|

Saňa duşmazdan ozal

Saňa duşmazdan ozal SAÑA DUŞMAZDAN OZAL

Adatydy atýan daňlar
Adatydy ötýän günler
Üýtgeşigem däldim öňler
Saňa duşmazdan ozal…

Dönüp döwülen penjirä
Ýatyrdy kalbym ýeljiräp
Açmady güllem gunçalap,
Saňa duşmazdan ozal…

Duýmandyryn hiç, çep ýanym
Urgusy bagta çekýänin
Görmändir köp zat ykbalym,
Saňa duşmazdan ozal…

Gussalar gelip çakanda,
Yzalar ömri ýakanda,
Ýok ýalydym men jahanda,
Saňa duşmazdan ozal…

**********
BARYBIR SENI SAÝLARYN

Bagta itip ýalňyz güni
Barybir seni saýlaryn
Ökündirip ýalňyzlygy,
Barybir seni saýlaryn.

Bir üýtgeşik ahwal bilen,
Ýörün arş-u-asman bilen
Uruş edip ykbal bilen,
Barybir seni saýlaryn.

Arzuwlarmy atsalaram,
Umytlarmy ütselerem
Iýse iýsin gussalaram,
Barybir seni saýlaryn.

Meňzäp güýzüň ýapragyna,
Razy yşgyň ýakmagyna
Garylýançam topragyma,
Barybir seni saýlaryn.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.11 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle