Şäherli köpegiñ gumly köpege ýollan salamnamasy
Şäherli köpegiñ gumly köpege ýollan salamnamasy
 Ýadyñdamy, bir enedi enemiz?! 
 Ýadyñdamy, bir emmeden emenmiz?! 
 Nädýärsiñ ol ýerde möjekler bilen, 
 Goýun-guzyñyzy iýjekler bilen?! 
 Meniñ hojaýynym garryja baba, 
 Olar girdi diýýär «Gyzyl kitaba»! 
 Küti-küti kitaplary kän onuñ, 
 Ýadyna düşenok çaýdyr-nan onuñ, 
 Haçan görseñ, okap otyr büküdip, 
 Temmäkili müşdügini küküdip! 
 Diýýärler ol bir wagt meşhur bolanmyş, 
 Professorlyk derejesin alanmyş! 
 Henizem höwesek okap-ýazmaga, 
 Her gün ony alyp çykýan gezmäge. 
 Men onuñ yzynda ýalñyz mirasdar, 
 Garaz baýamaga umytjygym bar! 
 Şu umydym başa baraýsa eger, 
 Seni hem ýanyma alaryn, meger. 
 Ine şeýdip birleşeris ýene biz! 
 …Ýadyñdamy, bir enedi enemiz?!
■ MEDALLY KÖPEK
 Ýalpyldadyp medallaryn, 
 Geçip barýar epeý köpek. 
 «Gahryman it! 
 Gahryman it!» 
 Çagajyklar çalýar çapak.
 Ulular sortmakly süñkdür 
 Kolbasajyk gowşurýarlar. 
 «Şu köpek deý bolmak gerek!» 
 Itlerine tabşyrýarlar.
 Bile surata düşýärler, 
 Köne tanyş deýin durup. 
 «Penjäñizi basaýyñ-da?!» 
 Soraýarlar awtograf.
 Rugsat berse tüýündenem 
 Gyrkyl alýarlar edaly. 
 — Aýtsañyzlañ, nädip alyp 
 Bildiñiz munça medaly?! — 
 Diýip, gahryman köpekden 
 Sordym saklap hormatyn. 
 Çawuş çakdy gulagyma: 
 — Dogrujamy diýsem saña, 
 Ählisini aldym satyn!
■ ŞOWSUZLYGA UÇRAN MÖJEGIÑ OÝ-PIKIRLERI
 Görýän welin, üýrüşip, 
 Itler hezil berjek däl. 
 Men ol akmaklar bilen 
 Gemrişibem ýörjek däl.
 Girip başga dersine, 
 Üýtgedäýjek keşbimi. 
 Muny biläýer ýaly 
 Itler beýle düşbümi?!
 Goýun bolaýsammykam?! 
 Bolaýsammykam geçi?! 
 Bolanyna görä, men, 
 Bolaýyn süriñ goçy!
 «Serkerdäñiz men!» diýip, 
 Öñden gider ýörerin. 
 Ýene-de guýruk iýip, 
 Hezil eder ýörerin.
Hemra ŞIR. Goşgular
