyk döwürde baslygyp ýatan milli döredijilik ukyplarynyň ýüze çykmagyna, milletiň ykdysady, jemgyýetçilik hem ruhy babatlarda görlüp-eşidilmedik derejelerde ýokary galmagyna taryhy esaslary döredýär.
Akyl-paýhas bile özüni ykrar etdirmegiň döwlet-syýasy manysy, meniň pikirimçe, şundan ybaratdyr. Ýöne Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň degişli pelsepesine dogry hem çuňlugynda düşünmegiň zerurlygyna ünsi çekesim gelýär. Ol sözler şu wagta çenli akyl-paýhasyň türkmen durmuşynda ýer almandygyny asla aňlatmaýar. Ol pelsepe akyl-paýhasyň, özem türkmen janly durmuşynyň önümi hem türkmeniň taryhy tejribesiniň jemi bolan akyl-paýhasyň milletiň taryhy ýaşaýyş ýörelgesine, döwletiň baş ýörelge derejesine çenli göterilendigini aňladýar. Munuň özi Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň esasy pelsepeleriniň biridir hem-de türkmeniň taryhy durmuşynda bütinleý täze öwrümiň, ýoluň açylandygynyň, türkmen ruhunyň üýtgänliginiň alamatydyr. Bu täze taryhy şertlere we ýagdaýlara laýyk gelýän ýörelgedir. Soňky müňýyllyk ruhy taryhymyzda şundan düýpli pelsepe öňe sürlen däldir.
Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan gurlan döwlet onlarça, aýdaly, 50 ýa 60 ýyllyk maksat bilen gurlan döwlet däl. Onuň ömri ýüzlerçe ýyllara gitmelidir – dowamata öwrülmelidir. Döwletiň ömrüniň şeýle uzak boljaklygy, onuň esasynda-da onlarça däl, ýüzlerçe ýyllyk taryhy-ruhy tejribäniň ýatanlygy bilen düşündirilýär. Daragtyň belentligi hem ömrüniň uzaklygy onuň kökleriniň çuňlugy, berdaşlylygy hem-de ony iýmitlendirýän topragyň sagdynlygy bilen ölçenýär. Bu döwlet Oguz hanyň, Seljuk-türkmen soltanlarynyň, Gorkut atadyr Göroglynyň, hezreti Magtymgulynyň taryhy hem döwlet tejribelerini esas edinýär. Şol berk esasdan hem beýik taryhy maksatnamalar hem maksatlar gelip çykýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň taryhy maksatlary hakynda şeýle diýýär: «Maksadymyz – Türkmenistany beýleki döwletleriň hatarynda abraýly, parasatly, arkalaşykly, dünýewi döwlete ýetirmekden ybaratdyr». Şu ajaýyp pelsepede türkmen döwletiniň esasy taryhy sypatlary sanalyp geçilýär.
Abraýly diýmek – bu özüniň içerki hem daşarky syýasatlarynda türkmeniň ýüzlerçe ýyllyklarda işläp düzen adamkärçilik, ahlak ýörelgelerine daýanýandygyny aňladýar. Munuň özi ulynyň öňünde peselmezlik, kiçiniň öňünde eselmezlik ýaly döwlet ýaşaýyş ýörelgesidir.
Parasatly diýilmegi, bu döwletiň akyl-paýhas esasynda dörändigini we akyl-paýhas bilen edara edilýändigini aňladýar. Akyl-paýhas giňgöwrümliligiň, oýlanyşyklylygyň önümidir hem-de kanagatlylygyň ýaranydyr.
Arkalaşykly diýmek – bu döwletiň dünýä jemgyýetçiligi üçin açykdygyny, bitaraplygyň onuň esasy daşarky ýaşaýyş syýasatydygyny aňladýar. Bitaraplygyň gapma-garşylygy tarapçyllykdyr, tarapçyllygyň has betnyşan görnüşi bolsa tarapgöýlükdir. Tarapçyllyk ahlaky taýdan men-menlige, özgeleri äsgermezlige hem-de ulumsylyga daýanýar. Halkara gatnaşyklarynda-da, döwletara hem adamara gatnaşyklarynda-da tarapçyllyk – ýüz görmek, kimdir biriniň tarapyny çalmak, ala tutmak, örän köp zyýanlara hem adalatsyzlyga getirýär. Muňa türkmeniň taryhy-ruhy tejribesi-de, dünýä halklarynyň tejribeleri-de gözli şaýatdyr. Tarapçyllyk – adalatsyzlygyň, bitaraplyk – adalatyň özenidir. Munuň özi, adamzadyň baş ahlaky sapaklarynyň biridir. Adamzadyň döreden esasy kitaplarynyň, baş gymmatlyklarynyň içinden şu pikir eriş-argaç bolup geçýär.
Türkmen döwletiniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan kesgitlenen ýene bir sypaty – dünýewilikdir. Dünýewilik döwlet bilen diniň arasynda syýasy çäkleriň goýlandygyny aňladýar. Din döwletiň köpsanly ruhy esaslarynyň diňe birisidir. Ondan başga döwlet ahlaga, pelsepä, syýasy aňa, sungata we beýlekilere daýanýar.
Sanalyp geçilen sypatlar biziň döwletimiziň türkmen halkynyň hem tutuş adamzadyň ýörelge edinip gelen ahlaky düzgünleriniň döwlet gurluşygyna siňdirilendigini görkezýär. Şu ýerdenem onuň ömrüniň uzaklygy aýandyr, çünki taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, diňe şo hili ýörelgeler uzaklara gidýändir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky döwlet taglymatynda onuň syýasy çeýeligi, çulumlygy edil häzirki taryhy pursadyň aýratynlyklaryndan onuň ussatlyk bile baş alyp çykyşy oňat görünýär. Döwlet gurluşygyna degişli anyk wezipeleri taryhy taýdan dogry çözüp bilenligi bilen Beýik Serdarymyz özge syýasatçylardan düýpli tapawutlanýar. Şonuň üçinem, özge ýerlerde ulanylan döwlet ýörelgelerini dogma hökmünde köre-körlük bilen kabul etmän, hut durmuşyň talap edýän milli aýratynlyklaryna gol ýapýar. Şu nukdaýnazardan onuň taglymatyndaky esasy pikirleriň birine garap geçeliň. Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýipdi:

«Adamyň hukugy döwletiň milli bähbitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

Munuň özi adam hukuklaryny ikinji derejeli zat hökmünde düşündirmek däldir. Ol özge owadan sözlere duwlanyp, döwletiň esaslaryna zeper ýetirmek isleýän käbir ýörelgeleriň öňüne böwet bolmakdyr. Milli döwlet – milletiň bähbitleriniň hem islegleriniň jem bolmasydyr. Şol jemlige ters gelýän syýasy sapalak atmalara ýol bermek millete hyýanatçylyk bilen barabar bir zat bolardy. Türkmen aňynda jemgyýet bilen şahsyýetiň gymmatlygy deňdir, taryhyň aýry-aýry pursatlarynda bolsa olaryň birinjisi tebigy suratda öňe çykýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet baradaky taglymatynyň göz öňünde tutýan taryhy geljeginiň uzaklygy barada oýlananyňda, şu tymsal ýadyňa düşýär.
Ýaşy gaýdyşyp ugran Ependi uzak wagtdan soň miwe getirip başlaýan agaçlary oturtmaga başlapdyr. Adamlar muňa geň galypdyrlar. Olar Ependiden:
– Aý, Ependi, sen bu agaçlary oturdyp, näme azara galyp ýörsüň? Barybir, bularyň miwesinden datmak saňa nesip etmez ahyryn?!
– Biz datmasak, nesillerimiz dadar – diýip, Ependi jogap beripdir.
Döwlet miweli agaç pisint bir zatdyr. Ýöne her deňeşdirmäniň bir kemçiligi bar diýen ýaly, döwlet Ependiniň agajyndan tapawutlylykda eýýäm miwelerini berdi. Saparmyrat Türkmenbaşynyň has uzaga gidýän taglymatyny göz öňünde tutanyňda, onuň geljekde berjek miweleriniň deňi-taýy ýokdur.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle