|

Sagadym

Sagadym SAGADYM

Sagadym

Diwarda zaňly sagadym,
Gel, anyk wagt belleşeli.
Garaşara ýok takatym,
Ýol ugura gürleşeli.

Bileje ýaşasak-da öýde,
Bileräk deň ýöremedik.
Bolup bilmän hem bir köýde,
Bir-birege garamadyk.

Sen-ä gaçdyň, menem kowdum,
Ýeter ýaly däl yzyňdan.
Gitdigiçe meniň kowgym,
Peseldi gitdi gün-günden.

Men-ä goltugym kitaply,
Seň jüwi telefon eliňde.
Düwme basyp barýaň batly,
Geň tehnikalar egnigde.

Ikimiz öňe ýöredik,
Men kä yza garasam-da,
Sen diňe öňe seredip,
Garramaýaň, garratsaň-da.

Haýran men, zaňly sagadym,
Bir säginmän eňişiňe!
Yzyňdan ylgap ýadadym,
Boýun, seniň ýeňişiňe!

2021 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle