|

«Saña aytjak sözlem gaty kän eken…»

"Saña aytjak sözlem gaty kän eken…" «SAÑA AÝTJAK SÖZLEM GATY KÄN EKEN…»

Saña aytjak sözlem gaty kän eken.
Ýadyma düşeñde sanaýan täk-täk.
Çalarsa-da gijäñ mawusy saçlar,
Ýüregmiñ urgusy şol heñde entek.

Aýakýalañ ylgan düzlermiz bar-a,
Kä wagtlar girýär meñiñ düýşüme.
Saña bagly  zatlañ bary entägem
Ýaşamaga kuwwat berýä, güýç bile.

Bilýän, meñ özümden, bilýän baryny,
Ýazylgydyr ýüregiñde adymam.
Şo-ol günäsiz duýgulary ýaşadan
Çagalygny unudarmy, adam, heý?!

Ondan bäri aýlar döndi ýyllara,
Ýollar bize peşgeş etdi aýralyk.
Ýöne hakydadan sylyp bilmedi,
Ulalan ýaş, uzap ýatan aralyk.

Öýkäm ýok ykbaldan, ýa bolman asla,
Duşurmady bizi diyip nägile.
Belki, duşan bolsak şol kinniwanja
Duýgularmyz ýaşarmydy biz bile.

Stambul, 2022 ý.

Zöhre ÖWEZOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle