|

Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň

Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň SAÑA HIÇ KIM GARAŞMAÝAR IŞDEN SOÑ

Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň

Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň,
Seni hiç kim ugratmaýar giçden soň.
Garaşmasyn,
garaşmasa — dälem kem,
Hiç kime garaşyp ýöreňok sen hem.

Seniň bar bilýäniň işiň hem öýüň,
Ýa-ha täze kitap, ýa täze geýim.
Boýdaşlaňdan başga jan edýäniň ýok,
Boýdaşlaňdan başga jaň edýäniň ýok.

Men seni synlaýan telim wagt bäri
Hem diýýän:—Aýtsana, sen kimiň ýary?!
A seň bolsa şol jogabyň ýeke-täk:
— Wah, nätjek — dä, meni söýýän ýigit ýok!

Dogrudan hem diýen sözüň-ýalan däl,
Sen meň ýaly yşk oduna ýanan däl.
Eger biri saňa söýgüsin beýan
Eýlese,
Ir-u-giç bolardy aýan.

Ýa-da aýna bakyşyňdan aňardym,
Ýa aýnadan bakyşyňdan aňardym.
Men aňmasam, başga göze ilerdi,
Bir zat bolsa, garaz, garaz,duýlardy.

Emma seň ýüregiň parahat urýar,
Onda seýrek duşýan asudalyk bar.
Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň,
Seni hiç kim ugratmaýar giçden soň.

Sen şeýle asylly,
Sen şeýle bir päk,
Men şeýle diýmäge hemişe taýýar:
Seni söýýän ýekeje-de ýigit ýok,
Ýöne welin, seni hemmeler söýýär!

Tirkeş Sadykow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle