|

Salam aýdyň enem jana…

Salam aýdyň enem jana… Salamyñy enem jana ýetirdim,
Salamyñy ýene käne ýetirdim.
Ýöne soñky gelen ajy habary
Ýetirmedim, gaýta özüm ýitirdim.

Bagyşlarsyñ, çaga dünýäm gussady,
Dilimem ysmady, bognum ysmady,
Öñem ýüreginde dag galan enä
Aýdaýmaga beýle agyr kysmaty.

Haty ýyrtdym köýdürilen ar ýaly,
Aldadym enemi, seni sorany.
Käte-käte öz-özümem aldadym
Göýä bu jahanda sesiñ bar ýaly.

Ne bir özüñ tapdym, ne habar tapdym,
Gözledim dünýäni sil bolup akdym.
Bu gün hakykaty diýsem eneme
Ynananok:» Heý, diliñden al kaksyn!»

Aýtmasam, ömürboýy günäli,
Aýtsamam, ynandyrmaz enäni.
…Uruş! Neneñ dözdüñ çaga egnime
Otdan elhenç, dagdan agyr günäni. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle