|

Şägirt we şarjagaz / hekaýat

Şägirt we şarjagaz / hekaýat ŞÄGIRT WE ŞARJAGAZ

Şägirt we şarjagaz / hekaýat

Günlerde bir gün şägirdi mugallymyndan, näme üçin Injilde beýleki adamlary ýazgarmagyň bolmaýandygynyň ýazylandygyny sorapdyr. Şonda halypasy oglanjygy geň galdyryp, oňa içinde az-owlak hapa bolan adaty şarjagazy uzadypdyr. Mugallymy okuwçysyndan ýerinden turmagy we ol şarjagazy çişirmegi haýyş edipdir. Şägirt gulak asypdyr we şarjagaza ýel bermäge başlapdyr.
Haçan-da şarjagaz birneme çişenden soň, mugallym okuwçysyndan näme görýändigini sorapdyr. Oglanjyk, biraz gabarasy ulalan şarjagazy we onuň içindäki bildirer-bildirmez şekiljigi görýändigini aýdypdyr.
Mugallym oňa şarjagazy çişirmegi dowam etmegi tabşyrypdyr. Şarjagaz ýene-de azak-tenek çişenden soň bolsa ol ýaňky sowalyny gaýtalapdyr. Okuwçy, indi diňe şarjagazy hem-de onuň içindäki ýürekbulanjy hapany görýändigini aýdypdyr.
Soňra oglanjyk şarjagaz çişip-çişip äpet bolýança we iň soňunda-da öz-özünden ýarylýança oňa ýel bermegini dowam edipdir. Şarjagaz batly ses bilen ýarylanda, onuň içindäki hapa çar ýana syçrap gidipdir we okuwçyň lybasyny zer-zaýa edipdir. Aňk-taňk bolan oglanjyk bolsa üsti-başyny hapadan arassalamak üçin başagaý bolupdyr.
Şonda mugallymy okuwça, adaty durmuşda, eger-de adam özgeleriň kemçilikleridir günälerine üntüşigini dikip, özündäki kemter gaýdýan ýerlerini aňşyrmagy bes etse, edil şu şarjagaz bilen bolan ýagdaý ýaly hadysanyň ýüze çykýandygyny aýdypdyr.

© Roman Grigorýew

Çeşmesi: https://fb.ru/post/psychology/2020/2/17/185921. 13.05.2022ý. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle