Şahyr ýüregiñ aýdymy
Şahyr ýüregiñ aýdymy
ŞAHYR ÝÜREGIÑ AÝDYMY
Şahyryň kalby ähli zady duýýar, çünki ol il aladasy bilen ýaşaýar. Şahyr halk adamsy. Ol halka ýarajak, il-halkyň göwnünden turjak şygryň gözleginde gijelerini ukusyz geçirýär. Durmuşda özüne orun tapyp bilmedik nalajedeýinleri dogry ýola çagyrýar, öwüt-ündew edýär. Italmaz Nuryýewiň liriki gahrymanyna kimdir biri “Şahyryň nämesi üýtgeşik menden?” diýip, sorag beren bolmaga çemeli. Bu sorag şahyra ýaraman, şol soraga jogap gözläp başlaýar. Şahyr “Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň” atly goşgusynda biriniň özüne beren nakys soragyna jogap gözleýär.
Ýene şol bir sowal,
Şo keçjal sowal:
“Şahyryň nämesi üýtgeşik menden”
Muny saňa nädip düşündirsemkäm,
Hem nädip gutulyp bilerkäm senden?
Barýansyň köçeden arkaýyn ýöräp,
Unudyp dünýäniň pikirin-gamyn.
O bolsa, öňünden çykan adamlaň
Gözlerinden okap arzuw-hyýalyn,
Olaň hembegenjin hem-de gynanjyn
Geçirip barýandyr ýürekden-serden.
Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden….
Sen-ä gijelerne gidersiň uka,
O bolsa hyýalda dünýä aýlanyp,
Haýyr işe çyn ýürekden guwansa,
Şeriň garşysyna çykar şaýlanyp.
Zeýrenmez şonda-da, güýç alar gaýtam,
Ýazan goşgusyndanhem dogýan Günden.
Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden….
Şahyryň döredijiliginde tebigat temasy aýratyn orun tutýar. Bu temadan ýazylan şygyrlaryň içinden şahyryň ene topraga, onuň eçilýän baýlyklaryna bolan söýgüsi eriş-argaç bolup geçýär. “Tenekär” atly şygrynda şahyr tebigatyň, sähranyň ynsan saglygyny bejeriş ukybyna uly baha berýär:
Käte nähoşlasam,
Keýpim bozulsa.
Ýa-da bir näkesden ynjasa ýürek,
Ugraýan sähramyň ysyny küýsäp,
Ak halatly gyza ýüz tutma derek.
Ol meni gadyrly garşy alýar-da,
Öz güýjün görkezip başlaýar kem-kem.
Oň ysy ýönekeý derman däl, derman,
Oň ysy gudratly tenekär, melhem…
Garylypdyr, ornapdyr oň süňňüne
Ýüzläp ösümligiň, ekiniň ysy,
Garylypdyr oňa sazak-seliniň,
Buýanyň,
Ýandagyň köküniň ysy.
Şu kitapda şahyryň agzaýan ösümlikleriniň ählisine ylmy taýdan düýpli düşündiriliş berlipdir. Ine, türkmen sährasy şeýle täsin, asty hem baýlyk üsti hem. Şahyryň sähra, gözel tebigatymyz, asty-üsti baýlykdan doly, ýaz aýlary ýaşyl haly ýaly ýaşyl öwüsýän baýyrlarymyzy wasp edfýän goşgulary özbaşyna bir toplumy düzýär. “Sähram”, “Sähram meniň”, “Bagyşla sähram”, “Gün, sähra we men”, “Meniň mekanym”, “Biz türkmenler” ýaly goşgulary. Bular kän, şahyr beýleki goşgularynda hem sähra barada ýygy-ýygydan ýatlaýar.
Biz – türkmenler,
Sähraýy halk, sähraýy,
Sähra dek, älem dek giňdir ýüregmiz.
Sährada garşy alsak, her güni, aýy
Hem-de dostlar, bütin bolsa çöregmiz,
Başga zat däl, şudur, biziň geregmiz –
diýlen setirler bilen başlanýan şygry has hem täsirli. Türkmen toýy, toýda ýigitleriň oýnaýan dürli oýunlary, gyzlaň lälesi, türkmen gojalary hakda bugoşguda has hem mähir bilen söhbet açylýar. “Sähram meniň” atly goşgusynda şahyryň Watana bolan söýgüsi has hem belent derejä galýar:
Söýdüm seniň tikeniňem,
Aşygy däl, diňe gülüň.
