Samed Behrengi
Samed Behrengi
SAMED BEHRENGI
Samed Behrengi, eýranly meşhur azerbaýjan ýazyjysy, mugallym, folklorçy.
Samed Behrengi 1939-njy ýylyñ 24-nji iýunynda Töwrizde Yzzat aganyñ we Sara Hanymyñ maşgalasynda dogulýar.
Tutuş Eýran boýunça syýahat edip, pars we azerbaýjan edebiýaty hakynda maglumatlar toplaýar we derñeýär. Halkyñ dilinden düşmän gelýän tymsallary, hekaýatlary toplap, olary gaýtadan işleýär we täzeçe eserleri döredýär. Göräýmäge çagalara degişli ýaly bolup görünýän eserlerinde adalat, deñlik ýaly global meseleleri gozgamak bilen birlikde adalatsyzlyga garşy göreşmegiñ ýollaryny salgy berýän kitaplary dünýä edebiýatynyñ hazynasyna giren eserlerden birjigem pesde oturmaýar.
Öz döwrüniñ şa režimine döredýän eserleri arkaly garşy gitmekden çekinmändir.
Samed Behrengi mugallymçylyk mekdebinde okapdyr we okuwyny tamamlandan soñra oba mekdeplerinde mugallymçylyk edipdir. Az salymlyk ömründe çagalara durmuşy hemmetaraplaýyn öwretmäge dyrjaşypdyr we mugallymlyk kärine wepaly bolupdyr.
Samed Behrengi 1967-nji ýylda 28 ýaşynda şübheli ýagdaýda Araz derýasynda gark bolup ölýär. Ýüzüp barýarka gark bolandygy barada aýdylsa-da, halk asla bu aýdylanlara ynanmaýar. Çünki, Samed Behrengi ýazýan eserleri bilen ýurduñ başyna bela bolup çöken şa režimini aç-açan tankyt edýärdi. Şol sebäpli, onuñ janyna kast edilendigi güman edilýär.
Ussat ýazyjynyñ eserleri onlarça daşary ýurt dillerine terjime edildi.
■ Eserleri:
1). "Bir bar eken bir ýok eken";
2). "Bir şetdaly müñ şetdaly";
3). "Kiçi gara balyk";
4). "Ýyldyz bilen gürleşen bäbek";
5). "Ýyldyzyñ gargalary";
6). "Kel gögerçinçi";
7). "Ulduz we gargalar";
8). "Bir günlük hyýal we hakykat";
9). "Görogly gelýär";
10). "Söýgi hekaýaty";
11). "Bir söýginiñ kyssasy";
12). "Kesir pişikler";
13). "Ak diş" we başgalar…
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly