Saña barýan ýol
Saña barýan ýol

Saňa barmak üçin başlan ýolumy,
Saý-sebäbe çalşyp bilmen, öt günäm.
Al kakdymy, çirk getirdim kalbyma,
Şeýdip, kägün boldum munda betgüman.
Saňa barmak üçin başlan ýolumy,
Tün gijeler garbap aldy käýarym.
Öz yşkyňy kem etmäwer gursakda,
Şoldur meni Saňa eltjek täk barym.
Şüweleňe, şagalaňa badygan,
Nebsim mydam haý-höwese sersepil.
Köňül bolsa Saňa tarap möwç urýar,
Sensiz bolsa kyn.
Özüň gorap, Senden başlan ýolumy,
Huzuryňda jemlemäge döz meni.
Kalbymda Seň nuruň çogsun çog ýaly,
Ýa dünýäden üz meni…
Aýjahan ANNABAÝEWA. Goşgular