Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -10: Ruhuñ teswiri
Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -10: Ruhuñ teswiri
10. Ruhuň teswiri
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň Altyn asyryň bosagasyndaky durmuş mugallymy boldy. Onuň Ruhnama kitaplaryny okanyňda, bitiren işlerini göreniňde we bular hakda yzygider oýlananyňda, şeýle netijä gelýärsiň: Saparmyrat Türkmenbaşy adaty bir döwlet işgäri däldi. Çünki ol ýöne bir döwlet gurmak bilen, ony ösdürmek bilen çäklenmedi. Bu beýik şahsyýetiň gabarasy hem manysy has beýikdir. Ol öz milletine onlarça däl, ýüzlerçe ýyllyk ýaşaýyş pikirlerini hem ýörelgelerini, endiklerini hem serişdelerini miras galdyrdy. Gözümiziň alnynda türkmen Türkmen boldy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýet beýikligi onuň ruh baradaky taglymatynda has aýdyň ýüze çykýar. Saparmyrat Türkmenbaşy – ruhuň beýik pelsepeçisi hem amal edijisidir.
Taryhy şahsyýetiň beýikliginiň ölçegleri, megerem, ýüzlerçedir. Emma, meniň pikirimçe, olaryň aýratyn göze ilip duranlary bolýar. Ylaýta-da, bu döwlet işgäri bolan şahsyýetlerde has aýdyň bolýar. Olaryň beýikligi – jemgyýeti, jemagaty galkyndyryp, beýik maksatlar hem pikirler ugrunda aýaga galdyryp bilşinde has oňat görünýär. Saparmyrat Türkmenbaşy bütin milleti bir ugra gönükdirmäni başardy. Beýik taryhy maksada ugrugan milletiň taryhy döredijilige bolan ähli ukyplary, hatda onuň ozal özüniňem oslamadyk mümkinçilikleri birden ýüze çykýar. Şu manyda Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň biziň yzygider gozgaýan pelsepe meselämiz – ruhy döredijilik meselesinde öňki taglymatlardan uly artykmaçlygy bar. Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň taglymatlary ruhy döredijiligiň ajaýyp nusgasydyr, şol bir wagtda-da olar ruhy-taryhy döredijilik baradaky ajaýyp pelsepelerden doludyr. Emma, bu iki artykmaçlykdan başga-da, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky taglymaty ruhy döredijiligiň nusgasy bolmak hem-de özünde ruhy-taryhy döredijilik baradaky düýpli pelsepeleri saklamak bilen çäklenmän, eýsem islendik adamy-da şol hili ruhy-taryhy döredijilige iterýär. Ol adamlaryň özüne taryhy döredijilik bilen meşgullanmaga ýol hem puryja açýar. Saparmyrat Türkmenbaşy diňe oýlanmany, pikir döretmäni däl, eýsem olary durmuşa geçirmäni-de başarýan taryhy şahsyýetdi.
Men bu sözleri häzir durmuşymyzda möwç alýan ajaýyp hem anyk taryhy galkynyşy – Türkmeniň Altyn asyrynyň Ruhnamasynyň täsirini göz öňünde tutup aýdýaryn.
Biziň ruhy ulgamymyzy döreden we ösdüren Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Onuň Garaşsyz Türkmen döwletini esaslandyraly bäri öňe süren pikirleri türkmeniň Mukaddes Ruhnamasynyň esasyny düzýär. Onda türkmeniň iki müň ýyllyk taryhy-ruhy tejribesi jem bolup, bu her bir türkmen raýatyna ýol görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär.
Ruhnama türkmeniň geljekki nesilleriniň ruhy iýmiti bolar. Hut şunuň gymmatlyklary we ýörelgeleri esasynda türkmeniň täze şahsyýeti kemala gelýär.
Ruhnama Beýik Serdaryň türkmeniň dünýä, döwlet, jemgyýet, Watan, millet, şahsyýet, demokratiýa, ahlaky gymmatlyklar baradaky sözüdir. Ol türkmen ruhunyň daýanjydyr.
Millet diňe daşky milli aýratynlyklary bilen göze görnenok, ol ilkinji nobatda, içki ruhy aýratynlyklary bile özgelerden tapawutlanýar. Aslynda, daşky aýratynlyklar-da içki ruhy üýtgeşikligiň ýüze çykmasydyr, şonuň beýanydyr. Daragtyň-da ýapraklary tohumyna görä röwüş alýar. Milletiň içki mazmuny onuň ruhudyr, köňül bolsa umumy milli ruhuň şahsy birligidir.
Ruh umman bolsa, köňül şol ummanyň damjasydyr.
Ruhnama täze döwürde – türkmeniň Garaşsyz hem baky Bitarap döwründe köňül saplygynyň, köňül gözgüsiniň durulygyny hem berkligini gazanmagyň bir alajydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy ruhuň durmuş üçin ähmiýetini öwran-öwran nygtady. Ruh hem durmuş gatnaşygynda ol hemişe birinjiligi ruha berýär. Çünki, dogrudanam, ruh beýik hadysadyr. Bu hakda biziň mugallymymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýdi:
«Haçan-da halkyň ruhy belent bolanda, şol halkyň ýaşaýan döwletem uly hem baý döwlete öwrülýändir».
Munuň özi düýpli pelsepewi pikir hem uly pelsepewi ýörelgedir. Barça zadyň esasy – ruhdur. Biz şu hili pelsepäniň hem taryhy köklerini, hem onuň täze zamana laýyk özboluşlylygyny görýäris. Magtymgulynyň taglymatyny ýada salalyň. Ol ýerde ähli zadyň başlangyjy, esasy hem merkezi beýik Allatagaladyr. Hudaý-da – ruhy güýçdür. Şol ruhy güýjüň täsirinde barça älemleriň ýaşaýşy kemala gelýär hem amal bolýar. Şeýle pelsepäni biziň taryhy döwrümiz anyk jemgyýetiň taryhy ýaşaýyş hakykatyna geçirýär. Milletiň esasy hereketlendiriji güýji onuň ruhudyr. Milleti galkyndyrmak isleseňiz, ony ruhy taýdan hyjuwlandyrmak, taryhy göreşlere höweslendirmek zerurdyr. Ine, Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama taglymatyny şu täze taryhy wezipelere hem maksatlara laýyklykda işledi. Biz onuň pikirlerinde häzirki durmuşymyz üçin geçmiş ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetli meselesini görýäris. Ol: «Biz geçmişdäki unudylan ruhy baýlyklarymyzy dikeltmeli. Häzir ruhy gymmatlyklary döretmeli, geljege uly ynam bildirmeli» diýdi.
Hut Ruhnamanyň ýardamy bilen nesiller arasyndaky ruhy arabaglanyşyk gaýtadan dikelýär, geçmişiň, geljegiň hem şu günüň arzyly ruhy bitewüligi üpjün edilýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy taglymatynda durmuşda ulanýan ähli düşünjelerimiziň ruhy manysy hem ähmiýeti açylyp görkezilýär. Aslynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamany – türkmen halkynyň altyn ruhunyň zamanydyr. Ruh görlüp-eşidilmedik derejede ösýär hem berkeýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy döwründe türkmen milleti Ruhnamanyň sapaklary esasynda öz-özüni açýar, öz ruhuna gaýtadan taryhy taýdan akyl ýetirýär. Bu zaman taryhy aňly-düşünjeliligiň zamanydyr. Eýsem-de bolsa, bu nämäni aňladýar? Uzak taryhy gelejek nukdaýnazardan alanyňda, Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatyndan öňki taglymatlarda akyl, paýhas öňe tarap ümzükmändi. Olarda milletiň taryhy ykbaly, geljegi aňly, düşünjeli açylmaýardy, taryhy pikirlenme taryhy anyklykdan mahrum bolup, howaýy häsiýete eýedi. Ilkinji bolup Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada paýhasy geljege hut şu gün ýaly hakykylyk hökmünde seretdi. Gijäň garaňkylygynda uzaga düşýän çyra ýaly, Ruhnama paýhasy geljegiň uzak aralygyny aýdyňlaşdyryp ugrady.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyzlyk zamanynda türkmen halkynyň taryhy hakydasynyň oýanyp, möwç urandygyny bilýäris. Millet indi-indiler özüniň kimdigini, kim bolandygyny bilip ugrapdy. Öňler öz taryhyna degişli käbir atlary, käbir wakalary üzlem-saplam, üstesine-de gümürtik hem ynamsyz göz öňüne getiren millet taryhyna ulgamlaýyn suratda akyl ýetirip ugrady. Taryh biri-biri bilen baglanyşykly halkalardan düzülen bütewi zynjyr şekilli ruhy mana eýe boldy.
Millet öz-özüni diňe özi üçin däl, eýsem dünýä, özgeler üçin hem açdy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taryhy gahrymanlygy bilen dünýä özi üçin türkmen milletini gaýtadan açdy. Indi muňa islendik türkmen oňat düşünýär. Beýle beýik taryhy maglumatyň ýeke özüniňem halkyň ruhunyň ösüşi üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr, çünki bu milletde bimöçber buýsanç duýgusyny hem täze taryhy nusgalara we maksatlara mynasyp bolmak islegini döredýär. Bir bägülüň gaýtadan gunça ýaryşy ýaly, bir tämiz çeşmäniň gaýtadan göz açyşy ýaly, bir beýik derýanyň gaýtadan joş alşy, bulutlaryň bugaryp giden ýerlerine täze hyjuw bile toplanyşyp gelşi ýaly, türkmen milleti özüniň öň ýitiren taryhy orunlaryna gelýär we öz beýik ogly Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty bilen ruhlanyp, sözüň hakyky manysynda taryhy ýaşaýşa başlaýar.
Taryhy ýaşaýşa diňe millet ukyplydyr.
Taryhyň nämedigine düşünen, geçmişini aňlan, geljegini görýän millet taryhy ýaşaýşa başlaýar.
Milletiň gaýtadan döreýşiniň ruhy jähetleri meselesinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň iki sany beýik pähimini şu ýerde getirmek parzdyr:
«Türkmenistany, türkmen halkyny dünýä giňden tanatmak üçin biz, ozaly bilen, özümizi, öz taryhymyzy, öz medeniýetimizi we sungatymyzy iňňän içgin bilmelidiris. Halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklary aýratyn hem ýaş neslimiziň aňyna we kalbyna pugta siňmelidir».
Beýik Serdar Ruhnamasynda: «Taglymat – dünýägaraýyşdyr» diýýär.
Dünýägaraýşyň üýtgeşmesi anyk pelsepewi hem ahlaky düşünjeleriň we çelgileriň özgermesi görnüşinde bolup geçýär. Çünki janly durmuşda umumylyk diýlen zat ýok, durmuş hemişe anyklykdyr. Şu manyda millet, Watan, raýat, şahsyýet, mertlik, namartlyk, nebis, rysgal, halal, haram, ynanç, iman ýaly ýüzlerçe düşünjeleriň täze taryhy-pelsepewi, ahlak-pelsepewi manylary açylýar. Şol manylar Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze döwlet hem jemgyýet gurluşygy diýýän tüýs durmuş hakykatlary bilen baglanyşyklydyr. Aýdaly, bizde hususy eýeçiligiň ýola goýulmagy bilen hususy bähbit diýilýän düşünje döreýär. Häzire çenli hususy bähbit tersin, ýaramaz zat hökmünde görlüp gelindi. Indi şu meselede biziň özge akyla gulluk etmelidigimiz durmuşy zerurlyga öwrüldi. Täze jemgyýetde hususy bähbide – kanuna ters gelmeýän hususy bähbide hormat goýulmalydyr, çünki ol şahsyýetiň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar. Şonuň ýaly-da, mertlik, namartlyk ýaly ahlaky düşünjeler Watan, millet bilen baglanyşyp, has giň jemgyýetçilik-pelsepewi manylara eýe bolýar.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze jemgyýetçilik pikirini, täze milli ruhy, täze ahlaky ölçegleri kemala getirmek ugrundaky ägirt uly işleri özüniň anyk netijelerini berdi hem berýär. Bu beýik ynsan türkmen adyny ýokary götermekden ötri alyp baran syýasatlarynda, Ruhnamasynda we anyk işlerinde ruhuň dürli serişdelerine giň ýol açdy. Ruhuň serişdeleri – adam ruhuny tämizleýji hem belende galdyryjy serişdeler. Bu ýere sungatyň ähli görnüşleri girýär. Saparmyrat Türkmenbaşy sungatyň düýp manysyna hem jemgyýetçilik ähmiýetine örän düýpli düşünýärdi. Biz onuň taglymatynda sungatyň özboluşly nazaryýetiniň bardygyny görýäris.
Elbetde, Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet işgäri, taryhy şahsyýet hökmünde, köplenç, sungatyň jemgyýetçilik wezipesine we ähmiýetine uly üns berýärdi. Onuň pikirlenmelerinde dörediji şahsyýetiň halkyň, döwletiň, jemgyýetiň öňündäki borjy baradaky çuňňur oýlanmalar hem inçe synlamalar köpdür. Men häzir olary ýekänme-ýekän ýatlap oturjagam däl. Emma, şol bir wagtda-da, Saparmyrat Türkmenbaşynyň sungatyň çeperçilik, gözellik tebigatyny bütinleý üýtgeşik, özge aň bile göz öňüne getirýändigini aýtmalydyryn. Şu meselede juda möhüm bir pähimi getirmezlik mümkin däl. Ol pähim şundan ybaratdyr: «Sungat älem giňişligine şöhle salýan Gün mysalydyr. Hakyky sungat ynsan ruhuna güýç berýän dermandyr». Men sungatyň adam ruhy üçin täsirine hem ähmiýetine şundan güýçli berlen bahany bilemok. Sungat – nur, sungat – ýagtylyk. Eger çyn sungat bolmadyk bolsa, älem, dünýä, durmuş, ýaşaýyş garaňkylykdan ybarat boljak.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň güýçlüligini, onuň döwlet işgäri hökmünde alyp baran işleriniň hem syýasatlarynyň şowlulygyny men onuň şeýlekin inçe meselelere juda çuňňur düşünenliginden diýip bilýärin. Hawa, biziň gözümiz juda köpden bäri, örän köp wagt bäri beýle hildäki taryhy şahsyýete düşmändi. Ol öz şahsyýetinde döwlet işgäriniň çuňňur paýhasy bilen jemgyýetçilik aňynyň kanunlaryndan baş çykarýan jemgyýetşynasyň paýhas inçeligini hem ruhuň meselelerine belet ruhşynasyň duýgy-köňül inçeligini utgaşdyrdy. Edil şu pähim bolsa onuň paýhasynyň pygamberlik hiline hem derejesine şaýatlyk edýär:
«Adam hiç haçan lapykeçlige ýüz urmaly däldir. Elmydama özüňe ynanmaly, özüňe guwanmaly, öňde goýan maksadyňa ýetmeli. Eger-de öňde goýan maksadyňyza ýetjek bolsaňyz, siz hökmany suratda çydamly bolmaly, kalby giň, ruhy belent bolmaly».
Häzirki wagtda täze türkmen jemgyýeti, türkmen milleti döredilýär. Munuň özi bu jemgyýetiň hem milletiň ruhy ýörelgeleriniň, özboluşly ruhy gymmatlyklarynyň bolmalydygyny aňladýar. Türkmeniň Ruhnamasy-da şol ýörelgeleriň hem gymmatlyklaryň özboluşly ulgamydyr.
Her halkyň öz ruhy ýaşaýşy bar. Emma halkyň ruhy ýaşaýşy aňly-düşünjeli işlenip düzülen gymmatlyklar tarapyndan ugrukdyrylmadyk, özakymlaýyn häsiýete eýe bolan ýaşaýyşdyr, şonuň üçinem onuň ertir haýsy tarapa öwrüm etjegi näbelli. Millet – aňly-düşünjeli gurnalan ruhdur. Çünki milletiň elinde şeýle gurnamanyň ajaýyp usuly, serişdesi bolan döwlet bar.
Ruhnama – XXI asyryň türkmeniniň elindäki ýaşaýyş çyragyna öwrüldi.
Taryhyň nämälimlik tümlüginiň öz oýunlary hem wehimleri bar. Halk ýa-da halkyýet ol tümlükde çak bilen, akyl bilen ýöreýär. Paýhasyň çyragy milletiň taryhy ýollaryny ýagtylandyrýar. Ruhuň ýollaryndaky şol çyrag Ruhnamadyr. Şeýle çyrag ertirki gününi, geljegini aýdyň göz öňüne getirmek isleýän millet üçin ilkinji zerurlykdyr. Çünki beýik Magtymguly:
Ýol uzak, garaňky, duman görüner
– diýýär.
Garaňkylykda hem ümür-dumanda, ýoluň uzaklygynda içi boş, gözgüsi hapa bilen örtülen köňülleriň büdremesi hem azaşmasy aňsatdyr. Ruhnama azaşmazlygyň hem büdremezligiň kepilidir.
Ruhnama – ruhuň, türkmen ruhunyň beýik döredijilik işidir. Döredijilik meselesinde halk bilen milletiň arasynda näçe menzil tapawut bar? Elbetde, halkda-da az-owlak döredijilik işi hem döredijilik sypatlary bardyr. Emma düýp tebigaty boýunça halk, köplenç, öýkünjeňdir. Onuň hatda Hudaý tarapyn herki zada berilýän döredijilik gujury-da, esasan, özgelerden alan zatlaryny özüçe işlemäge gidýär. Emma millet – öýkünjeňlik däl, döredijilikdir. Millet öz ruhuny özi döredýär. Şu gününi hem geljegini milletiň özi döredýär. Döwlet işinde döredijilik – munuň özi özgeleriňkä meňzemeýän döwlet edara ediş ulgamyny hem syýasy ýörelgeleri döretmek, iş ýüzünde kemala getirmek hem şonuň bilen ýaşamakdyr. Maddy durmuşda döredijilik – munuň özi milli ykdysadyýeti hem maddy gymmatlyklary öz akylyň hem öz elleriň bilen döretmäni başarmakdyr. Maddy nygmatlar – ekerançylygyň hem maldarçylygyň, senetkärçiligiň hem hünärmentçiligiň, senagatyň hem oba hojalygynyň önümleridir. Şol önümleri bilen dünýäde şan-şöhrat gazanan hem gazanýan milletleri maddy nygmatyň gadyryny bilýän hem olardan peýdalanýan islendik adam tanaýandyr. Munuň özi milletiň maddy döredijiliginiň amal bolmasydyr. Şeýle maddy özboluşlylygyň hem beýikligiň aňyrsynda-da ruh ýatyr. Çünki ruhsuz hiç bir hili döredijilik işi mümkin däl. Çünki döredijilik diýmek azatlyk, pikir hem el-aýak hereketi diýmekdir, azatlyk bolsa, hereket bolsa ruhdan gaýdýar. Ruh näçe az bolsa, ýöntem bolsa, döredijilik hem şol gadardyr. Ruhuň ýok ýerinde döredijilik hem ýokdur, edil şemalyň ýok ýerinde tolkunyň bolmaýşy ýaly, edil yrgyldynyň ýok ýerinde owazyň bolmaýşy ýaly, edil pikiriň ýok ýerinde paýhasyň bolmaýşy ýaly.
Sungatdaky döredijilik – ruhy-milli gymmatlyklary döretmekdir. Ruhnama türkmen milletiniň ruhy döredijilik gujuryny milletiň täze taryhy durmuşyna sarp etmegiň bir usulydyr. Adamzadyň beýik sungat eserlerini döreden aýry-aýry milletlerdir. Edebiýatdaky hem sungatdaky täzelikler – çeperçilik gymmatlyklar bolup durýar. Ruhnama türkmeniň çeperçilik gymmatlyklarynyň ulgamydyr hem ol täzeki çeperçilik gymmatlyklaryň döremegi üçin mümkinçilikdir.
Ruhnama arkaly türkmen milleti öz döredijilik ukyplaryny kämilleşdirýär.
Ruhnama arkaly türkmen milleti öz-özüni kämilleşdirýär.
Emma döredijiligiň bu görnüşi düýpli häsiýete eýedir. Biz şu manyda türkmen milletiniň döredilýän, gaýtadan esasynyň goýulýan döwründe ýaşaýarys.
Ruhnama – türkmeniň ahlaky kadalarynyň hem türkmen şahsyýetiniň ahlaky sypatlarynyň jemi bolar. Bu ýerde müňlerçe ýyllyk taryhda kemala getirilen ahlaky gymmatlyklar birin-birin teswir edilýär. Halallyk, lebiz, iman, rysgal, döwletlilik, haýyr, ýagşylyk, pespällik ýaly ahlaky düşünjeler hem sypatlar türkmeni türkmen edýän zatlardyr. Ruhnamanyň güýji şol ahlaky gymmatlyklaryň durmuşdaky hereketinde hem janlylygyndadyr.
Ruhnama – türkmen milletiniň ruhy hamyrmaýasydyr. Ol türkmen dünýägaraýşynyň hem dünýäni türkmençe duýşuň esasydyr, özenidir. Ol şol bir wagtda hem ruhuň pelsepesi, hem ruhuň ahlaky kadalary, hem ruhuň jemgyýetçilik pikiriniň tejribesi, hem döwlet-syýasy, taryhy garaýyşlaryň badalgasydyr. Türkmeniň bu paýhas şekilleriniň bary Ruhnamadan gelip çykýar.
Ruhnama – türkmen taryhynyň bäş müň ýyllygyndan syzylyp çykýan mumyýadyr. Şonuň üçinem ol sekiz asyrlyk döwletsiz ýaşalan ýyllarda synan köňülleriň seýigine öwrüldi.
Edebi makalalar