|

Şahyrlar hakda kelam agyz

Şahyrlar hakda kelam agyz ŞAHYRLAR HAKDA KELAM AGYZ

Adamzadyň ýazylan taryhynda, ilkinji ady galan şahyra-zenan, miladydan öňki 2300-nji ýyllarda ýaşan Akkad patyşasy Beýik Sargonyň gyzy Enheduannadyr. Bu barada @Has Türkmeniň “Dünýä şygryýetiniň taryhyndaky ilkinji şahyr we ilkinji goşgy” atly makalasynda (ine şu salgyda ýerleşýär: http://kitapcy.ru/news/dunya_ sygryyetinin_taryhyndaky_ilkinji_sahyr_we_ilkinji_gosgy/2020-07-10-8084) beýan edilýär.

Infoselection.ru saýtynyň (ine şu salgyda: https://infoselection.ru/infokatalog/ literatura-knigi/poeziya/item/646-100-luchshikh-poetov-mira) pikirine görä bolsa, ine şu aşakdaky şahyrlar, Adamzadyň taryhynda dünýäniň iň gowy 100 şahyry bolup durýar (…myş :-(…):

1. Gomer (takmynan miladydan öňki VIII asyr);
2. Dawut pygamber (takmynan miladydan öňki X asyr);
3. Süleýman pygamber (takmynan miladydan öňki 965-928-nji ýyllar);
4. Gesiod (miladydan öňki VIII asyryň soňy – VII asyryň başy);
5. Arhiloh (miladydan öňki VII asyr);
6. Safo (takmynan miladydan öňki 612-572-nji ýyllar);
7. Walmiki (takmynan miladydan öňki V-IV asyr);
8. Gaý Waleriý Katull (miladydan öňki 87-nji ýa-da 84-54-nji ýyllar);
9. Publiý Wergiliý Maron (miladydan öňki 70-19-njy ýyllar);
10. Kwint Gorasiý Flakk (miladydan öňki 65-8-nji ýyllar);
11. Publiý Owidiý Nazon (miladydan öňki 43-nji we 17 –nji ýa-da 18-nji ýyl);
12. Sýuý Ýuan (miladydan öňki 340-278-nji ýyllar);
13. Kalidasa (takmynan V asyr);
14. Li Bo (701-762-nji ýyllar);
15. Du Fu (712-770-nji ýyllar);
16. Abu Abdallah Jafar Rudaky (takmynan 860-941-nji ýyllar);
17. Ebulkasym Ferdöwsi (takmynan 932 ýa-da 941-1020 ýa-da 1030-njy ýyl);
18. Omar Haýýam (1048-1123-nji ýyllar);
19. Li Sin-Çžao (1084-1151-nji ýyllar);
20. Petr Borislawiç (XII asyr);
21. Şota Rustaweli (XII asyr);
22. Kretýen de Trua (1130-1191-nji ýyllar);
23. Nyzamy Genjewi (1141-1209-njy ýyllar);
24. Muslihiddin Sagdy Şirazy (1203 ýa-da 1210-1292-nji ýyllar);
25. Dante Aligýeri (1265-1321-nji ýyllar);
26. Françesko Petrarka (1304-1374-nji ýyllar);
27. Şamsiddin Hafyz (1325-1389 ýa-da 1390-njy ýyl);
28. Jefri Çoser (1340? -1400-nji ýyllar);
29. Fransua Wiýon (1431 ýa-da 1432-1463-nji ýyllar);
30. Alişir Nowaýy (1441-1501-nji ýyllar);
31. Sebastýan Brant (1458-1521-nji ýyllar);
32. Ludowiko Ariosto (1474-1533-nji ýyllar);
33. Luiş Waža Di Kamoens (1524 ýa-da 1525-1580-nji ýyllar);
34. Pýer de Ronsar (1524-1585-nji ýyllar);
35. Torkwato Tasso (1544-1595-nji ýyllar);
36. Fransua de Malerb (1555-1628-nji ýyllar);
37. Uilýam Şekspir (1564-1616-njy ýyllar);
38. Jon Milton (1608-1674-nji ýyllar);
39. Sawinýon Sirano de Beržerak (1619-1655-nji ýyllar);
40. Žan Lafonten (1621-1695-nji ýyllar);
41. Nikola Bualo-Depreo (1636-1711-nji ýyllar);
42. Žan Rasin (1639-1699-njy ýyllar);
43. Masuo Basýo (1644-1694-nji ýyllar);
44. Fridrih Gotlib Klopştok (1724-1803-nji ýyllar);
45. Oliwer Goldsmit (1728-1774-nji ýyllar);
46. Jeýms Makferson (1736-1796-njy ýyllar);
47. Gawrila Romanowiç Deržawin (1743-1816-njy ýyllar);
48. Iogann Wolfgang Gýote (1746-1832-nji ýyllar);
49. Ewarist Parni (1753-1814-nji ýyllar);
50. Uilýam Bleýk (1757-1827-nji ýyllar);
51. Robert Býorns (1759-1796-njy ýyllar);
52. Fridrih Şiller (1759-1805-nji ýyllar);
53. Andre Mari Şenýe (1762-1794-nji ýyllar);
54. Uilýam Wordswort (1770-1850-nji ýyllar);
55. Pýer Žan Beranže (1780-1857-nji ýyllar);
56. Adelbert fon Şamisso (1781-1838-nji ýyllar);
57. Wasiliý Andreýewiç Žukowskiý (1783-1852-nji ýyllar);
58. Jorj Gordon Baýron (1788-1824-nji ýyllar);
59. Persi Şiş Belli (1792-1822-nji ýyllar);
60. Jon Kits (1795-1821-nji ýyllar);
61. Adam Miskewiç (1798-1855-nji ýyllar);
62. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin (1799-1837-nji ýyllar);
63. Fýodor Iwanowiç Týutçew (1803-1873-nji ýyllar);
64. Genri Longfello (1807-1882-nji ýyllar);
65. Edgar Allan Po (1809-1849-nji ýyllar);
66. Alfred Tennison (1809-1892-nji ýyllar);
67. Alfred de Mýusse (1810-1857-nji ýyllar);
68. Mihaýil Ýurýewiç Lermontow (1814-1841-nji ýyllar);
69. Taras Grigorýewiç Şewçenko (1814-1861-nji ýyllar);
70. Alekseý Konstantinowiç Tolstoý (1817-1875-nji ýyllar);
71. Uolt Uitmen (1819-1892-nji ýyllar);
72. Afanasiý Afanasýewiç Fet (1820-1892-nji ýyllar);
73. Şarl Bodler (1821-1867-nji ýyllar);
74. Nikolaý Alekseýewiç Nekrasow (1821-1877/1878-nji ýyllar);
75. Apollon Nikolaýewiç Maýkow (1821-1897-nji ýyllar);
76. Emili Dikinson (1830-1886-njy ýyllar);
77. Stefan Mallarme (1842-1898-nji ýyllar);
78. Pol Mari Werlen (1844-1896-njy ýyllar);
79. Artýur Rembo (1854-1891-nji ýyllar);
80. Oskar Uaýld (1854-1900-nji ýyllar);
81. Rabindranat Tagor (1861-1941-nji ýyllar);
82. Redýard Kipling (1865-1936-njy ýyllar);
83. Uilýam Batler Ýits (1865-1939-njy ýyllar);
84. Iwan Alekseýewiç Bunin (1870-1953-nji ýyllar);
85. Waleriý Ýakowlewiç Brýusow (1873-1924-nji ýyllar);
86. Raýner Mariýa Rilke (1875-1926-njy ýyllar);
87. Giýom Apolliner (1880-1918-nji ýyllar);
88. Aleksandr Aleksandrowiç Blok (1880-1921-nji ýyllar);
89. Huan Ramon Himenes (1881-1958-nji ýyllar);
90. Welimir Hlebnikow (1885-1922-nji ýyllar);
91. Tomas Eliot (1888-1965-nji ýyllar);
92. Anna Andreýewna Ahmatowa (1889-1966-njy ýyllar);
93. Boris Leonidowiç Pasternak (1890-1960-njy ýyllar);
94. Osip Emilýewiç Mandelştam (1891-1938-nji ýyllar);
95. Marina Iwanowna Swetaýewa (1892-1941-nji ýyllar);
96. Wladimir Wladimirowiç Maýakowskiý (1893-1930-njy ýyllar);
97. Sergeý Aleksandrowiç Ýesenin (1895-1925-nji ýyllar);
98. Pol Elýuar (1895-1952-nji ýyllar);
99. Federiko Garsia Lorka (1898-1936-njy ýyllar);
100. Pablo Neruda (1904-1973-nji ýyllar);
101. Aleksandr Trifonowiç Twardowskiý (1910-1971-nji ýyllar);
102. Iosif Aleksandrowiç Brodskiý (1940-1996-njy ýyllar)…

