«Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy» diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk
"Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk

Janyñ ýakma, däl-ä bagyr azapdan,
Derýa boýlap, düre-sadaba ýetmez.
Pysyrdaşyp uçjak bolşy güzapdyr,
Bagdat aşýan şahyr hatara ýetmez.
Ýagşy söze aşyk gülli maýlary,
Duýman göriplige berlen aýlary,
Haçan görseñ gurulgydyr ýaýlary —
Ýöne bir gezegem atara ýetmez.
Alawa aýlanyp bilmän tütünden,
Nyrhyn sorar ýörer… gidip getirmez,
Hamyrmaýalary ajan setirler ~
Başa iş düşende kepene ýetmez.
Hiç zady ýüzüne almaýan bolsa,
Aryny ýerine salmaýan bolsa,
Halaly, haramy bilmeýän bolsa ~
Düýrme gylja ýetmez,sapana ýetmez.
Ynsan ýaly kyn öwrümli sowat ýok,
Jahan çaýkananda, oña böwet ýok,
Hyrawanyñ harmanynda döwek ýok ~
Mülk edinip, mekan tutara ýetmez.
Sallary gaýdyşyp, etmese toba,
Ene ýere meñzäp, gelmese taba,
Toýlarda-ýaslarda geçmese sana,
Gardaş, olar ata-götene ýetmez.
Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.