«Sapak bolsun!» / gülküli kyssa
"Sapak bolsun!" / gülküli kyssa
Gurban aga keýwanysyny alyp, dostlarynyñ birine myhmançylyga gidýär. O ýere baransoñ, oña bir zat ünji bolýar. Ahyry ynjalman: «Hany, öýe jañ edip göreýin-le, oglanlaryñ birden-biri öýe gelmedimikä, göwnüme bolmasa, gazy ýa-da suw kranyny öçürmedik ýaly bolup durun ýa-da telewizory öçürdimmikäm?» diýip, oýlanyp, öýlerine biri bar eken.
— Alýo-alýo, hä Geldi jan, oglum, senmi?
— Aý, ýok, men Geldi jan-a däl.
— Hä, onda Berdi oglum, senmi?
— Ýok, ýaşuly, men Berdi hem däl, Aldy.
— Aldy bolanda kim bolýa? Sen näme işleýäñ biziñ öýümizde, alýo, eşidýäñmi, how?!
— Eşidýän-le. Asyl siz bu öýüñ eýesimi?
— Hawa, men şol öýüñ eýesi, tanyt-da, how, sen özüñi!
— Menmi, men öýleri tämizleýji.
— Wah, aýdýan-a huşum gursun, suw kranyny ýapan däldirin. Özümizem dokuzynjy gatda ýaşaýarys. Aşakdaky ähli goñşylañ öýüni haraplandyrys.
— Ýok, ýok, ýaşuly harap bolan zat ýok, gaýgy etme. Suw kranyñyz ýapylan, ýöne gapyñyzy gulplaman gidipsiñiz. Alada etmäñ, siz gelinçäñiz top oýnabermeli ederin.
Gurban aga aljyrap:
— Alýo, inim, alýo, eý ogry, alýo, polisiýa — diýip gygyrýar. Soñam dosty bilen howul-hara sagbollaşyp, aýalynam alyp, öýlerine gaýdýar. Gelip görse, uly ogly Geldi gülüp otyr. Gurban aga gele-gelmäne:
— Hany ogry? — diýip soraýar.
— Wah, kaka, bir ýere gideniñizde, gapyny berk gulplañ ahyry, henizem meniñ gelenim gowy bolaýdy. Señ bilen telefonda sesimi üýtgedip gürleşen men. Şeýtmesem, ýene gaýtalarsyñyz diýdim-dä.
— Aý, bolýa-da, oglum, gaty oñardyñ, indikimize berk bolarys-da — diýip, Gurban aga ýylgyrmak bilen jogap beripdir.
Aýna ATAÝEWA. Satiriki hekaýalar