Şahu jahanym sende
Şahu jahanym sende
Merw-çakmak daşy, manysy adyñ
Ylym ojagynda tutaşdy oduñ
Ýyldyza ýol ýasar täze binýadyñ
Köşk gurdylar Şahu jahanym sende.
Kimler sańa gelip ylmyn ösdürip
Kimse zulum eýläp ömrün kesdirip
Kimler adalatly häkimlik sürüp
Yz goýdylar Şahu jahanym sende.
Gözýaşlaryn gizläp, içden heñ çalyp
Ýow gününde tebil kakyp çañ çalyp
Dutaryñ taryna geçmişin salyp
Saz goýdylar Şahu jahanym sende.
Kimler iman bilen tutdy dinini
Bilini bek guşap çaldy synyny
Watan diýip terk etdi gylyç gynyny
Baş goýdylar Şahu jahanym sende.
Ylym ýükün çekip eginden egne
Synalañ daglydyr bogundan bogna
Aryflar meñzedip dünýäñ ýüzügne
Gaş goýdylar Şahu jahanym sende.
* * *
Hakyñ didaryn gören,
Suwa meñzeş ejejan.
Köllerde mekan tutan,
Guwa meñzeş, Ejejan!
Ýüzüñ ýygyrt, gasyny,
Señ ömrüñ tagmasymy.
Balam diýen sözleriñ,
Ynjyk kalbyñ sesimi!?
Bir meni däl, hüwdüläp,
Ukladýañ nijeleri.
Ýüñ egrip, jorap örüp,
Geçirýäñ gijeleri.
Saýgylap ýüñ saýyşyñ,
Emgegmi kowýan ýaly.
Soñ, darap sümekleýşiñ,
Bedenim ýuwýan ýaly.
Uzak ýola gidäýsem,
Çörek paýlar sadaka.
Ýolda galan gözleriñe,
Bolaýyn men sadaga.
Käte ýatlap bir zady,
Alyslara bakyp dur.
Gyñajynyñ ujuna,
Göz ýaşyny döküp dur.
Çekindim soramaga,
Nä aglaýañ Ejejan,
Gizläp ýürek hasratyn,
Aglaýardy sojaman.
Köräp dur, oñ kalbynda,
Nägehan uruş ody.
«Uruş»sözünde galdy,
Nijeleriñ perýady.
* * *
Iman, ygrar, hem pespäl,
Sabyr kanagat, hoş hal.
Çyn dostluk hem ýagşy ýar,
Mynasyp Äri küýsär.
Sähralar, ymgyr çöller.
Derýadyr deñiz köller.
Aý-gün, asman, ýyldyzlar,
Abadan ili küýsär.
Ýazgyda çöker dertler,
Sabyrda çeker mertler.
Çarpaýa galan atlar,
Maksatly ýoly küýsär.
Hak zikrin çeker diller,
Ykbala kaýyl gullar.
Inçelen yslam ýollar.
Ybadatkäri küýsär. Goşgular