|

Saňa ýazlan hatlar

Saňa ýazlan hatlar SAÑA ÝAZYLAN HATLAR

Saňa ýazlan hatlar

Size ýüregimi açyp ýaşadym,
Dökdüm gursagymyň içligne çenli.
Meniň arzuwlarym, hyýallam bilen
Asyl, siz pikirdeş bolara çemli.

Gijelerne size başym oýkaýan,
Gözüm syýa kylyp ýazýan daňa çen.
Ýazan däldir iň jepakeş, söýgüçil
aşyklaram hatlaryma deňeçer.

Siz — Puşkiniň haty ýaly uzakçyl,
Siz şahyryň duýgusy deý arassa.
Bes, sizdäki ýeke sözüm, bir harpym
Gyz nazaryn aşygyna garatsa.

Ýaratsa syryna, gyz haty epläp,
torbasynyň iň çuňuna oklasa.
Razy, onsoň syrym açan gijeden,
Hem arzuwmy haty ýaly bukmasa.

Siz syrymy paş etdiňiz, aslynda,
Siz guýduňyz kalba zehin, baý gory.
Bu haty-da goşga salan, sünnälän
Şol hatlaryň çepiksije awtory.

Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи