Saña duşan günüm
Saña duşan günüm
Saňa duşan günüm şeýleräk gündi,
Adaty günlere meňzemeýärdi.
Gökde gaýyp ýören akja bulutda
Diňe ikimiziň keşbimiz bardy.
Ýüzümizi ýelpäp ýakymly şemal
Hem hiňlenip bir mylaýym ses bilen,
Ýapraklara düşen suratlarmyzy
Sypalap geçýärdi çyn höwes bilen.
Güller öňküsinden has owadandy,
Sülmüräp, çendan bir yrap başlaryn,
Walla, melul bolup diňleýärdiler
Biz hakdaky aýdymlaryn guşlaryň.
Ýaşlyk kiçi-girim ýere sygýarmy?!.
Gujagyn giňeldip barha gözýetim
Bizi mähir bilen bagra basýardy
Hem görýärdi buýsanmagyň lezzetin.
Nuranady adamlaryň ýüzleri,
Şadyýandy joşa gelen töwerek.
Olar biziň öýe ýylgyryp bakýan
Toýa taýynlanan bolsalar gerek.
Durmuş ak ýollaryn hödürleýärdi,
Älem bize howandardy, howandar.
Şol gün biziň günümizdi, ezizim,
Bellemegi unutsa-da kalendar.
Ähli zat täsindi, ähli zat geňdi…
Saňa duşan günüm şeýleräk gündi.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular