Salam, Güýz
Salam, Güýz
Salam, Güýz, sag-aman geldiňmi, gardaş?
Geliber, ne beýle ýaýdanyp dursuň?
Meniňem küýsegim, sen deýin syrdaş,
Gel, geç, iň arzyly myhmanym borsuň.
Hal-ahwal gowymy, ýagşymy tabyň?
A:rman gezip ýörmüň, bol hasyl paýlap.
Myhmanyňky üç gün-diýilýän däbiň,
Unut-da, boluber bizde, üç aýlap.
Küýsedim men, güýzüm, agras keşbiňi,
Gorkmanam durmadym görmerin öýdüp.
Alowladyp, öçüp barýan yşkymy,
Ýeneki ýyllar hem, gelip dur şeýdip.
Üýtgeşik täzelik ýok bora çemli,
Egniňde şol öňki, saryja possun.
Biraz gojalypsyň, gözleňňem gamly,
Gel, derdiňi paýlaş, meň bilen, dostum.
Derdinşeli,uzak-uzak gijeler,
Hem diňläýin, çalýan zaryn sazyňy.
Ýürek giňär, ylham alar, güýjalar,
Synlap köp garaşan, eziz güýzümi.
Indi görmen öýdüp, edipdim pikir.
Sen, gelipsiň gaýdyp, Hudaýa şükür.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular