Sapak (Gülküli kyssa)
Dükandan täzeje welosiped satyn aldym-da, her gün işden soň türgenleşip başladym. Birbada öwrenişmedigimdenmi, aýaklarym syzlap azar berdi. Soňabaka agyrylar aýrylyp, kem-kemden bedenime ýeňillik aralaşdy. Özümi sagdyn duýdum. Öň günde bäş-alty kilometr aralygy geçýän bolsam, indi bu aralygy on-on bäş kilometre çenli uzaltdym. Şeýdip, her gün hem gezelenç etdim, hem bedenimi tapladym.
Bir günem göwnüm has uzaklary küýsäp, obamyzyň gaýrasyndan geçýän uly gara ýola çykdym. Gözüňe söweýin, aýna ýaly ýaldyrap duran tekiz ýol. Näçe sürseňem, uzaga gitseňem, ýadawlyk duýjak gümanyň ýok. Gaýtam, barha keýpiň göterilýär. Şeýle bolansoň, menem tigrimi aldygyna haýdatdym. Edil suw pese giden ýaly eňip barýan. Göwnüm joşup, sesimiň ýetdiginden aýdyma-da hiňlenýärin. Gezekli-gezegine ellerimi aşak-ýokaryk hereketlendirip galgadýaryn. Ýoldaky sürüjilerem deňimden ýylgyryşyp geçýärler. Olaryň arasynda kellesini ýaýkaýanlaram, ellerini galgadýanlaram bar. Bir sürüj-ä ulagynyň aýnasyndan kellesini çykaryp:
— Haý, berekella! Türgen diýibem şuňa diýäýseň — diýip, öwgimi ýetirdi.
Şondan soň-a hasam bat aldym. Öňden haýal barýan bir ýeňil ulag-a tasdan ozupdym. Onuň sürüjisem özüne göwni ýetýän ýigit eken. Ulagy könerägem bolsa, basdy gazyna. Menem ondan galmajak bolup, tigrimi bar güýjüm bilen haýdatdym. Motor motor bolýar. Ýetdim-ýetdim bolýanam welin, ol öňe zymdyrylýar. Şol kowalaşyp barşyma ep-esli ýol geçipdirin. Aýaklarymyň ysgyny gaçyp, dura-bara yza galdym. Hälki sürüjem, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ulagyny zagyldadyp, «Nätdim?» diýen manyda elini galgadyp gitdi.
Ahyry ýoluň gyrasyna çykyp saklandym. Geýimlerim öl-myžžyk bolupdyr. Maňlaýymdan burçak-burçak der syrygýar. Ýörejek bolsam, aýaklarym diýenimi edenok. Gözümiň öňi dumanlap dur. Göwrämi aşak goýberdim. Näçe wagt oturanymy bilemok. Deňimden geçen äpet ulagyň güňlenç sesine özüme geldim. Daş-töweregime garanjaklaýan. Ýoluň iki tarapy hem tokaýlyga öwrülen beýikli-pesli çägelik. Dürterişip çykan otlar dumly-duşy gök lybasa besläp, alaňlary has gözel görkezýär. Sazakdyr çaly-çerkezleriň al-gyzyl gülleriniň beýhuş ediji ysy burnuňa urýar. Pessaýja öwüsýän mylaýym şemal ýüz-gözüňi sypap, janyňa hoş ýakýar. Dumly-duşdan guşlaryň şadyýan sesleri eşidilýär. Tebigatyň bu ajaýyp gözelligine aňk bolup durşuma haýsydyr bir haýwanyň üýtgeşik sesi gulagyma gelen ýaly boldy. Diňşirgendim. Hakykatdanam, üýtgeşik ses eşidilýär.
Men ses gelen tarapa ýuwaşjadan ýöräp ugradym. Beýik alaňa çykyp seretsem, oýda sazaklaryň arasynda iki sany düýe sonarlap ýör. Golaý-goltumda sarwana gözüm düşmänsoň, olar azaşandyr öýdüp pikir etdim. Görsem, olaryň biri bugurçy, beýlekisi duluç eken. Çakym çak bolsa, men özüme has golaýrakda duran duluja tarap ýöräp ugradym. Ol meni görüp, eýlesine-beýlesine ýaltaklady. Bugurçy maňa şübheli garap, birsalym durdy-da, dişlerini syrtardyp, dodaklaryny çöwrüp, aýylganç seslendi. Soňam patanaklap maňa tarap gaýtdy. Onuň bolup gelşi haýbatlydy, eýmençdi.
Men otly köýnek geýene döndüm. Haýdan-haý yzyma tarap ökjäni göterdim. Alňasap gelşime zordan tigrime münüp ýetişdim. Şol pursat bedenimde şeýle bir syrly güýç peýda boldy, heý, goýaý! Hamana diýersiň, tigrimiň özi bat alýan ýaly, öňe okduryldym.
Men gaçýaryn, bugurçy kowalaýar. Aram-aram yzyma garaýaryn. Düýäniň şol patanaklap ylgap gelşi. Aramyzam ýygryp, golaýlaşýana çalymdaş. Janym bolsa, bir çemçe suwa dönüp barýar. Başda bat alanam bolsam, dura-bara aýagymyň ysgyny gaçyp, haýallap ugradym. Näme etjegimi bilemok. Oýlanmaga pursat ýok. Mundan beýläk haýdamaga güýjüm galmady. Alaçsyz durdum. Bagtyma şol wagt bir ýük ulagy deňimde saklandy. Onuň sürüjisi orta ýaşdan geçen dolmuş adam eken. Ol ulagyndan böküp düşüp, ýanyma geldi-de:
— Hany, basym tigriňi yza ýükläli, özüňem öňe mün! — diýip, welosipedimi ýüklemäge kömekleşdi. Men sürüjiniň gapdalyna mündüm. Ysytma tutana meňzäp, çugudyp oturyşyma barha aşak çökýärin. Göwnüme bugurçy yzymyzdan ýetip gelýän ýaly bolup dur. Onuň haýbatly sypaty göz öňümde janlanyp, aýylganç sesi gulagymdan hiç gidenok. Gorkujygyma bütin endamym sandyraýar, ýüregim «gürs-gürs» edip, gursagymy ýaryp çykjaga meňzeýär. Geplemäge dilim ysanok. Sürüjem ýagdaýyma düşünýän ýaly, ýagşydan-ýamandan sesini-üýnüni çykarman, ulagynyň gazyny basýar.
Birmeýdan ýol geçenimizden soň, birneme özümi dürsäp, ulagyň yzyny görkezýän aýnasyna seretdim. Düýäniň uzakda salgym bolup galanyny görüp, ýüregim rahatlandy. Ekezlenip, göwrämi dikeltdim-de, ýuwaşja ardynjyradym. Onýança sürüjem ynjalanymy aňdymy-nämemi:
— Ýer-ow, ýigit, özüňe geldiňmi? — diýip, çalaja ýylgyrdy.
Men:
— Hawa — diýip baş atdym. Ol:
— Düýe bilen araňa nädip çöp düşdi? — diýip, waka bilen gyzyklandy. Men birbada özümi müýnli duýup, gürrüň bermekden çekinsem-de, sürüjiniň soragly nazaryny jogapsyz galdyrmaga bognum ysmady. Wakany bolşy ýaly gürrüň berdim. Sürüji aýdanlarymy boýdan-başa ünsli diňledi-de:
— Düýe diýen janawar örän namysjaňdyr. Bolsa-da, aman gutuldyň — diýip, sözüne agram salyp aýtdy. Men öz ýalňyşyma düşündim. Gaýdyp sesimi çykarmadym. Şondan soň tigir sürmegi bes edendir öýdüp pikir edäýmäň. Ýok, gaýtam kämilleşip, hakyky türgene öwrüldim. Lap edip aýtdygym däl, ýeri gelende düýä-de ozdurmajagym hak. Ýöne men başga bir zada — haýwanat dünýäsinde tebigat bilen bir bitewüligiň bardygy, ony bozmagyň bagyşlanmajak hatadygy baradaky hakykata göz ýetirdim. Özem, bu meniň üçin ýatdan çykmajak sapak boldy.