Saña kän garaşdym
Saña kän garaşdym
Saña kän garaşdym,
Juda kän garaşdym intizar bolup.
Nämedigñi añman iññän garaşdym,
Näbelli keşbiñe intizar bolup.
Soñra geleniñi bilmän garaşdym,
Bu gün duýdum:
giren ekeniñ kalba.
Ýüregim azaltdy howsalasyny,
Duýdum men özümi rahat, erkin.
Kynam bolsa ahwalyma düşünmek
Geler bu ýagdaýa iru-giç her kim.
Kalba gonar bakylykdan bir nyşan,
Bar duýgyñy gurşap alar kaýyllyk!
Şonda sen duýarsyñ,
başlanýar şundan
Bakylyga barmak üçin taýynlyk.
Onsoñ neneñ,
Neneñsi kiçi
Bir topar alada, ünjidir, kine,
Seni gurşap alýan dünýäniñ içi,
Wezipä ymtylyş, aldawdyr, hile
Duşmana mähremlik, dosta kaýyllyk
Bähbit üçin rowaç bolan kezzaplyk:
Undulan ýagşylyk,
kyhlanan gowluk…
Bar zat biderek,
Sen bulañ duşundan geçersiñ sowlup.
Geçersiñ ýaşalan ömrüñ ýarsynam
Geçersiñ bar zatdan galarsyñ tenha.
Şonda öz ýanyña gelersiñ özüñ,
Sen hakyky ömrüñ başlanar, ynha…
* * *
Dostlarymyñ barlygyny bilýärin,
Sebäp häli-häzir geçýärin karza.
Bahyllaryñ barlygyny ýatladýar,
Her gezek üstümden ýazylan arza.
Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular