|

Säher goşgusy

Säher goşgusy SÄHER GOŞGUSY

Gözlem bilen çümmükleýän asmany,
Kirpigime degýär guşlaň ganaty.
Öwrendim dünýäni bagra basmany,
Joşgundan gursagym gijän halaty.

Guş deýin güsürdäp galýar ylhamym,
Ýüregim pyntyklap başlaýar ýazsam.
Razy men, elewrän her gijäm, daňym,
Setir bolup, dünýäň ýadynda galsa…

Günler küşt deý,
ýeňşi göçümde eken,
Ýeňýär paýhaslylar, barybir, onda.
Durmuş daşymda däl, içimde eken,
Maňa gerek zatlaň bary bar onda.

Bagtdyr, ýagşylykda gözlere ilseň,
Şygyr ýazsaň ýüregiňe deň gelen.
Bagt monjugatdy oýny däl, bilseň,
Bijesine düşmeýär ol hemmeleň.

Öwrendim dünýäni bagra basmany,
Bagtly bolýan köňül joşan halaty.
Gözlem bilen çümmükleýän asmany,
Kirpigime degýär guşlaň ganaty…

Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle