|

Şahyr gerek däl

Şahyr gerek däl ŞAHYR GEREK DÄL

(Bir başlygyñ dilinden)

Getirdiler şahyr diýen şum gepi,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.
Obam üçin onuñ ýokdur hiç nepi,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Diýip Gurbangylyç, diýip Pyhy siz
Ýüregime sanjypsyñyz myhy siz.
Wehimi diýbem çekdirýäñiz ahy siz,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Maña bähbit toprak bilen sygyrdan,
Garyn doýmaz, ne peýda bar şygyrdan?
Bärik gadam basaýmasyn çygyrdan,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Bejergi diýp ýörkäk başagaýlykda
Walla, şygyr-pygyr durmaz söýlüp-de.
Geçiripjik düşüräýiñ Göýnükde,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Kemçilik kän, meñzär çaýra, kerebe,
Şahyr ony görse, pürker şerebe.
Derýadan geçiriñ, gitsin Faraba,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Pul bereýin dikeltmäge galany,
Sowsañyz bor başymdan şol belany.
Satirikler — dagyñ gara ýylany,
Jan agalar, maña şahyr gerek däl.

Şükür GURBANOW.

«Watan» gazeti, 1996 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle