Şahyryň döredijilik arhiwinden
Gülruhsor SAFIÝEWA,
täjik şahyry
Bir gezek edebi mirasymyz, taryhy şahsyýetlerimiz hakda radioda çykyş etmek meýlimiz bilen gyzyklananlarynda, «öwrenenimizi paýlaşmak» endik-edähedine laýyklykda dessine razylaşyp, ýazgy etmek üçin belli bir güne ylalaşypdyk. Diýlen gün gelip ýetende, radiostudiýanyň bosagasyndan ätledim. Bir ýaşulynyň ýanyna eltdiler. Ýüzi nurana, ýumşak häsiýetli biridi. Tanyşdyk. Asyl, görüp otursam, ol häli-şindi metbugat sahypalarynda goşgudyr hekaýalary çap edilýän, radioda sesiniň eşidip ýören gaýybana tanaýan halypamyz, zehinli şahyr, ökde žurnalist Muhammetmyrat Kömekow ekeni. Ýazga başlamazyndan öňürti demini alyp duran ýandakgülli çaýdan käselere guýuşdyrdy-da, birini öňüme süýşürdi: «Çaý hem sesiňi durlaýar, hem nepesiňi. Radioda sesiň dury, düşnükli hem-de dogry çykmagy, diýjek sözlemleriň ýerbe-ýer bolmagy üçin bu wajyp. Al, inim, noş bolsun!» diýipdi. Şu günki ýaly ýadymda. Köneden sowatly, täzeden habarly, türkmençilige gowy düşünýän hem-de ony sada dilde düşündirip bilýän halypa bilen ýarym sagatlyk göz öňünde tutulan ýazgy iki sagada golaý dowam edipdi. Şol söhbetdeşligimizem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de onuň goşgy setirlerine sünnälenen sözler hakyndady. Gürrüňden-gürrüň çykyp oturyşyna wagtyň geçip gidendiginem duýmandyrys. Bir tarapdan, Magtymgulydan söz açylýan bolsa, bu adaty bir zat. Magtymguly wagty unutdyrýan, wagtyň çäkli giňişliklerinden älemiň çäksiz giňişliklerine alyp çykýan gudrat. Soň-soňlaram halypa şahyr, zehinli žurnalist Muhammetmyrat aga bilen birnäçe gezek duz-emek boluşdyk, döredijilik hem-de durmuş hakda pikir alyşdyk. Halypanyň ýaşaýyş, hünär, adamkärçilik bilen bagly beren öwüt-ündewleri, gyzykly başdan geçirmeleri, durmuş sapaklaryndan çykaran netijeleri maglumat gorumyzyň üstüni ýetiren hazyna mysalydy. Ýaşap ýörenliginde şu ýylyň aprel aýynda segsen ýaşy dolmaly halypanyň şahsy döredijiligi bilen birlikde edebi terjimelere hem uly üns berendigini görmek bolýar. Žurnalymyzyň şu sanynda halypa şahyryň döredijilik arhiwinden käbir terjimeleri okyjylarymyz bilen paýlaşmagy müwessa bildik.
Şemal
Gije şemal bolup şuwlady,
Şagal bolup uwlady.
Güjük bolup hyňrandy,
Pişik bolup mawlady.
Howlymyzdan bökdi ol,
Gapymyzy kakdy ol.
Döwdi almaň şahasyn,
Erigmizi dökdi ol.
Ähli ýeri agtardy,
Zir-zibili agdardy.
Kim gorkdy oň bolşundan,
Gör, kimde öýke bardy.
Irden şemal gowşady,
Edenok akan-dökän.
Sebäbini bildim,
Bildim men ýekän-ýekän.
Wah, biçäre şemaljyk,
Tümlükden gorkan eken.
Çeşme
Jana şypa suwuňda,
Mydam el-ýüzüm ýuwýan.
Atyr ysly howaňy
Her dem gursagma guýýan.
Goja daglaň üstünden,
Gün gülüp garanynda,
Gül ýygýas, şat oýnaýas,
Gök begres kenarynda.
Aýt sen, täsin çeşme,
Aýt, kimi kowalaýaň?
Gije-gündiz ýolda sen,
Aýt, nirä howlugýaň?
Daglardan şaglap inýäň,
Ýol baryn ýasaý-ýasaý.
Bizem al öz ýanyňa,
Bizem äkit alysa!
Asma sagat
Eý, meň asma sagadym,
Uklaňokmy henizem?
Uka batdy gurjaklam:
Peri-peýker kenizem.
Gün ýaşdy, agşam düşdi,
Süri geldi örüden.
Uklady owlajyklar,
Gorkuşyp aç börüden.
Çaga serçe uklady,
Enesini penalap.
Ýadaňokmy sagadym
Şol bir sanlary sanap.
Uzyn erteki aýdyp,
Uka batdy enemem.
Eýýäm el-ýüzüm ýuwdum,
Ýatmaga gitjek menem.
Ýatmaga gitjek menem,
Hiç galmady takadym.
Seň ukyň gelenokmy,
Meniň asma sagadym?!
Küýzegär
Meniň atam küýzegär,
Deňeşmäge çakym ýok.
Özem bir sada göwün
Öwmezlige hakym ýok.
Şägirdi bar birgiden,
Şägirt gerek ussada.
Olaram atam ýaly —
Olaňam göwni sada.
Olaň biri ot ýakýar,
Ikinji suw getirýär.
Üçünjisi palçygyň,
Ykjam eýin ýetirýär.
***
Biz bolsa atam bilen,
Palçyklary gapgarýas.
Soňra elimiz çermäp,
Galyplara bat berýäs.
Taýýar bolanyn goýýas,
Hatara düze-düze
Gül çekýäs küýzelere,
Gün çekýäs küýzelere.
Biziň ýasan önümmiz,
Satylsa dükanlarda.
Biri-bire buşlap her kim
Aljak bor tükenmänkä.
Geregi ýok öwmegiň:
Şu küýzeler iň berki,
Hem ajaýyp reňki —
Diňe şeý diýiň: — Önüm
Nazar küýzegäriňki!
Rusçadan terjime eden Muhammetmyrat KÖMEKOW