|

Şapak şöhlesindäki şäher

Şapak şöhlesindäki şäher ŞAPAK ŞÖHLESINDÄKI ŞÄHER

Gezim edýän çagalygmyň şäherne…
Tanyş onuň her bir künji, jemalam.
Synlap gözüm gananok meň säherde,
Eljiräp öwüsýän tomus şemalam

Ýakut ýaly salkymyny miweleň,
Köl ýüzüni sypap, berýär salamyn…
Görýän guwlaň jennetine giribem,
Arzuw edip gapdalynda galanyň.

Bir döwürler şu diwardan beýlede
Ýaşap öten syrlaň gizlin sapagy
hakdaky pikirler ýesir eýleýär
Şöhlesinde seni altyn şapagyň!

Terjime eden Orazmyrat Myradow Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle