Şahyryň sözi
Şahyryň sözi
Şahyr N.Rejebowy ýatlap
Bir çak şahyr görkezemde şygrymy,
Diýdi: — Inim, aýtjak diňle dogrymy,
Zehiniň, ukybyň görünýär weli,
Bilimiň tutmaýar şygryň çygryny.
Goşgy tilsiminden bolsa bilimiň,
Belki borduň bir şahyry ilimiň.
Diňledim, düşündim hem açyk aňdym,
Pesdigini goşgularmyň hiliniň.
Ilhalar şahyryň aýdanna uýdum,
Negada birden kän ýazmany goýdum.
Okadym. Okadym. Okadyk saýy,
Bilimim ýeterlik däldigin duýdum.
Ýazmadym soň-soňlar başarşym ýaly,
Boldum isleýşim dek ýazmak hyýally.
Öwrenmänkäm ýazyp ýörenim üçin,
Öwrenemsoň ýazyp bilemok häli.
Bolaýjak bir zatjyk ýazaýsam indem,
Nobatguly dosty taparyn nirden?!
2022 ý. Goşgular