(Awt.: saýtda ýalňyşlyk goýberilip, 100 şahyryň deregine 102 şahyryň ady sanalypdyr ekeni :-))

Elbetde, bu sanawyňam, edil adamyň düzen islendik sanawy ýaly subýektiw häsiýetlidigine hemmämizem düşünýändiris. Ýöne, şonda-da bu sanawda biziň milli şahyrlarymyzyň agzalmazlygy az-kem çetiňe degmän durmaýar.

Bu hem öz-özünden düşnükli zat. Çünki adamyň içki meniniň özüni “ýagşy, gowy” hasaplamagynyň, onuň kadaly ýaşamagy üçin zerurlyk bolşy ýaly, ol özüniň gelip çykyşyna, milletine-de guwanmasa, buýsanmasa onuň göwnünde ruhy rahatlyk bolmaýar (“Ruhy rahatlyk” diýýänimiň sebäbi, beden rahatlygam bar. Mysal üçin, yssylamazlyk, üşemezlik, dokluk, dynçlyk, tämizlik we ş.m.).

Ýöne, şol birwagtda-da, Infoselection.ru saýtynyňky ýaly, öz milli şahyrlarymyzyň, goý ol subýektiw bolsun, sanawyny düzmäge bize näme päsgel berýärkä?!

Meniň pikirimç-ä, bu sanaw şu aşakdaky ýaly bolup bilerdi:

1. Magtymguly Pyragy;
2. Gurbannazar Ezizow;
3. Mämmetweli Kemine;
4. Garajoglan;
5. Mollanepes;
6. Seýitnazar Seýdi;
7. Gurbandurdy Zelili;
8. Kerim Gurbannepesow;
9. Berdinazar Hudaýnazarow;
10. Döwletmämmet Azady;
11. Seýit Ymameddin Nesimi;
12. Nurmuhammet Andalyp;
13. Ýusup Balasugunly;
14. Ýunus Emre;
15. Muhammet Fizuly;
16. Nobatguly Rejebow;
17. Çary Ýegenmyradow;
18. Annaberdi Agabaýew;
19. Gurbanaly Magrupy;
20. Misgingylyç;
21. Şeýdaýy;
22. Abdylla Şabende;
23. Atamyrat Atabaýew;
24. Italmaz Nuryýew;
25. Annagylyç Mätäji;
26. Mahmyt Gaýyby;
27. Öweztagan Kätibi;
28. Mämmet Seýidow;
29. Muhammet Baýram han;
30. Abdysetdar Kazy;
31. Myrat Talyby;
32. Abdyrahym Zynhary;
33. Annasoltan Kekilowa;
34. Towşan Esenowa;
35. Halyl Kulyýew;
36. Aman Kekilow;
37. Gara Seýitliýew;
38. Rehmet Seýidow;
39. Gara Seýitliýew;
40. Garaja Burunow…

(Awt.: Şu sanawyň yzyny bolsa her kim islegine görä dowam edibermeli). Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle