Saña çenli
Saña çenli
Saňa çenli…
Görmäge ýol uzak däl,
Dem salym haýdasaň ýetäýjek ýaly.
Arman, telim aýlap, telim hepdeläp
Ylgap, soňlap bilemok men bu ýoly.
Saňa çenli.
Dyrmaşmaly daglara,
Derýalaryň tolkunynda akmaly.
Dilin-dişin dişlemeli adamlaň,
Diýdirmeli: «Görüň-le bu akmagy…»
Saňa çenli…
Aňňat-aňňat gumlary
Hem düşekçe, hemem ýorgan etmeli.
Gijeler düýşümde damja suw, gözläp,
Jeren görsem, seni sorap ýatmaly.
Saňa çenli…
Geçip ýalnyň içinden,
Endamyňy çirkizmeli mazaly.
Gerek bolsa, döretmeli ýaýdanman
Ýol ugrunda ýatan ýalňyz mazary.
Saňa çenli…
Buýruk bolsa, mazardan
Silkinip çykmaly, diýlen bada men.
Ýanyp, doňup, hatda ölüp ýetsem bes…
Bozmasam bolýa-da yşkyn kadasyn.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular