|

Sagdynlygyñ we ruhubelentligiñ syry

Sagdynlygyñ we ruhubelentligiñ syry

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ SYRY

Bir obada üç dogan ýaşapdyr we olar talabanlyk edip gün-güzeranlaryny dolapdyrlar.
Gyş günleriň birinde doganlar çölde odunlyk agaç ýygnaýarkalar ýabyly adam geçip barýar eken. Ol bendäniň halys surnugandygyny, sus görünýändiginden aňmak kyn däl eken. Doganlaryň ortanjysyndan özgesi oňa pitiwa  bermän öz işleri bilen meşgul eken. Ol ýabyly nätanyşa edep bilen salam beripdir-de oda ýylynmagy we çaý içmegi teklip edipdir. Nätanyş teklibi göwünjeňlik bilen kabul edipdir. Biraz dem-dynç alypdyr,  çaý içipdir we ýigide öz minnetdarlygyny bildiripdir. Soňra ol:
— Arzuw-hyýallaryň bar bolsa aýt ogul, onuň wysal bolmagyna belki meniň delalatym ýeter? — diýip, ýigide ýüzlenipdir.
— Janym sag, ruhum belent bolsa özge işleriň hötdesinden gelerin. Köp minnetdar ata — diýip, şonda ol ýigit jogap beripdir.
Bu gürrüňi eşiden beýleki doganlar nätanyş kişiniň daşyny gallap  ýüreklerinde besleýän  hyýallaryny oňa aýdanmyşlar.
Şeýlelikde, doganlaryň howbahary bir süri mally, körpesi uly baýlygyň eýesi bolupdyr.  Görmegeý ýigide öwrülen doganyny olar  kynlyk bilen tanap, baýlygyň, mal-mülküň arzuwuny etmändigi üçin oňa igenipdirler.
Bu wakadan bäri birnäçe ýyl geçende sebite gurakçylyk aralaşypdyr. Doganlaryň ulusynyň dowarlary horlukdan  we köpçülikleýin ýaýran hassalykdan gyrylypdyr.
Doganlaryň körpesi zähmet çekmän gazanan baýlygyny tygşytsyz harçlap garyp düşüpdir.
Sagdyn, gujurly we ruhubelent görünýän doganlaryň ortanjysy heniz hem öz zähmeti bilen gün-güzeranyny dolaýarmyş.

Şahymerdan SARY OGLY.

Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle