Şahyryň monology
Şahyryň monology
Aýdylmadyk syrym galdy jigerde,
Aýdylmadyk şygrym galdy jigerde,
Sokur boldy didäm – ýaşyndan jyda,
Hijran boldy bijäm – ýarymdan jyda,
Zybanym şel açdy – diýsem ysmady.
Dergähiňde günäm näme, eý, Huda,
Berer ýaly maňa beýle kysmaty?!
Kapasda pelesaň urýan wagşy deý
Örtendi ýüregim panyň ejrinden,
Örtendi ýüregim panyň hijrinden.
Bu jahanda serden jyda sergezdan,
Agtardym – tapmadym dünýä aýlanyp.
Iki gerçek gardaşymdan aýryldym,
Iki gözmüň garasyndan aýryldym,
Wysal ýok, pelegi aldy aýralyk.
Är tapmadym baryp gulluk ederge,
Ýol tapmadym başym alyp giderge,
Bagrym başa berip, kalbym dildirdim.
Didäm ýaşa berip, urunyp her ýan
Hem agladym,
Hem özümi diňdirdim.
Hakyň hatyryna gorkmadym hakdan,
Ajal möhür basaýmasa dahanma.
Ýok!
Matlaply ýaşap bolmajak eken,
Aslynda bimatlap gurlan jahanda.
Dünýä gezdi ömrüm berip pidaýa,
Gamym iýip, bagrym ýaşyn içdim men.
Hem Hudaýa elin seren gedaýa
Iň soňky teňňämi berip geçdim men.
Men jahandan agtarmadym dünýäni,
Men jahandan agtarmadym altyny.
Men zeminiň soňsuz ýollaryn söküp,
Agtardym öz dargap giden halkymy.
Ýandym,
ýakyp bilmän dünýäniň tümün,
Ýandym,
ýyldyp bilmän dünýäň ýüregin.
Gygyrdym,
bolmady sesimi eşden,
Oýanyň,
oýanyň ykbaly keçlem!
Türkmenim!
Seniň bedewiň bar göwne ýeterge,
Seniň dutaryň bar baýram ederge.
Kimdigiňe gözüň ýeterdi seniň
Yzyňa bir ser salsadyň eger-de.
Başyňyzda paýhasyňyz jem bolsun,
Kuwwatyňyz jem bolsun bir göwrede.
«Bir suprada eda bolup aşyňyz»,
Binýat guruň mizemez bir döwlete.
Nobatguly REJEBOW Goşgular