Baýramymdyr, buýsanjymdyr,
Parlap dogan her bir günüň
Sähram meniň
Sähram meniň!
Doýman güldür, ýapragyňdan,
Öpdüm söýüp kükregiňden,
Reňk aldym topragyňdan,
Gör, teniňe meňzeş tenim,
Sähram meniň, sähram meniň!
Watana söýgüni şeýle belende galdyran Italmaz Nuryýewiň goşgularynyň ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde ähmiýeti iňňän uludyr. Muny şahyryň Watan waspyna bagyşlanan her bir şygryny okanyňda duýmak bolýar. “Ene toprak” atly goşgy filosofiki oýlanmalara baý, şahyr ene toprak bilen gürleşýer, ony janly hasaplap janlandyrma çeperçilik serişdesini ussatlyk bilen ulanyp, oňa bolan söýgüsini gyzgyn mähir bilen ýüze çykarýar. Şahyr topraga ýüzlenip:
Seni deňär ýaly zat ýok dünýäde,
Agtaryp tapmandy şahyrlaň birem –
diýýär-de, ene topragyň üstünde ýaşaýan, Allatagalanyň gözel ýaşaýyş bagyşlan perzentleriniň käbirleriniň käte ene topraga yza berýändiklerini, käbirleriniň bolsa mähir berýändigin çeper beýan edýär:
Käte saçlaryňda ak görünýär seň,
Ýüzüňe-de ýygyrt düşýär käýarym.
Hernä perzentleriň gyzgyn söýgüsi
Eredýär ýok edýär olaryň baryn.
Şahyryň şu setirlerini okanyňda, yhlas bilen seredilmedik, şorlap duran, käýerleri darka-darka ýarylyp, takyra öwrülen ene toprak göz öňüne gelýär. Bu setirler ynsanlaryň ene topragyň öňündäki borjuny ýatladýar. Şahyr balalaryna Hatamtaý ýaly nygmat eçilýän ene topraga hyzmat etmegi ündeýär. Şahyr liriki “meniň” üsti bilen özüniň ene topraga bergisini ödändigi ýa-da ödemändigi hakdaky sowaly keserdip goýýar:
Menem bir perzendiň…
Ugrasam nirä,
Bu sowal öňümde keserip durdy.
“Saçlaryňa ak sepdimmi, ýa-da men
Aýyrdymmy ýüzüňdäki ýygyrdy?”
Dünýäde jogapsyz galan sowal ýok,
Munuňam jogabyn tapar meň ömrüm.
Emma seniň maňa beren zatlarňy
Yzyna gaýtaryp bilmerin ömrem.
Şahyryň “Aýdym” atly ajaýyp şygry hem ene topraga, ata Watana bagyşlanyp, her bir aňly-düşünjeli ynsanyň topraga bergidardygyny ýatladyp dur. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan bu goşgyny hem şahyr hiňlenip, öz adyndan aýtsa-da, hemmeleriň hem topraga bergidardygyny ýatlatmak niýeti bilen döredipdir. Watany, Ene topragy söýüp, şoňa yhlas etmelidigini, bergidar bolup dünýäden gitmekligiň halal ynsan ogluna gelişmejekdigini adamlaryň kalbyna guýýar. Elbetde, goşgyny okanlar şol borçlaryny ýatlasalar gerek. Goşgudan käbir mysallara ýüzleneliň:
Baharda sähramyň ogşap güllerin,
Gyşda garlaryna oýkap bagrymy,
Daglaryn, çöllerin, deňiz-köllerin
Taryp edip, ýazan wagtym şygrymy,
Hiňlenýän ýene-de özüm-özümden
Öýkeliräk galyp, närazy galyp:
“Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden,
Şu eziz topraga bergidar bolup”…
Şygryň soňky setirlerinde şahyr özleriniň ýaramaz işleri bilen topragy harlaýanlara derek özi gyzarýar:
Hatda kyn pursatda taşlap topragyn,
Namysyn-wyždanyn çalşyp bäş şaýa,
Bu günem utanman, açyp kükregin,
Duşsam gezip ýören näkes bihaýa,
Hiňlenýän gazaply garap yzyndan
Hem onuň deregne gyzaryp, solup:
“Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden,
Şu eziz topraga bergidar bolup”…
Bu setirleriň şygry okanlara borçlaryny ýatlatjakdygy ikuçly däl. Diýmek, goşgy terbiýeçilik babatda iňňän ähmiýetli. Haýsy döwürde dörese-de, hemme döwürler üçin uly ähmiýete eýe. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işleri bitirip biljek pikirler goşgynyň süňňüne siňipdir. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bolsa hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýan beýik borjy. Umuman, öňde goýlan maksat tutuş jemgyýetçiligiň aňyny ösdürmek. Şular ýaly ajaýyp şygyrlaryň her birisiniň aňyrsynda umman ýaly terbiýe mekdebi dur. Bularyň ählisi biziň mirasymyz. Şu ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem ýurdumyzda şu Beýik ýoluň ugrunda gözbaşlary dörän geçmiş mirasymyzyň üsti bilen uly terbiýeçilik işleri alnyp barylýar. Maksat söz we saz ýaragynyň üsti bilen terbiýeçilik işlerini alyp barmakdyr.
Şahyr Atamyrat Atabaýew 2012 ýylda Italmaz Nuryýewiň goşgular ýygyndysyny çapa taýýarlapdyr. Şol kitabyň sözbaşysyny şahyr şeýle başlaýar: “Öz ili, ýurdy, Watany, topragy, dost-ýarlary üçin ýaşan, işlän adamlar halkyň hakydasynda ýaşaýar. Dünýäde iň baky zat – megerem, bu halkyň hakydasydyr. Halkyň hakydasynda ömür öçmejek şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Italmaz Nuryýewdir.” Hakykatdan-da, Italmaz Nury ajaýyp goşgulary, adamynyň kalbyna aralaşýan ajaýyp aýdymlary bilen halkyň hakydasynda ýaşaýar.Onuň ady aýdymlarynda, şygyrlarynda, halkyňýüreginde ýaşaýar.
Bir gezek agamyň ýanýoldaşy Amangül gelnejemiz bilen bir ulaga elimiz galdyryp mündük. Ulagyň radiosynda Italmaz Nuryýewiň aýdymy aýdylyp durdy. Ikimiz sesimizi çakarman aýdymy diňledik, soňam özara söhbet edip, Italmaz hakda gürrrüňleşip başladyk weli, ýaňky sürüji “Siz şahyryň garyndaşlarymysyňyz?” diýip sorady. Men gelnejem bilen tanyşdyrdym, sürüji “Be-e, men kimler bilen duşdum” diýip, örän hoşal boldy. Ulagdan düşenimizde ýolhaky uzatdym weli, “Ýo-ok, men beýle şahyryň maşgalasyndan hak alyp bilmen, ýene-de nirä äkitmeli bolsa aýdaýyň!” diýdi. Ine, şu hem şahyryň halkyň hakydasynda ýaşaýanlygynyň birje mysaly. Beýle mysallar kän. Bu diňe halkyň ýüregine ýol salan şahyrlar hakda şeýle.
Italmaz neresse hyjuwlydy, çalt işlemäge, döretmäge, hemmelere kömek, ýardam bermäge çalşardy, onda mydama birhili howlukmaçlyk bar ýalydy. Muňa onuň goşgy setirlerinden köp mysallar getirmek mümkin:
Köp zat görjek boldum, durman galgadym,
Ejizlere haýpym geldi, agladym,
Güýçlä garap, arzuw-ganat bagladym,
Çyn bolaýsa, kötellerden aşdygym,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym. (“Saňa minnetdar”, 2012, 12 s.).
… Hawa, menem il ýaly arzuwma ýetmek üçin,
Durmuşdaky ornumy tizräk tutmak üçin,
Ýaltanmadym, armadym, synlap çykdym baryny,
Ýedi ölçäp, bir biçdim, dost tutundym birini.
“Elter’ diýip, menzile,
Ýöräberdim şoň bile.
Ýodalar, eý, ýodalar,
Ýodalar, eý, ýodalar. (“Ýodalar”, 16 s.).
Bu barada gürrüň edilende, şahyryň “Hoşlaşyk” atly ýaşlyk bilen hoşlaşýan goşgusyndan hem bir bendini ýatlalyň!
Öňde bolsa garaşyp dur menziller,
“Tizräk ýet!” diýip, owsunýar ýürek.
…Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy,
Arman oň üçinem boş wagt gerek. (”Hoşlaşyk”, 74 s.).
Italmaz Nury il adamsydy. Obadan gelýän myhmanlar göni Italmazyňka düşlärdiler, jaýy ýoklarjaý alýançalar Italmazyňkyda ýaşardylar, ol okuwa gelenleriň hem aladasyny ederdi. Hatda biz talypkak ýygy-ýygydan baryp halymyzdan habar alardy.Ol şol wagtlar “Edebiýat we sungat” gazetinde işleýärdi. Hemme zada ünslidi, bir günem gazetiň sahypasynda ýerleşdirilen suratymyň asyl nusgasyny alyp geldi-de: “Ine, jigim, suratyň, onda-munda bulaşyp ýatmasyn, özüň alaý!” diýip, suratymy getirdi. Şol 60-njy ýyllarda habarçylar gelip, talyplary synaglara taýýarlanyp otyrkalar surata alardylar. Menem, şol wagtlar suratymyň çykanyna birneme ýygrylyp “Näme surata düşüp ýörsüň?” diýermikä diýip, “Men däl bolaýmaýyn” diýsem, “Ýok-la, sered-ä, özüň-ä!” diýdi. Şol surat mende häzir hem saklanýar. Her göremde agamyzy ýatlaýaryn. Halk içinde “Zehinlä kömek etmeli, zehinsiziň özi ýol tapar” diýen gürrüň bar. Italmaz Nury hem şol guýmagursak zehini bilen şol wagtlar Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolan Berdi Kerbabaýewiň nazaryna ilipdir. Şol döwürde ençeme zehinliler M. Gorkiý adyndake edebiýat institutyna okuwa iberilýär. Italmaz hem Mary welaýat gazetinde işläp ýörkä şol ýerden göni şol instituta baryp okap başlaýar. Berdi aga her gezek Moskwa baranda olaryň halyndan habar alar ekeni. Okuwy gutaryp gelensoňlar hem işe ýerleşmäge kömek edipdir.Ahyrda Italmaza jaý almaga kömek beren hem Berdi Kerbaba ekeni. Emma oňa berlen jaýabir çagaly aýal ondan öň giripdir weli, Italmaz ýene garaşmaly bolupdyr. “Aý, çagaly aýaly nähili wyždanym bilen çykaraýyn” diýip gürrüň beripdi. Ondan soň Berdi Kerbabaýew ýene-de ýokary edaralara ýüz tutup, oňa jaý alyp berýär hem-de oňa hiç kim girmez ýaly gulp urdurýar, Italmaza-da şu gezek jaýyňa çalt çagalaryňy göçürip getirmeseň, gaýdyp jaý alyp bilmersiň!” diýip käýinýär.
Ýazyjy-şahyrlarlar biri-biriniň zehinine baha bermegi başarardylar. Kerim şahyr hem Italmazyň zehinine uly baha beripdir. Italmaz neresse aramyzdan gidensoň, bir gezek Kerim Gurbannepesow bilen halk arasyna çykyş etmäge gitmek miýesser boldy. Çykyş gutarandan soňra Kerim aga “Örän gowy çykyş etdiňiz!’ diýip, biraz gürrüňdeş boldy-da, nireden, kimlerden bolarsyň?” diýip sorady. Menem “Italmaz Nurylardan” diýenimde, “Hä-ä, boldy-boldy, aňryňda zehinliler bar ekeni, Italmaz neresse uly şahyrdy” diýdi.
Italmaz Nuryýewiň gözýetimi örän giň, syýasy taýdan hem taýýarlykly şahyrdygyny, dünýäniň haýsydyr bir künjünde gynançly wakalar bolsa, şol halkyň özi bilen deň çekişýändigini goşgularyndan aňlap oturmaly. Beýle goşgular sanardan kän.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Edebi makalalar