|

Sagdynyň «Gülüstanyndan»

Sagdynyň "Gülüstanyndan" SAGDYNYŇ “GÜLÜSTANYNDAN ”

Sagdynyň "Gülüstanyndan"

۞ Diline eýelik edip bilmän ýörenlerden bir künçde geplemän oturan kerlerdir lallaram ybalydyr.

۞ Bilýärmiň, agyzdaky dil nedir, eý, akyl eýesi? Dil – senetçileriň dükanynyň açary ýaly bir zat dälmi? Her kim dükanynyň gapysyny açyp, öz harydyny görkezýär. Içerdäki göwherçimi ýa-da jerçimi – gapy ýapykka bilip bolanok.

۞ Akyllynyň öňünde dymmak terbiýäniň nyşanydyr welin, sen ýeri gelende sözlemäni hem bil. Iki zada ynsanyň jyny atlanýandyr: bir-ä geplemeli ýerde agzyňa suw alan ýaly bolmak, birem dymmaly ýerde lakgyldap oturmak.

۞ Merdi-meýdan bolanyňda-da, söweşer bolsaň ýa-ha gaýdyp saňa zerurlygy bolmajak, ýa-da gaçyp gutulyp biljek adamyň bilen söweşgin.

۞ Oýlan, ondan soň sözle we sözüňi “tamamla” diýdirtmezden owal tamamla.

۞ Ynsanyň haýwandan artykmaçlygy – sözlemekdedir. Emma bilip sözlemekdedir. Sözleýän sözüňi bilmeýänden ýene-de haýwan artykmaçdyr.

۞ Syçan tutýan wagtynda pişik arslandyr, emma gaplaňy görende özi syçana döner.

۞ Haýyr üçin sözlenen ýalan gep agzalalyk getirjek çyn gepden gowudyr.

۞ Her sözi patyşaga ýetýän kişiniň gowulykdan özge aýdan ýekeje sözi-de ile zeleldir.

۞ On derwüş bir kilime sygar-da, iki patyşa bir yklyma sygmaz.

۞ Hak bendesi bir çöregiň ýarysyny iýse, beýleki ýarysyny ýoksullara berer. Patyşalar ýedi ülkäni alsalar-da, göwünleri ýene bir ülkäniň höwesindedir.

۞ Zanny ýaman bolan kişi ýagşylaryň nuruny kabul etmez. Bolgusyza terbiýe berjek bolmak – gümmezde hoz goýjak bolýanyňky ýaly gury bir kösençdir.

۞ Şor toprak sünbül öndürmez. Ýamanlara ýagşylyk etmek – ýagşylara ýamanlyk etmek ýaly bir zatdyr.

۞ Men hiç kimiň göwnüne degmejeg-ä bolýaryn, belki muny başararynam. Emma şu göriplere näme etsemkäm? Ol görgülilere degseň-degmeseň, özleri jepa-ezýet içinde…

۞ Nygmat içindekäň dostlukdan söz açyp, “doganjygym” diýýäni dost saýmaga howlukma. Dost – dostunyň goluny perişan, biçäre wagtynda tutan adamdyr.

۞ Mazlumyň ýanan ýüreginiň tütüni häzir duýulmasa-da, magşar gününde onuň zalyma etjegi – ýanar oduň öz üstüne düşen çig ýüzärlige etjeginden beterdir.

۞ Her pursat saňa güler ýüz beren ynsandan şu uzak müddetiň dowamynda birki gezek käýiş eşitseň, oňa tagapyl etmegiň gerek.

۞ Ýa-ha munuň dünýesinde owwaldan wepa ýok, ýa-da bu eýýamda wepa galmandyr, ony bilmedim. Ýöne ok atma ylmyny senden öwrenip-de, iň soňunda ýene özüňi nyşana almajak adamlar şu zamanda gaty az ýaly bolup dur.

۞ Goýun çopan üçin däldir. Gaýtam çopan goýunlaryň hyzmatynda bolmak üçin getirilýär.

۞ Öz çöregiňi iýip, arkaýyn oturmak – altyn kemer dakynyp, hyzmatda gol gowşuryp durmakdan has lezzetlidir.

۞ Özgeleriň aýbyny seniň öňüňe getirip dökýän adam seniň aýbyňy-da özgelere hökman birme-bir ýetirýändir.

۞ Allanyň gapysyndan kowlan bende her ýana ylgar. Emma Onuň çagyran bendesi hiç kimsäniň gapysyna ylgamaz.

۞ Pos gemren demriň kesmegini ýag çalyp giderip bolmaz. Ýüregi gara öwüt bermegiň nä peýdasy bar? Çüý demirden bolany bilen daşa girýärmi näme?

۞ Abadan günüňde ýykylan-entäni golda. Ýoksul göwnüni almak belany başdan sowar. Dilegçi ýalbaryp-ýakaryp durka, oňa bir zat ber. Ejize göwnüňden çykaryp bermedik zadyňy soňra bir zalymyň zor bilen gaňryp almagy mümkindir.

۞ Allany tanaýan bir kesekä Oňa keseki bolan müň garyndaş pida bolsun!

۞ Içiňi hörek bilen doldursaň, ol ýerde magryfet nuruny görmän geçersiň. Burnuňa çenli tym-tykyz dolanyň üçin hikmet babatda boşsuň.

۞ Dünýä malymyz ýokmy – dert-alada galýarys; bar bolsa – göwnümizi şoňa baglaýarys.

۞ Ýoksulyň sabry baýyň yhsanyndan sogaplyrakdyr

۞ Edýäni aýdýanyna eýermeýänem bolsa, okumyş kişiniň sözüni diňle. Ketjal nadanyň laplary boşdur. Ukudaky biri uklap ýatany nädip oýandyrsyn?

۞ Ümmülmez deňiz daş atanyň bilen bulanmaz. Gaharlanýan aryf heniz ýalpak suwdur.

۞ Bir zelele duçar bolanyňda sabyr eýle. Çünki bagyşlamak bilen günäden saplanarsyň. Barybir her närsäniň soňy toprakdyr, onuň üçin toprak bolmadan öňünçä toprak bolaýgyl.

۞ Dana sözlemese zelel geljek pursatda söze başlar we iýmese jany horlanjak wagtda lukma el uzadar. Onuň üçin her sözläni hikmet bolar, her iýeni saglyk bolup siňer.

۞ Adam az iýmegi adat edinse, her gelen kynçylyga aňsat döz geler. Bol-telkilik içinde bakyp-bejerilen kişi sähelçe şata çydaman, zeýrenip öler.

۞ Ýüzünden gar ýagýandan hiç zat haýyş etme – gaýtam pes gylygyndan ynjarsyň. Göwün gamyňy birine aýdar bolsaň, ýüzüni göreniňde rahat tapan adamyňa ayt.

۞ Kä ejiziň eline kuwwat geläýse, ejizleriň goluny gaňryp tutaga-da, towlap başlamasy bardyr.

۞ Nebis azsa, akylly adamyňam gözüni baglaýar. Tamakinçilik guşy-da, balygy-da duzaga düşürýär.

۞ Birewiň ýüregine kine salan bolsaň, soňundan şol kişä ýüz dürli ýagşylyk edenem bolsaň, şol ýeke kinäniň öjünden ägä bolup gez. Peýkam ýaradan çyksa-da, ýürekde awusy galandyr.

۞ Eger bir göwne degen bolsaň, seniňem göwnüňe hökman degler. Gowusy gala diwaryna daş atma, çünki galadan-da daş gelip biler.

۞ Dostlarymyň söhbeti maňa agyr düşýär. Çünki olar meniň bolar-bolmaz häsiýetlerimi hem hil bir zat edip otyrlar. Kemçiligimi ussatlyk hasaplaýarlar, tikenimi gül saýýarlar. Hany, siz nirede, meniň aýbymy ýüzüme basýan içýakgyç duşmanlarym?

۞ Göwne ýaran her zat göze hem hoş ýakýandyr.

۞ Adam gara nebsini ýeňip, şeýtanyň şerinden dynyp biler. Emma şonda-da oňa kümsügiň gara gümanlaryndan gutulma ýokdur.

۞ Bir närsä ýa-da bir kişä aňsat-aňsat göwün baglama. Çünki göwün baglamak aňsat-da, soň aýrylmak kyndyr.

۞ Hemmäňiz öz aýyplaryňyzyň hammalysyňyz. Özgeleriň ýetmezçiliklerini gözläp, azar edinip ýörmäň.

۞ Her işde özüňden üstün kişini tapsaň, muny amatly pursat saý. Özüň bilen bir gürpdäkilere wagtyňy sarp etmejek bol.

۞ Bir ýoksuz ýek görülýän ýüz dürli işi etse-de, bulary bilip ýörenem, ýaýradyp ýörenem kän bolmaz. Emma soltanyň eden ýekeje betnam işi bütin ülkä aýandyr.

۞ Manysynyň her jähetden dogry boljagyny ölçäp-dökmän söz sözleme. Gaýtargysynyň gowy bolmajagyny bilýän sözüňi-de aýtma.

۞ Ýer ýüzüniň iň kiçijik dagy – Turdur. Emma Allanyň huzurynda iň belent bolanam ýene şoldur.

۞ Adam ogullary bir göwräniň agzalarydyr. Sebäbi diýseň barysy şol bir gönezlikden ýaradylandyr. Pelek şol agzalaryň birine dert getirse, beýlekisiniň höziri gaçar. Eý, özgeleriň derdini ünji edinmeýän! Saňa ynsan diýmek ýaraşmaz…

۞ Bakjanyň gülünde beka (bakylyk), gül möwsüminde wepa ýokdur. Onuň üçin danalar aýdypdyrlar: “Paýany bolmadyk zat göwün baglanyňa degmez” diýip. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle