Saña duşup…
Saña duşup…
Men söýginiñ gözleginde,
gözleriñe duçar boldum.
Öñler-ä ot ýaly gyzdym,
yşka köýen naçar boldum.
Ahwalymy bilmän-bilmän,
Şu güne çen gülmän-gülmän,
Indi ökde gülek boldum,
Bir kesirdim, gyñyrdym-da,
Maña duşup, oñardyñ-da,
Baý-baý, indi bir mysapyr,
Bir mylaýym melek boldum.
Seniñ üçin dünýe bir ýan,
ýeke özümem bir ýan boldum.
juda-juda bagtlykamam,
gussalardan girýan boldum.
Men görgüljik saña duşup,
gamly düýşler görýän boldum.
Ellerimden tutjak çagyñ:
«Ýok» diýsemem gaýta-gaýta,
Göwünjeñem boldum men.
Joralarmyñ ýanynda sen hakynda aýda-aýda,
Öwünjeñem boldum men.
Öýkeläñde, ýalbaryplar dyza çökdüñ,
Hakyky şagyzy boldum…
Şeýde-şeýde yrdyñ meni,
Şeýdip saña razy boldum.

Gülnabat BEGENJOWA. Goşgular