Şahyrlaryñ söweş edýän günleri…
Şahyrlaryñ söweş edýän günleri…
Geçdi gitdi darkaş edilýän günler, ~
Şahyrlaryñ söweş edýän günleri.
Köp şahyrlañ mazaryny bezäp dur,
Ýaşyl baharlaryñ elwan gülleri.
Dünýä kadalaşdy, kitüw azaldy,
Ýüreklerde kinaýa ýok, kine ýok.
Ýöne geñ zat,
bu parahat günlerde
Ajaýyp goşgular dünýä inenok.
Belki, ideýalañ çaknyşmasyndan
Ylhamlar ot kimin alawlaýandyr.
Törpi deý igeleñ çatlyşmasyndan,
Belki, zehinimiz ýalawlaýandyr.
Söweş küýseýän ýok,
ýöne jedelsiz
Nämüçindir bir zadymyz kem ýaly.
Şygryýetiñ ysgynsyzlyk derdine
Edebi jañlarmyz çyn melhem ýaly.
Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular