Salam, Türkmenistan!
Salam, Türkmenistan!

Salam,
Eziz Türkmenistan!
Diñle bu gün —
Bir-birine tapyşanda,
Ýürekleriñ gürsüldisin,
Diñle bu gün,
Açyk göwün,
Adamlaryñ şat gülküsin.
Ol gülküler,
Ýylgyryşlar
Täsin çemen bolup geldi.
Sergin gazak sährasynyñ
Desse-desse bägüllerin
Ýany bilen alyp geldi.
Seret bu gün Jedisuwnuñ
Almalarnyñ ýapragyna.
Olar gutlag ýollap durlar,
Bol güneşli,
Ir-iýmişli,
Sahy türkmen topragyna.
Maksadymyz,
Matlabymyz bir biziñ
Iñ eziz myhmany siz
Gazak sährasynyñ
Altyn ýermiziñ
Mährem doganmyzyñ aýdymçylary,
Öwrüliñ daşyna
Desterhanmyzyñ.
Magtymguly bilen Abaý ikisem
Kitap tekjesinde
Egin deñläp dur.
Misli olar
Parasatly göz aýlap,
Ýylgyrjaklap,
Sesimizi diñläp dur.
Salam,
Eziz Türkmenistan!
Seniñ al baýdagyñ altyn şapagy.
Nura çaýýar
Jeýhun-Hazar arasyn,
Nebitdag wyşkasyn —
Altyn şöhlesin.
Seniñ «gara altynyñdan»
Gurbat alýan maşynlaryñ,
Seslerine diñ sal dur-da.
Eşidersiñ Kubandan-da,
Kubadan-da —
Bardyr olar ähli ýerde.
Gumuñ göwsün dilen
Kanalyñ seniñ
Kepän dodaklaryñ,
Teşne çölleriñ
Ýetdi dadyna.
Gül çogup,
Gün dogup Garagumuñdan,
Şöhrat goşdy adyña!
Joş sen, ýürek,
Joş sen misli bir dutar,
Bäsleş
Durna gözli dury asmana.
Bu gün
Iki dogan gujaklaşyp dur,
Şatlygy-ýürege, lezzeti-jana!
Çytyk gaşy ýazylyp,
Başy ýyldyzlara
Ýeten Baýkonur
Salamyny
Çelekeniñ yşyklarna
Ýollap dur.
Salam,
Zähmetsöýer eller,
Şadyýan diller,
Dogan ýüreklermiz gujaklaşyp dur!
Olara
Ömürlik mizemez
Dostluk güneşi
Gujur berip dur!
Sagingali SEITOW.
Rusçadan terjime eden Juma ORAZOW.
«Sowet Türkmenistany» gazeti, 1967 ý. Goşgular