| |

Samsyk şeýtan / ýumoreska

Samsyk şeýtan / ýumoreska SAMSYK ŞEÝTAN

Samsyk şeýtan / ýumoreska

Günlerde bir gün ýaş zenan şeýtana kiçijik kömek edipdir. Näme, şeýtana-da biri ýardam etmeli ahyry. Şeýdip, dünýäde hiç zatdan gorkyny-ürkini bilmeýän aýal şeýtanyň göwnünden turupdyr.
Şeýtanam muňa begenmek begenip, minnetdarlyk baryny ýagdyryp ugrapdyr:
— Eden ýagşylygyňy hiç haçan unutmaryn! Näme, islegiň bolsa, aýt, ýüzüniň ugruna ýerine ýetireýin!
Zenan iňkise gidip, näme gerekdigini beýnisinde ölçerip-dökmäge durupdyr. Emma hiç zat kellesine gelmändir.
Şeýtanyňam oňa kömek edesi geleniniň çynydy. «Görgüliň ejir çekäýşini. Aýalyň saçy uzynam bolsa, akyly kelte» diýleni-dä. Näme gerekdigini bada-bat pikir edip bilenok-da. Dogrudanam, aýal iň gerek, iň zerur zat nämekä?»
Şeýtan şu oý-pikirleri serinde aýlapdyr-da, zenana şeýle diýipdir:
— Seň görmekli bolasyň gelýämi? Aýtdygyň gutardygy. Derrew kaddy-kamatly, zyba zenana öwreýin!
Şol pursatyň özünde güýçli şarpygyň sesi ýaňlanyp gidipdir:
— Utançsyz, bihaýa! — diýip, zenan bokurdagyna gyrara getirip haýkyrypdyr. — Men näme özüme ýeterlik görmegim ýokmy eýsem?

Laslo FELEKI,
Wengriýa.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1978 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle