|

Säher

Säher SÄHER

Säher

Halyl Kulyýewe

Dañ agarýar gadym endigi bilen,
Ýüzi ýagty, ýürek maksady aýan.
Tebigata berip säher salamyn
Öz öýümden her gün işe ugraýan. —

Öñden çykýar hoşniýetli adamlar,
Ganat berýär hoşniýetli köñüller.
Ak sähere toý şatlygyn seçip dur
Ýigitleriñ bagty ýaly ter güller.

Bu säher şeýle bir jak-jaklap gülseñ,
Dag-düzler, sähralar ýañlansa gitse!
Ýa-da gygyryplar aglasa birdem,
Ýürekde hasratlar soñlansa gitse!

Emma gaty tolgunamok, aglamok,
Çünki säherlerde adatylyk bar. —
Ýaşyl otlañ jemalyna baglanyp,
Şol bir heñin gaýtalaýar bulaklar…

Bu säher birini bagt bolup öper.
Kime hasrat berer… (Bilýän deñ dälin) —
Bu säher biriniñ doglan günüdir,
Ýogalan günüdir ýa bir bendäniñ…

Tükenmez oýlary hyýala öwrüp,
Gozgaman hiç kimiñ ýürekde derdin,
Tylla Güneşimi ýüzüme sylyp,
Işime ugraýan ýylgyryp her gün.

Döwlet ANNAMYRADOW.

«Sowet edebiýaty» žurnaly, 1987 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle