Şaglawuk
Şaglawuk

Gelen ylham ýaly dökülip dursuň,
Joşgunyň içiňe sygman ýarylan.
Diňe güwläp, diňe güwläp gitmeli,
Maňlaýyňa şeýle ykbal ýazylan.
Şeýle hyjuw bilen çogýan mahalyň,
Hiç kim jylaw salyp bilmez erkiňe.
Buýsanyber ykbalyňa şaglawuk,
Güwläp inmek berilmändir her kime.
Şöhrat ABDYÝEW. Goşgular